moonlight
moonlight
23.04.2023 11:28
Söý meni! Ýürekden üzülen duýgym Täzeden silkinip gelsin özüne Seniñ söýgüñ ýanyp duran kalbymyñ Söndürsün ga:ldyrman ýeke közünem. Söý meni mundan öñ söýülmedik deý Kuwwatlansyn, bu bedenim ýene-de.
moonlight
moonlight
22.04.2023 12:54
#Motiwasiýa
moonlight
21.04.2023 10:55
Goward Şulz "Starbucks" kofesyna ýönekeý işgär bolup geldi we 2 esse az aýlyga razy boldy. Haçan-da 1987-nji ýylda Starbucks eýeleri kofe firmasyny satlyga goýanda Goward ony satyn aldy. Gowardyñ satyn almak üçin puly ýokdy. Ol banklardan kredit almak isledi, banklar 242 gezek, Şulza kredit bermekden boýun gaçyrdy. Emma ol bes etmedi 243-nji gezekde bankdan kredit almagy başardy. Häzir Starbucks bahasy 2millard dollardan gymmat.

#birazmotiwasiýa.
26
101
moonlight
20.04.2023 07:17
Kalbymda bir kine bar
Hiç günüme goýmaýar,
Her gün müň dürli öwsüp,
Pikirlermi oýnaýar.

Kine barha şineläp,
Ýüregim tutup barýar,
Göýä, ýalançy dünýä
Sessizje utup barýar.

Mazasy ýok baglaryň,
Mazasy ýok ertirleň,
Bu bolşuma agladym,
Bu durşuma ýesir men.

Ýesiri men kinäniň
Ol menden ökde gelýär,
Bildirmejek bolsamam,
Derdim has beterleýär.

Göýä, asuda ýatan
Umman gaýa garaşýar,
Gussalar kalba çökýär,
Gülki bilen ýaraşman.

Ah, olar döwür gurap,
Alypdyrlar çar ýanym,
Bu gidişde näm boljak?
Örän, örän gorkýaryn.


Bägül ATAÝEWA.
18
54
moonlight
18.04.2023 19:53
(Seýitmyrat Geldiýewe)

Ýadyma şo-ol şat çagalyk döwrümi
Salar ýaly goşgy okap bersene!
Meniñ mydam mähre teşne göwnümi
Alar ýaly goşgy okap bersene!

Gürzüsin aýlanda otly ýyldyrym,
Arş elden gaçyrmyş yşky-bulguryn
Ýagyrnysyn süýnüp barýan ýyllaryñ,
Çalar ýaly goşgy okap bersene!

Soñky günler etek-alty, ýeñ ýedi,
Şygyr okaşmaga elim degmedi..
Şo-ol şygryñ-a ýüregimde jigledi..
Şolar ýaly goşgy okap bersene!

Ýüregiñ bar ýüregime ýanaşyk
Gideýin men duýgulañda azaşyp,
Sekiz jennet lezzetinden azajyk
Çiler ýaly goşgy okap bersene!

Günleriñ sessizje hoşlaşýanyny,
Baharyñ golaýlap, gyş geçýänini,
Entek öz-özümden daşlaşmanymy
Biler ýaly goşgy okap bersene!

Kakamyrat Rejebow.
18
63
moonlight
16.04.2023 17:39
Sen gidensoñ ýaşaýyşyñ
Ak garasy deñ boldy.
Üýtgäp dünýä garaýyşym
Maña bar zat geñ boldy!

Durmadym kän gürläbem
Kemäberdi gülmämem
Ala gohly dünýämem
Ses sedasyz sem boldy!

Bilmän näme aýdanym
Nirden kemter gaýdanym?!
Söýüp diñlän aýdymym
Bir düşnüksiz heñ boldy!

Gözlerim elek-çelek
Terse aýlanýar pelek.
Düýnki şadyýan melek
Haly harap teñ boldy?

Diýdiñ gara gözleriñ
Özgelere dözmerin...
Şol derman deý sözleriñ
Gör kimlere em boldy!

