moonlight
29.04.2023 16:37
Gapyñyzda toý tutulýar dilberim
Hany yşgyñ messewi hem wepasy,
Seni haýsy pelek urdy, bilmedim.
Köñlümiñ soltany, yşgymyñ şasy.

Hany seniñ "söýýän" diýen dilleriñ
Gapyñyzda toý tutulýa dilberim.
Hany yşgyñ messewi hem wepasy
Kesekiñ bagtynyñ üstünde şeýdip,
Mydam toý toýlaýar dünýäñ mesleri.


Tylla gupbañ başyñdaky şajygañ
Ýüzde desmal bagrym,üzre pajygam,
Seni haýsy pelek urdy dilberim,
Meni haýsy pelek urdy dilberim,
Bile bilmedim, bile bilmedim.

Başyñdaky kürte da:şdan kapasa
Başyñdaky kürte maña kependir.
İndi bu jahanyñ bary hem ýogy,
Saña-da des deñdir, maña des deñdir.

Başyñda gök kürte, gyzyl o:t kürte
İndi bu dünýäde bagtym ýok kürte.
Gök kürtäñ içinde ýanyp barýansyñ,
Gök kürtäñ içinde täleýe gargap,
Gök kürtäñ içinde äleme gargap.

Bir gujak ter çemen, dähedem-dessem
Şagalañ hem şowhun, şadyýan sesler
İndi bu jahanyñ bary hem ýogy,
Saña-da des deñ, maña-da des deñ.

Gelin gelýär diýip gygyrýar millet
Ýaryñ gitdi diýip bagyrýar kalbym.
Gelinalyjy maşynlar düýt-de düýt,
Kyýamatyñ zogun çalýar ysrapyr.

Gyz gidip barýar, gyz gidip barýar.
Jahanyñ şalygyn özünde jemläp,
Jahanyñ şatlygyn özünde jemläp
Jahanyñ bagtyny özünde jemläp,
Äkidip barýar, äkidip barýar.

Şol gün şeýdip aýrylyşdy ýolumyz.
Señki toýa bardy, meniñki ýa:sa.
Maña dünýäñ şagyzyny söýdürip,
Köýdürip, bagrym ga:na öýdürip,
Seni rowa gördi kesekä ýa:da
Meni bolsa, örtelerdi perýada.

Bir gujak ter çemen, dähedem-dessem
Bir gujak ser çemen, dähedem-dessem
Şatlyk şowhun, çapak, çalýar halaýyk
Meniñ betbagtlygym, sen niçik eziz,
Meniñ betbagtlygym, neneñ owadan,
Meniñ betbagtlygym, niçik ajaýyp..

Saparmyrat Türkmenbaşy.
21
113
moonlight
29.04.2023 10:24
Bir gün sende sorasalar men hakda,
"Men bilemok birzatlar boldy" diý!
Ýene gaýta gaýta sorag berseler,
"Meniň birje sözüm üçin öldi" diý!

Ol näme söz sorasalar ýene-de,
"Ol durmuşdan geregini aldy" diý!
"Bir men bilen bir ömüri geçirmek
Bar islegi, bar arzuwy şoldy" diý!

"Ony däl-de arzuwlarymy saýladym.
Ol hakynda pikirlerim söndi"diý
"Ýok-ýok gorkmaň ol entegem ýaşap ýör
Diri halda ömür baky öldi" diý!

Awtory:??
26
102
moonlight
moonlight
28.04.2023 23:40
İsleseñ müñ sany mümkinçilik bar, islemeseñ müñ sany bahana..
moonlight
moonlight
28.04.2023 10:18
Bahasyna seretmän zat aljak bolsañ, onda sagadyña seretmän işle..
moonlight
moonlight
27.04.2023 06:04
Bir adam näçe pesgöwünli bolsa, göwni şonça-da köp ýykylar..
moonlight
moonlight
26.04.2023 16:51
Bilýäñmi?Men seni nähili söýýän Yüregime möhür edip adyñy. Men öñler şeýle bir gedemdim gedem Ejizletýän eken söýgi adamy. Bilýäñmi?Men seni nähili söýýän Söýýarin ýürekden päk duýgym bilen Çyn
moonlight
25.04.2023 09:55
O günler şeýle bir tiz geçdi ýa-da
Şeýlemikä bagtly günleñ ykbaly?
O günler şeýle bir tiz geçdi göýä
Tüpeñden atylyp çykan ok ýaly.

Köñül-ganatlary gyrylan guş deý,
Uçmaga hiç ýana edenok meýil.
Ol ajaýyp günler şeýle tiz geçdi,
Üstümden garlawaç kölgesi deýin.

Häzir meñ şeýle bir sussum pes, hatda
Aglara agy ýok, gülere gülki
Ýatlamalar galdy o günler hakda,
Ýürek sende galdy göwräm özümki.

Şol şat günler hasrat bolup bu beýnä
Guýulyp, aklym has goýalan ýaly,
Gezip ýörün bir ajaýyp düýş görüp
İñ oñat ýerinde oýanan ýaly.

Atamyrat Atabaýew.
22
49
moonlight
moonlight
24.04.2023 11:43
Surat barada näme aýdyp bilersiñiz?
moonlight
moonlight
24.04.2023 07:20
Bir gün hasyl bolar eden arzuwyñ Başyñ göge ýeten ýaly bolarsyñ Şonda giñ jahana gözüñi aýlap, Arzuwlarym hasyl boldy diýersiñ.. Bilbil Saparowa.
moonlight
moonlight
23.04.2023 20:43
Hakykat elmydama ýakymly däldir, her ýakymly sözem hakykat däldir..