Dünýä bazaryna çykdym men bu gün,
Hyrydary bolup juda köp zadyň.
Gözläber,
saýlaber islegňe görä
Bardyr munda özi
tapsaň bor adyn.
Aljakmy sen töläp ýoňsuz bahany
Taryh jümmüşinden gelen kitaby.
Ynha datsaň şumerleriň şeraby,
Ýa-da faraonlaň gutaby.
Bu öwrümde satylyp dur daraklar,
Ýasalypdyr olar süňkünden piliň.
Hyrydary bolsaňyz—guluň zynjyry,
Zynjyrdanam agyr okuwdyr bilim.
Seret munda geljek,
geçmiş satylýar.
Gülki,
agy,
aýdym,
Etmiş satylýar.
Ömür,
ölüm,
Gala,
gorgan satylýar.
Nika ýüzük bilen ýorgan satylýar.
Bu zeminiň üsti,
Deňiziň düýbi,
Çaganyň reňki,
Geliniň düýşi,
Akyllyň agysy,
Akmagyň huşy,
Ejizlik satylýar dyzyny epen.
Satylýar kepen,
Satylýar içgi,
Satylýar içki...
Bu gyzan bazarda bahaladýan ýok
Satylsa-da ynsan,
Ynsap.
Ähli zat satylýar ýalandan,
çyndan.
Gorkýan ýok bazarda
Hudaýdan,
jyndan.
Sebäbi olaňam bahasyn biri,
Alandyr el basman,
Satýanlaryň özi özüni bir çak
Satandyr ahmal...
Bahaladyp gördüm ýeriñ şaryny,
Mugt diýdiler,
Kime gerek beýle biderek haryt?
Başga zat almaga pulum ýetjek däl,
Mugt zat almasa meň ýaly garyp.
Özüm bilen el basyşdym,
Söwdalaşdym,
ylalaşdym,
Indi alyp gidýän zemini öýe.
Indi ol meniňki,
meniňki düşün!
Söwdaňyzy başga ýerde ediň siz,
Düşüň...
Orazguly Annaýew.