«Hemme zat şowuna bolsa, diýmek, kimdir biri seniň üçin dileg edýändir».
Sen ýeteňok,
Ýalňyz özüň dünýämi,
Gum-gukluk eýlediň, harap eýlediň.
E-heý, ykbal, sen ýene-de oýnuňda
Salgymda saldarlap,
Karam eýlediň!
Sen ýeteňok,
Ählije zat ýerbe-ýer,
Şol asman, şol Zemin, köne tanyşlar…
Ýap boýunda zaryn sesimi diňläp,
Düşündiler maňa tozgasy pytran,
Saçyn üten telbä meňzeş gamyşlar…
Sen ýeteňok,
Göwün tarym poslady,
Doňup galan tarlaryna heň gonmaz.
Eksem dilim bilen, bitse bolsady…
Barybir, hemme zat düzüw bolsa-da…
Hemme zat bolsa-da…
Seň ýeriň dolmaz.
Gülşirin Hanowa.