moonlight
10.07.2023 15:20
Sen geldiň,
Özgerdi dünýäm,
Telbe boldum akyl-huşsuz.
Özümiň çyn täleýime
Seniň gözleriňde duşdum.
Asmana çekip keşbiňi,
Tapdym seni ýüregimden.
Durmuşyň düýpsüz deňzinde
Halas etjek küregim sen.
Gelseň, älem ýazdyr maňa,
Gitseň, ýürek aglar sessiz.
Dünýäni saňa bermişem,
Maňa seniň yşkyň besdir!
Kakamyrat REJEBOW
15
38
0
moonlight
09.07.2023 10:39
Özüň bilýänsiň…
Men seň bilen Islandiýa gitjekdim,
Arzuwymyz Reýkýawige uçmakdy.
Il-günden söýgümiz ýaşyryp ýörkäk,
Tanalmaýan ýerlerimiz — uçmahdy.
Öwha ýelleň, sowuk suwlaň ýurduny
Saýlapdyk kartada oturşyn halap.
Bugartmak isläpdik howrumyz bile
Buz tutan aýnasyn bir myhmanhanaň…
Syýahat etjekdik,
hökman gitjekdik,
Ýanardaglaň, geýzerleriň mesgenne.
Stadionda owfullaşyp, güýjeýän
Island janköýerleň meşhur seslerne
Ses goşup görjekdik, gygyryp bile.
Ol ýerlerde toý tutmagam asan-a.
Aşgabatdan galkjakdyk biz bileje,
Alkyş aýdyp uçarlary ýasana.
Uçmadyk.
Gitmedik.
Toýam tutmadyk,
Özara paýlaşdyk Islandiýanam:
Seň ýüregňe onuň sowugy doldy,
Meniň bolsa magma ýaly ýanýanym
Özüň bilýänsiň.
Seýitmyrat GELDIÝEW.
19
68
1
moonlight
08.07.2023 11:11
1.100 ayaldan soradyk 1673 jogap aldyk.Soran soragymyz ýatdan çykdy.
2.Aýdyp bereýin Mona Lisa portretiniň näme üçin beýle halanýanyny,sebäbi:Aýal geplänok.
3.Düýn açary ýatdan çykaryp gapyny pul bilen açjak boldum açylmady diýmek puluň hem açyp bilmeýän gapysy bar eken.
4.Balkanlylar gowylyk eder deňize atarlar.Biz nirä atmaly inni?
5.Beýlede rol oýnamaň durmuşda...Soňunda "Oskar" berilenok.
6.Hany bir adam bardyr: Göwnüne degip bilmersin,Gaty görip bilmersiň barlydyna şükür ederisiň ana sol adam Mendä
7.Gije gorkanymyzda ýorgany kellamize çenli çekip ýatarys...Ogry geler bu kellesine cenli cekipdir yorganyny muňa hic zat degmäýin diýip gider)).
8.Otursam içim gysýa
Gezsem ýadaýan
Hiç zat etmesem kellam agyrýa meňki gaty kyn
9.Gaharyňa konrtollyk etmek:
Eger gaharlanan adamyň özüňden kiçi bolsa 10-a cenli sananyňdan soň gepläp başla
Eger ýaşyň deň bolsa 30-a sana
Eger uly bolsa 50-ä sana
Eger aýalyň bolsa sanaber sanaber....
10.Alma=witamin
Witamin=akyl
Akyl=okuw
Okuw=diplom
Diplom=iş
Iş=pul
Pul=söýgi
Söýgi=alada
Alada=gaýgy
Gaýgy=hassalyk
Hassalyk=ölüm
Inni sorag alma iýjekmi?
