moonlight
29.04.2023 16:37
Gapyñyzda toý tutulýar dilberim
Hany yşgyñ messewi hem wepasy,
Seni haýsy pelek urdy, bilmedim.
Köñlümiñ soltany, yşgymyñ şasy.

Hany seniñ "söýýän" diýen dilleriñ
Gapyñyzda toý tutulýa dilberim.
Hany yşgyñ messewi hem wepasy
Kesekiñ bagtynyñ üstünde şeýdip,
Mydam toý toýlaýar dünýäñ mesleri.


Tylla gupbañ başyñdaky şajygañ
Ýüzde desmal bagrym,üzre pajygam,
Seni haýsy pelek urdy dilberim,
Meni haýsy pelek urdy dilberim,
Bile bilmedim, bile bilmedim.

Başyñdaky kürte da:şdan kapasa
Başyñdaky kürte maña kependir.
İndi bu jahanyñ bary hem ýogy,
Saña-da des deñdir, maña des deñdir.

Başyñda gök kürte, gyzyl o:t kürte
İndi bu dünýäde bagtym ýok kürte.
Gök kürtäñ içinde ýanyp barýansyñ,
Gök kürtäñ içinde täleýe gargap,
Gök kürtäñ içinde äleme gargap.

Bir gujak ter çemen, dähedem-dessem
Şagalañ hem şowhun, şadyýan sesler
İndi bu jahanyñ bary hem ýogy,
Saña-da des deñ, maña-da des deñ.

Gelin gelýär diýip gygyrýar millet
Ýaryñ gitdi diýip bagyrýar kalbym.
Gelinalyjy maşynlar düýt-de düýt,
Kyýamatyñ zogun çalýar ysrapyr.

Gyz gidip barýar, gyz gidip barýar.
Jahanyñ şalygyn özünde jemläp,
Jahanyñ şatlygyn özünde jemläp
Jahanyñ bagtyny özünde jemläp,
Äkidip barýar, äkidip barýar.

Şol gün şeýdip aýrylyşdy ýolumyz.
Señki toýa bardy, meniñki ýa:sa.
Maña dünýäñ şagyzyny söýdürip,
Köýdürip, bagrym ga:na öýdürip,
Seni rowa gördi kesekä ýa:da
Meni bolsa, örtelerdi perýada.

Bir gujak ter çemen, dähedem-dessem
Bir gujak ser çemen, dähedem-dessem
Şatlyk şowhun, çapak, çalýar halaýyk
Meniñ betbagtlygym, sen niçik eziz,
Meniñ betbagtlygym, neneñ owadan,
Meniñ betbagtlygym, niçik ajaýyp..

Saparmyrat Türkmenbaşy.
21
113
balkan_gyzy
30 Aprel 2023
Moonlight 👍👍👍
menesa___
30 Aprel 2023
Kesekiň bagtynyň üstünde şeýdip,
Mydam toý toýlaýar dünýäň mesleri...
gulshatayewa97
29 Aprel 2023
Gowy görýän gosgylarmyň biri Maral Durdyýewany diňläňde hasam duýgylandyrýa
moonlight
29 Aprel 2023
ichki_dunyam_officiall,hawa
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
29 Aprel 2023
ichki_dunyam_officiall, Maral durdyýewaň agla ýüregiň aýdymy gowy aýdypdyr
ichki_dunyam_officiall
29 Aprel 2023
Maral Durdyyewa bolmaly.yalnys gidipdir.
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
29 Aprel 2023
ichki_dunyam_officiall, dogry
ichki_dunyam_officiall
29 Aprel 2023
Mark durdyyewa öñ aydym edildi.
Myrataly
29 Aprel 2023
On okap gormandim
Islamcik
29 Aprel 2023
tuweleme gowy gosgy👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.