moonlight
22.03.2023 10:31
Ir döwürler derwüşleriň biri arzyny mälim etmek üçin hökümdaryň huzuryna barypdyr. Gat-gat binanyň, aýlaw-aýlaw galanyň gapysynda bir derwezeban duran eken. Derwüş ondan özüni hökümdaryň ýanyna goýbermegi soraýar. Emma derwezeban yönekey geýimli derwüşe kanbir gabak galdyrmayar, «Hökümdaryň ýanyna girmekçimi? Sen kim?» diýip soraýar. «Meni tanaňokmy?» diýip derwüş dillenipdir. Derwezeban «Ýok» diyip, başyny ýaýkapdyr. Derwüş: - A sen kim? diýipdir. Ol: - Men derwezeban. - Senden beýik kim bar? - Garawulbaşy. - Ondan beýik kim bar? - Serkerdebaşy. - Ondan beýik kim bar? - Wezirlerbaşy. - Ondan beýik kim bar? - Hökümdar. - Hökümdardan beýik kim bar? - Hudaý. - Hudaýdan beýik kim bar? - Hiç zat. - Ana, men-dâ şol hiç zat - diýip, derwüş jogap beripdir. Derwezeban bu söze aňk-taňk bolupdyr, näme diýjegini bilmän birsellem ýuwdunyp durupdyr. Soňra özünden ululara ýagdaýy mälim edipdir. Bu sözi eşidenleriň her biri haýran galypdyr. Şeýdibem, Hudaydan "uly" hiç zat hökümdaryň huzuryna barypdyr. Göwnüň demirden bolsa-da, ýüregiň daşdan bolsa-da, her bir kişini iň bolmanda adam mertebesi üçin bir syla. «Aý olmy, kimmişin ol, ol meniň üçin hiç zat» diýen ýaly duýgular özüňe aşa göwnüýetijiligi oýarýar. Içi çüýrük agaçlara we adamlara bolsa «köwek» diýilyâr. Göwnümize hiç zat yaly görünyân adamlaryň Hudaýdan beýik dâldigini bilsegem, iň bolmanda özümizçe bardygyny bir boýun alalyň.
15
76
moonlight
15.03.2023 16:16
Kimdir birini yitirmekden gorkman.. Size durmusda gerek bolan adamy siz yitirmersiniz. Dine size synag ucin iberilyanler yityandir. Ykbal tarapyndan iberilyanler galyandyr...
14
82
moonlight
14.03.2023 18:54
..Durmuş Kiselýowyñ "Algebrasy" däl,
Durmuş algebradan çylşyrymly has.
Onda ýalñyşmagam asla güna däl,
Onda ýalñyşmazlyk üçin ýalñyşýas..

G.Ezizow
11
61
moonlight
12.03.2023 11:25
Ýerleşmese göwnüm içre hasratym,
Harasatym hakydama ýaň salsa.
Görejim gamaşsa ýagtylykda,
Ýa,
Tümlügiň içinde gözüm baglansa.
Ynsabyma dogry gelse edýänim,
Hut şonu-da başa geýen täç saýsam.
Çola ýerde umyt bilen oturyp,
Bulam-bujar pikirlerden saplansam.
Ýatlamany ýagyş kimin ýagdyryp,
Halas bolsaň tupan içre gaýykda.
Dünýä arka diräp ýeňleseň,
Onsoň,
Jahana nazarňy salsaň beýikden.
Gussadan bezigen ýüzlere garap
Bagt seçseň goşawuçlap her kime.
Özüňçe hiňlenseň ýumup gözlerňi
Älemiň owadan, näzik heňine…
Eýse, diňe asmanda däl, gözde-de.
Uçgunly ýyldyrym çakýan ekeni.
Men şeýlebir haýran galdym düşünip:
Asmany owadan görkezmek üçin
Ýyldyzlar özüni ýakýan ekeni.

Gülnar Geldimyradowa
10
53
moonlight
10.03.2023 12:23
Meniň bir aýdymym bar,
Aýdylsada diňlenmeýän,
Özümden başga hiňlenmeýän.

Meniň bir ýolum bar,
Gideni getirmeýän,
Ýakynyňa ýetirmeýän.

Meniň yşgym bar, ýanyp
Küllerinden dogulmaýan.
Ýöne başymdan sowulmaýan.

Meniň bir arzuwym bar,
Hiç haçan hasyl bolmaýan,
Ýöne solmaýan.

Meniň bir öýüm bar,
Penjiresinde guşlar saýramaýan,
Üçeginden tümlük aýrylmaýan.

Meniň bir özüm bar,
Hiç haçan tanalmaýan,
Ýitirseň tapylmaýan.

Aýsapar EMELOWA
15
99
moonlight
09.03.2023 07:29
Ýene howa garalyp, ýagyş çisňäp başlady,
Leýlisaçlar eda bilen saçlaryny çöşledi.

Beýle pikir etmändim men bu golaýda, bu çakda,
Birden agyr oýa batdym ölüm hakda, sen hakda.