53
608
8
moonlight
05.07.2023 10:53
5-6 ýaşlaryndaky caga oyun oynap durka bir matany ýyrtýar. Ejesi gaty gaharlanyar we agşam kakasy işden gelende çagasyny urup, jeza hökmünde elini dañyp irdene çenli bir otagda saklaýar. İrden bolanda çagañ elleriniñ gögerenini görüp hassahana alyp gityarler, yone eyyam giç...gangrena bolupdyr. Operasiya bilen çagañ 2 elinem kesip çagany bejeryaler. 2 günden soñ kakasy puşman bolan şekilde öýe girýär we ogluny görüp gaty gynanyar. Çaga kakasyna seredip: \" KAKA BU GÜN HİÇ HİLİ GARAGOLLYK ETMEDİM, İNDİ ELLERİMİ BERÄÝ HAÝYŞ\" diýýär..
14
100
6
moonlight
23.06.2023 21:38
Seni söýdüm.Söýüp bir gez beýgeldim
Seni söýdüm. Has giñedi bu dünýäm.
Öz ýeñles gylygma gazaply boldum.
Öz durmuş ornuma indi düşünýän.
Adamlara has ynamly garadym
Ýeñiş bilen tamam boldy gözlegim
Kyn pursatym medet berdi kalbyma,
Jadyly däl- seniñ ynsan gözleriñ.
"Kim men?". Jogap tapman şu günlere çen
Seni söýüp, kimdigimi bildim men.
Ýeñil gopdy başyñdaky öýme dek,
Diýdim: "Ejiz bu dünýäde söýmedik!"
Seni söýüp göz ýetirdim bir zada
Kynçylyk ýok,
Ejizlik bar dünýäde..
Gurbannazar Ezizow.
22
50
3
moonlight
23.06.2023 18:37
Dünýäň ähli baýlygyna,
Çalşyp bilmedigimsiň sen.
Gyýylma bitaýlygyma...
Gowşup bilmedigimsiň sen.
Duýgulam ýaşaýar entäk,
Köreýän yşkymy ýelpäp,
Bu ýollarda selpäp-selpäp,
Duşup bilmedigimsiň sen.
Säher durmaz aklygyna,
Ynsan ötmez päkligine,
Henizlerem ýoklugyňa
Alşyp bilmedigimsiň sen.
Ötdi ýaşlygym nalaýa,
Aýt bizi näme baglaýar?
Nika, öý hem bir täleýe,
Duşup bilmedigimsiň sen.
Ogulnur ATAÝEWA
15
47
3
moonlight
22.06.2023 19:25
Äpişgäni açyp ýagyşly günde
Jahana ümsümlik giräýen çakda,
Otyryn saýlanyp, ýagyşy synlap.
Diñe sen hakda.
Geläý, mähribanym, al-elwan geýnip,
Goşa ýüzügmiziñ taýyny dakda.
Düýşüm, huşum boldy ençe ýyl bäri
Diñe sen hakda.
Toýda, märekede ýa-da ekranda,
Goşa juwan göze ile pursatda.
Oýlanýan şolarda görüp gözüñi
Diñe sen hakda.
Käte gussalamdan sowulmak üçin,
Gidýän başga ýurda, bolýan uzakda.
Alyslarda barha artýar oýlarym
Diñe sen hakda.
Sebäp ömrüm, durkum bir saña bagly,
Bir-birekden näçe aýra bolsak-da,
Galdy mende hemişelik bu oýlar
Ýalñyz özüñ hakda,
Diñe sen hakda..
16
44
3
moonlight
01.06.2023 19:26
Sag gulakdan girdi serime adyñ, Çep gulakdan çykyp gitdi huş onsoñ. Ýitdi ýörär ýolum. Gowam bolaýdy! Çünki uçýan boldum saña duşamsoñ.. Mukam Muhamow
10
59
1
moonlight
23.05.2023 22:03
Ýürek päk bolsa dilden gowy sözler çykar..
24
78
2
moonlight
20.05.2023 14:40
Her ýerde, her hili wagtda bagtly bolmak mümkin, ýöne her kim bilen däl..
17
89
1
Yene yükle