Ykbal seni alyp gider mensizem,
Mensiz ýaşap biljegiňe ynanýan,
Ýöne şol durmuşda gazanjak bagtyň
Mensiz doly bolmajagna gynanýan.
Mensiz günler akar durar çeşme deý,
Mensiz ýagar ýagyşlaryň, garlaryň,
A men bolsam, gidip bilmän kalbyňdan,
Onuň çogly aýasynda galaryn.
Mensiz özgär maňa bolan garaýşyň,
Belki, gözleňdäki durkumam dagar,
Ýöne käte, basmarlanda ýekelik,
Kalbyň, meni küýsäp, ses edip aglar.
Mensiz geçjek ömrüň meni köýdürer,
Oňa çydamaly boljagmy bilýän...
... Hemme zat düzeler,
Düzeler bar zat,
Diňe mahal-mahal daralar dünýäň...
Çary Ataýew