Ýakyp yşgyñ kitabyn
Syrdyñ ýüzden nikabyñ
Gol tutuşan nikalyñ
Aýt kim boldy? Kim boldy?

Awtor:Nurekowa Gülnäz
19
274
moonlight
08.04.2023 06:34
Ýeke gezek "seni söýýän" diýäý-dä,
Ömrümi bagş etjek señ şol sözüñe
Beýle-de bir ejizlemek bor eken,
Haýran galýan soñky günler özüme.

Ýeke gezek "seni söýýän" diýäý-dä,
Sabyr-takadyñam bar ahyr çaky.
Öñ bir dymma, düñdürme bir oglandym
İndem meñ adyma dakdylar sa:ky.

Ýeke gezek "seni söýýän" diýäý-dä,
Ak telpegim gaýsyn açyk asmanda.
Näme üçindir şu sözüñe howlugyp,
Telbe başym günde ýüz müñ ahwalda.

Ýeke gezek "seni söýýän" diýäý-dä,
Ýylgyrşyñ bagtymdyr, dymyşyñ jebir.
"Diýemde diýmämde näme" diýýäniñ,
Señ üçin iki söz, meñ üçin ömür.

Sädi Sädiýew.
18
95
moonlight
05.04.2023 06:45
Ykbal seni alyp gider mensizem,
Mensiz ýaşap biljegiňe ynanýan,
Ýöne şol durmuşda gazanjak bagtyň
Mensiz doly bolmajagna gynanýan.

Mensiz günler akar durar çeşme deý,
Mensiz ýagar ýagyşlaryň, garlaryň,
A men bolsam, gidip bilmän kalbyňdan,
Onuň çogly aýasynda galaryn.

Mensiz özgär maňa bolan garaýşyň,
Belki, gözleňdäki durkumam dagar,
Ýöne käte, basmarlanda ýekelik,
Kalbyň, meni küýsäp, ses edip aglar.

Mensiz geçjek ömrüň meni köýdürer,
Oňa çydamaly boljagmy bilýän...
... Hemme zat düzeler,
Düzeler bar zat,
Diňe mahal-mahal daralar dünýäň...

Çary Ataýew
21
80
moonlight
27.03.2023 06:39
Ýene-de oýamyñ gijäñ ýarymy?
Ýene-de depäñe ýakynmy asman?
Ýene-de dört diwar gysyp-gowuryp,
Ýene-de bimaza edýärmi gussañ?

Ýene bir nokady gözlerin bilen
Düşäýjek bolýañmy? Ýüregiñ go:rmy?
Kalbyñ dyrmalanyp, göwnün döwülip,
Başyñ dumanlymy? Gursagyñ darmy?

Ýene ýel düşdümi naçar ýüregñe?
Damarlañ dartylyp, kirşe döndümi
Birsydyrgyn günler ýaly pikirler
Çakylyksyz gelip, ukyñ böldümi?

Köñlüñ kapasadan boşaýsam diýip,
Ýöne el-aýagyñ bagly ýalymy?
Ýene-de birahat edýärmi dünýä,
Ýene-de oýamyñ gijäñ ýarymy?..

Sapa Hommadow.
15
80
moonlight
24.03.2023 23:15
Garaş ýene bir azajyk,
Sabryñ soñy sap altyndyr.
Göwnüñem heniz çagajyk,
Elinden tut-da galkyndyr!

Aýna bak-da goşgy oka,
Agla içiñi gowzadyp.
Öwrenişdiñ-ä hyk-çoka…
Gysdyñ dişlerñi owradyp.

Adam gutular adamdan,
Adam pälinden gutulmaz.
Hakyñ paýhasyn dadanlar,
Munda hiç-haçan utulmaz!

Aýaweri, amanatdyr,
Amanatdyr bu şirin jan.
Ýaman pikir gabahatdyr,
Goýaweri, Gülşirin jan!

Gülşirin Hanowa
14
70