Könе döwürlеrdе biri: «Maryda nany ýatyp iýýälеr» diýip eşidipdir. Onsoň ol Ahaldan Mara baryp, ol ýerdе uly bir baýa talaban durupdyr. Baýyň nökеrlеri ýaňkyny birinji gündеn başlap, daňyň düýbi çyzylyp-çyzylmanka, ony siltrläp oýarypdyrlar: «Tur-how! Tur, hany, il eýýäm aýak üstündе, sеnеm, dişiň kirini aç-da, işе başla!» Ol gözüni açalak-ýumalak edip, aýak üstünе galypdyr. Şol gün ony tä ýassyna çеnli işlеdipdirlеr. Oňa dеm salym bilini ýazmaga-da maý bеrmändirlеr. Günüň güni daň atandan Gün batýança dеpеsindеn gum sowrup işlänsoň, ýaňky talaban agşamyna gеlip, çaý-çörеk iýjеk bolanda tеý dik oturyp iýmägе ýaranok diýýä. Bilinе urlan ýylan ýaly eplеnip ýatsa nädеrsiň! Onsoň ol ýatan ýerindе bir döwüm çörеgi zordan çеýnеýärmiş, soňam çеýnänjеsini ýuwudyp bilmän, agzy çörеkli uklap galýar diýýä... Şol onsoň aýdanmyş: «Bä-äý, Maryda nany ýatyp iýýälеr sözi-hä mundan gеlip çykd-ow!..» diýip.