moonlight
14.11.2022 07:09
Adamyň beýnisi bolmajak ýa-da ýok zady öýlap tapyp bilenok. Bu diýmek nämäni aňladýar; Adamyň kellesine gelip biljek islendik fantaziýa, ýa-da hyýal, öňde soňda hökman hakykata öwrülýär. Belki geçmişde bolandyr, belki gelejekde bolar? A megerem biziň wagtymyzda bir ýerlerde bolup duran bolmagy hem mümkin?

Üç guýy obasy, Jeren atly 15 ýaşly gyz. Ol gyzyň göwnüne Nazar atly oglan ýaraýar, Aman sandykçyň iň uly ogly. Ol 18 ýaşynda, Jereniň gözi bilen seretseň obaň iň owadan oglany. Eýsem ol oglan Jerene gerekmi? Hökman gerek, diňe şol oglanyň üsti bilen Jeren öz ýüreginde dörän boşlygy dolduryp biler. Ýürekde boşluk nirden döreýär eýsem? Nirden döresede bir günde döränok, ýuwaş ýuwaşdan döreýär. Ýuwaş ýuwaşdan sen düşünýäň, sen başga adamlardan bir ädim yzda. Ýuwaş ýuwaşdan seň ejeň ýaramaz ada eýe bolýar we sen oň kölegesinde galýaň. Ýuwaş ýuwaşdan, bar zat ýuwaş ýuwaşdan.
Kakasy aýrylanda Jeren 8 ýaşyndady, oň näme üçin aýrylanyny hiç kim bilenokdy. Ejesi hem gyzyna hiç zat düşündirmedi, bar aýdan zady "seň kakaň bizi taşlap gitdi". Şoň üçin Jereniň ýüreginde azajyk öýke-kine galan ýaly boldy, hamala kakasy dogrudanam öz islegi boýunça ony we oň ejesini taşlap giden ýaly. Kakasynyň yzynda galan emlägini, näme üçindir ejeli gyz örän çalt gutardylar, kaka diri wagty olar nämäň nirden gelip nirä gidýäni bilen işleri ýokdy, ýöne kaka taşlap gitdem welin bar zat öňküsinden iki esse çaltlykda tamamlanýan ýaly boldy, ony hiç zada düşünmeýän Jereniň ejesem aňdy. Kakasynyň taşlap gidenini eşiden möjek sürüleri olaryň mallaryny iki esse çaltlykda talap başladylar. Näme üçindir öz ajalna ölýän mallaram köpeldi. Hatda ýaz wagty guýynlar we geçiler hem öňküsinden az guzladylar, owlakladylar. Şeýdip bir ýyla galman dul heleýiň maly pytrady. Yz ýanyndan bolsa garyplyk başlady, oň nämedigni bolsa Jeren uzagyndan gowy bildi.

Köp kösenen adam özini ykbaldan algyly hasaplaýar, ýöne ykbalyň hiç kime bergisi ýok. Muny 15 ýaşly gyz nirden bilsin? Jereniň hem ykbaldan algysy bardy, soňky 5-6 ýyl bäri gelýän kösençlikleň öwezini bir zat hökman dolaýmalydy. Ol hem Nazar atly oglan bolmalydy, obaň iň owadan oglany. Oba kän bir uly däl, bary ýogy 150-200 öýli, adamlar bir birini tanaýarlar. Ýaş gyzlaryň baryny ýekän ýekän tutup, obada haýsy oglan iň owadan diýip sorasaň, olaryň köpisi Nazar diýip jogap berjekdi. Jeren hem şol oglany isledi, ýöne ony gowy görýäni üçin, ýa-da söýýäni üçin däl-de, ol obaň başga gyzlaryna ýaraýany üçindi. Nazar obaň bar gyzlarynyň içinden diňe Jereni saýlaýar, diýmek gyzda bir zat bar, ol görünşi ýaly ýönekeý däl. Ine Jereniň öz salgysyna eşidesi gelýän sözleri. Ýöne ol arzuwlar ýaz düýşleri ýaly hakykatdan gaty daşdy. Ýöne Gürleýän guýyda Zümerret atly näbelli biriniň peýda bolmagy bar zady üýtgetdi.

Gyz öz küýzesini alansoň köp wagyt geçdi, bolan waka ýarym düýş ýaly duýulyp göründi. Jeren bolan zady içinde saklap bilmän öz jorasyna aýdyp bermäge synanşdy, ýöne jorasy gorkdy we wakany doly diňläsi gelmedi. Jeren wakany kimdir birine aýdyp berme höwesini ýitirdi. Ol her gezek gürleýän guýyň ýanyna baranda Zümerret ýadyna düşdi. Oň sypatyny göz öňüne getirjek boldy, ýöne näme üçindir Ýaşyl daşdan ýasalan dik duran, kuwatly oglan göz öňüne geldi. Ol özüne owadan diýipdi, ol Nazardan owadanmyka, —diýip Jeren kä mahallar oýlanýady. Günleriň bir güni agşam-ara Jereniň ýoly guýa tarap düşdi. Ol giçlik suw almaga gidenokdy, ýöne şu gezek gitmeli boldy....

Dowamy bar..
13
165
Olka
15 Noýabr 2022
Gowy hekaya yzyny hacan goyyañ
ebru
14 Noýabr 2022
Gowyy hekaýa👍👍
butterfly
14 Noýabr 2022
👍......
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.