Oýa batdym: Ýoklugymda öňküsi deý ýagar ýagyş,
Gunçalaň agzyny açar, aýnamyza çeker nagyş.

Dag tarapdan taýyp geler ýaşyl şemal, näzik şemal,
Niçik oýa batarsyň sen meniň ýoklugymda şo hal?!

Geldi şonda göz öňüme bir perişan halyň seniň,
Edil şunky howa ýaly, syýa ýaly şalyň seniň.

Hesretiň gara deňzinde gark bolup ýörüşiň seniň,
Mensiz galan bu dünýäni dowzah deý görüşiň seniň.

Diýdim şonda öz-özüme: “Eý, ýok zatlaň pikrin eden,
Heý, ýary şu halda taşlap, gidip bormy bu dünýeden?”


Gurbannazar EZIZOW
12
73
moonlight
07.03.2023 22:16
Söýgimiz ýaz bolup dursa,
Çemen girer aramyza.
Soñra galyñ, mata-marlyk,
Tümen girer aramyza.

Ýürek awlap ogry ýaly,
Bu işimiz dogry ýaly...
Ýitirmesek dogry ýoly,
Kerem girer aramyza.

Geldik ençe menzil söküp,
Gepe gitseñ birje köpük,
Aýralyk derdini çekip
Gelen girer aramyza.

Nädip özümize dözýäs?
Boş sözden döreýär gözýaş,
Diýmän juwan, gelin-gyz , ýaş -
ýeleñ girer aramyza.

Niçik bolar?
Yzymyzmy?!
Sen Hak ýalkan gyzy misli,
Perzent atly ysy misli
Erem girer aramyza.

Kän bor bizi aýra saljak,
Ýeñiñ çyzgap, bolgun galjañ,
"Men bilen sen" diýip ýazsam,
"Bilen" girer aramyza.

Baky AMANÝAZOW.
11
61
moonlight
06.03.2023 10:57
Dünýä bazaryna çykdym men bu gün,
Hyrydary bolup juda köp zadyň.
Gözläber,
saýlaber islegňe görä
Bardyr munda özi
tapsaň bor adyn.
Aljakmy sen töläp ýoňsuz bahany
Taryh jümmüşinden gelen kitaby.
Ynha datsaň şumerleriň şeraby,
Ýa-da faraonlaň gutaby.
Bu öwrümde satylyp dur daraklar,
Ýasalypdyr olar süňkünden piliň.
Hyrydary bolsaňyz—guluň zynjyry,
Zynjyrdanam agyr okuwdyr bilim.
Seret munda geljek,
geçmiş satylýar.
Gülki,
agy,
aýdym,
Etmiş satylýar.
Ömür,
ölüm,
Gala,
gorgan satylýar.
Nika ýüzük bilen ýorgan satylýar.
Bu zeminiň üsti,
Deňiziň düýbi,
Çaganyň reňki,
Geliniň düýşi,
Akyllyň agysy,
Akmagyň huşy,
Ejizlik satylýar dyzyny epen.
Satylýar kepen,
Satylýar içgi,
Satylýar içki...
Bu gyzan bazarda bahaladýan ýok
Satylsa-da ynsan,
Ynsap.
Ähli zat satylýar ýalandan,
çyndan.
Gorkýan ýok bazarda
Hudaýdan,
jyndan.
Sebäbi olaňam bahasyn biri,
Alandyr el basman,
Satýanlaryň özi özüni bir çak
Satandyr ahmal...
Bahaladyp gördüm ýeriñ şaryny,
Mugt diýdiler,
Kime gerek beýle biderek haryt?
Başga zat almaga pulum ýetjek däl,
Mugt zat almasa meň ýaly garyp.
Özüm bilen el basyşdym,
Söwdalaşdym,
ylalaşdym,
Indi alyp gidýän zemini öýe.
Indi ol meniňki,
meniňki düşün!
Söwdaňyzy başga ýerde ediň siz,
Düşüň...

Orazguly Annaýew.
13
64
moonlight
05.03.2023 10:33
Kabir adamlaryn yamanlyk edjek bolup eden isleri, hemise ozlerine bolyandyr..
11
54
moonlight
03.03.2023 23:17
Şatlyk ýazjak seň ýoluňa,
Bagta gussa düşelmez-ä!
Solup galan meň roýuma
Senden özge düşünmez-ä!

Alasarmyk gezip nije
Ýalňyz kalbym ezip nije
Şygyr ýazsam düşnüksizje,
Senden özge düşünmez-ä!

Bil, "ýakyn" näme?,
"del" näme?
Syrdaş gerekdir hemmäge
"A" diýäýsem, "B-e" diýmäge,
Senden özge düşünmez-ä!

Dymma - garap güňlügime!
Seret - her bir ümlügime!
Sensiz ýaşan tümlügime,
Senden özge düşünmez-ä!

Garap galdy ýola - dide
Gelip halym sora-ide
Men bir syrly piramida,
Senden özge düşünmez-ä!


Ylham GURBANALYÝEW
05.03.2023
14
80