moonlight
25.04.2023 09:55
O günler şeýle bir tiz geçdi ýa-da
Şeýlemikä bagtly günleñ ykbaly?
O günler şeýle bir tiz geçdi göýä
Tüpeñden atylyp çykan ok ýaly.

Köñül-ganatlary gyrylan guş deý,
Uçmaga hiç ýana edenok meýil.
Ol ajaýyp günler şeýle tiz geçdi,
Üstümden garlawaç kölgesi deýin.

Häzir meñ şeýle bir sussum pes, hatda
Aglara agy ýok, gülere gülki
Ýatlamalar galdy o günler hakda,
Ýürek sende galdy göwräm özümki.

Şol şat günler hasrat bolup bu beýnä
Guýulyp, aklym has goýalan ýaly,
Gezip ýörün bir ajaýyp düýş görüp
İñ oñat ýerinde oýanan ýaly.

Atamyrat Atabaýew.
22
49
Dovlet Ashyrov
25 Aprel 2023
👍.......
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.