moonlight
02.03.2023 14:26
Gitme geçen ýollaryňa täzeden,
Yza dolanmaga gelmäniň üçin.
Gitme,
Ýürek barlygyňa öwrenişdi
Söýgi duralgaňda egläniň üçin.
Gitme,
Didelermiň gören bagtyny,
Gussaly bir buşluk bilen çalyşyp.
Gitme,
Başarmarsyň uzaklaşmagy
Söýgim saklar ýollaryňa çolaşyp.
Gitme,
Maňa getiren bu bagtyňy
Ýalňyz götermegi başarmaz gerden.
Gitme,
Söýgiň gözlerimde ýaş goýup
Nalamaýyn sensiz ykbaldan her dem.
Gitme,
Seniň bilen dünýäniň demin
paýlaşýakak,
entek ýetýäkä sabyr
Gitmesene,
Gözümiň öňünde ýaşa,
Entek gazylmanka garaňky gabyr.
13
51
moonlight
28.02.2023 14:22
Bir wagtlar ylymdan ýüki ýetik beýik alym bolupdyr. Alym medresesinde talyplara ders bermekden başga wagt söwda bilenem meşgullanýan eken. Ol täjirleriň üsti bilen uzak ülkelere kerwen ýollaýan eken.
Günleriň birinde ussat talyplara sapak berip otyrka, bir adam gelip, oňa şeýle diýýär:
– Tagsyrym! Bize seniň harydyňy getirýän gäminiň gark bolandygy barada habar geldi. Gynansak-da, harytlary gämiden alyp bilmändirler.
Alym birbada sapagy togtadýar. Şol pursat talyplar onuň çalaja ýylgyrandygyny görýärler. Soňra ussat hiç zat bolmadyk ýaly, sapagyny galan ýerinden dowam edýär.
Bir hepdä golaý wagt geçenden soň, ussat hemişekisi ýaly talyplara sapak düşündirip otyrka, geçen gezekki gelen adam gapydan girýär:
– Tagsyrym, buşluk! Gark bolan gämi seniň ýüküňi getirýän gämi däl eken. Siziň harytlaryňyz ýüklenen gämi sag-aman gelipdir.
Ýene geçen gezekki ýagdaý gaýtalanýar. Alym çalaja ýylgyrýar-da, sapagyny dowam etdirýär.
Talyplar ussatlarynyň bu bolşuna haýran galýarlar. Olar alymdan:
– Näme üçin siz erbet habar gelende-de, gowy habar gelende-de şol bir bolşuňyzy üýtgetmediňiz?! Ýöne ýylgyryp oňaýdyňyz. Munuň hikmeti nämekä? – diýip soraýarlar.
Parasatly alym şeýle jogap berýär:
– Gäminiň gark bolanyny eşidenimde, men nebsim bilen ýüzbe-ýüz boldum. Öz-özüme «Indi men geldi-geçer dünýe baýlygy üçin, mazarymda ýoldaş bolmajak zatlar üçin gynanýanmy?!» diýip soradym. Şonda kalbymda zerre ýaly ahmyryň ýokdugyny görüp begendim, Alla şükür etdim. Gäminiň gark bolmandygyny eşidenimde bolsa, dünýe malyny ýygnaýanyma-da zerre ýaly begenmedim. Alla alanda peselmedim, berende-de eselmedim. Munuň üçin Beýik Biribaryma şükür etdim.
16
104
moonlight
26.02.2023 14:14
«Hemme zat şowuna bolsa, diýmek, kimdir biri seniň üçin dileg edýändir».
Sen ýeteňok,
Ýalňyz özüň dünýämi,
Gum-gukluk eýlediň, harap eýlediň.
E-heý, ykbal, sen ýene-de oýnuňda
Salgymda saldarlap,
Karam eýlediň!
Sen ýeteňok,
Ählije zat ýerbe-ýer,
Şol asman, şol Zemin, köne tanyşlar…
Ýap boýunda zaryn sesimi diňläp,
Düşündiler maňa tozgasy pytran,
Saçyn üten telbä meňzeş gamyşlar…
Sen ýeteňok,
Göwün tarym poslady,
Doňup galan tarlaryna heň gonmaz.
Eksem dilim bilen, bitse bolsady…
Barybir, hemme zat düzüw bolsa-da…
Hemme zat bolsa-da…
Seň ýeriň dolmaz.
Gülşirin Hanowa.
20
83