Özüň bilýänsiň…
Men seň bilen Islandiýa gitjekdim,
Arzuwymyz Reýkýawige uçmakdy.
Il-günden söýgümiz ýaşyryp ýörkäk,
Tanalmaýan ýerlerimiz — uçmahdy.
Öwha ýelleň, sowuk suwlaň ýurduny
Saýlapdyk kartada oturşyn halap.
Bugartmak isläpdik howrumyz bile
Buz tutan aýnasyn bir myhmanhanaň…
Syýahat etjekdik,
hökman gitjekdik,
Ýanardaglaň, geýzerleriň mesgenne.
Stadionda owfullaşyp, güýjeýän
Island janköýerleň meşhur seslerne
Ses goşup görjekdik, gygyryp bile.
Ol ýerlerde toý tutmagam asan-a.
Aşgabatdan galkjakdyk biz bileje,
Alkyş aýdyp uçarlary ýasana.
Uçmadyk.
Gitmedik.
Toýam tutmadyk,
Özara paýlaşdyk Islandiýanam:
Seň ýüregňe onuň sowugy doldy,
Meniň bolsa magma ýaly ýanýanym
Özüň bilýänsiň.
Seýitmyrat GELDIÝEW.