moonlight
25.08.2023 09:51

Söýmek sungat bolsa, sen ýüregimiñ iñ gowy eserisiñ..

33
50
moonlight
24.08.2023 12:41

Kalbymy gaplaýyp süýji hyýala

Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam

Müňde alkyş okap senli ykbala

Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam


Garaňky gijeleň aýy sen janym

Barlygym, baýlygym, şuglaly aýym

Seni maňa köp görmesin Hudaýym

Bagt ekeni saňa garaşmaklygam


Gülüp gez sen, kül ykbaly gül edip

Göwnüm joşýar saňa şygyr döredip

Indi sensiz ýaşama ýok hez edip

Bagt ekeni saňa garaşmaklygam


Ýylgyrşyň barlygy saz edip biljek

Barlygyň ömrümi ýaz edip biljek

Mydam gujak gersin kalbyň deý geljek

Bagt ekeni saňa garaşmaklygam.


Senli ömür sowulmajak döwrandyr

Senli ömür bakylyga dowamdyr

Seni maňa serpaý eden Allamdyr

Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam


Bagtygül Tekäýewa

19
54
moonlight
23.08.2023 17:54
Şeýle bir ýürekdeş gürrüň edeli,
Bar zat hakda dogry pikir ýöredip.
Men-a saňa özümmikäm öýdeýin.
Senem özüňi gör, maňa seredip...

Meniň bu hyň berip duran kellämem,
Baş atyplar ýetişmesin sözüňe,
(Baş näme, janyňam bagyş etseň bor,
Saňa şeýle dünýäsini dözene).

Men goşgy ýazsamam «dymma» diýdiler,
«Gedemem» diýdiler, tanaman, bilmän.
Hemme üýşüp, meň göwnümi tapanok,
Men nädip taparkam göwnüni hemmäň?!...

Sen-ä «mydam görsem» diýýän, käte-de,
Senden başgalary görmäsim gelýär.
Gelsene, ýürekdeş gürrüň edeli,
Ah, meniň şeýle bir gürläsim gelýär.

Aýgül GARAÝEWA.
27
111
moonlight
21.08.2023 11:02
\"Kim meniň sünnetimi adamlara ýaýratsa Allah (j.j.) onuň ýüzüni nurlandyrsyn\"

-Hz Muhammet (s.a.w.)

50 sünneti

1)Sessiz aglamak

2)Eşigi çykaranyňdan soň eplemek

3)Haýbatly görünmek

4)Söýýän adamyňa ony söýýändigiňi aýtmak

5)Çagalaryň başyby sypamak

6)Namazy wagtynda okamak

7)Söhbet etmek

8)Bagyşlamak

9)Pespäl bolmak

10)Öýe gireniňde öý boß hem bolsa salam bermek

11)Sürme çekmek

12)Söwdada bazarlyk etmek(gaýt-goý etmek)

13)Gowy ys çalynmak

14)Işlemek

15)Edilen gowylyga sagbolsun aýtmak

16)Naharlaryň üstüni ýapyp goýmak

17)Ýüňli owadan eşikleri geýinmek

18)Gaty uzyn geýinmezlik

19)Jaýryk stakandan(käseden) suw içmezlik

20)Gygyryp gaty sesli gülmezlik

21) Ak we ýaşyl eşik geýinmek

22)Kelemli nahar iýmek

23)Ölümi ýatlatmak

24)Ýeri gelende geplemek

25)Süýt içmek

26)Ýoldaky päsgeli aýyyrmak we aýaga çolaşyp biljek zatlary gyrada goýmak

27)Saçakdan doýmankaň turmak

28)Tertipli bolmak

29)Azany diňlemek

30) Nahary iki wagtyna iýmek

31) Nahara duz bilen başlamak

32)Nahardan soň we suw içeniňden son Elhamdulillah diýmek

33)Naharyň arasynda doga okamak

34) Nahara Bissimila bilen başlamak

35) Saçaga oturmankaň eliňi yuwmak

36)Nahara ulylardan oň oturmazlyk

37) Nahara gowy ajykmankaň oturmazlyk we doýmankan turmak

38)Naharda galyndy goýmazlyk we iýýän gabyň düýbüni syryp iýmek

39)Saçaga dökülen owuntuklary sag eliň şehadat barmaga bilen iýmek

40)Saçakda gök önüm we sirke goýmak

41)Nahardan soň süýjülik iýmek

42)Nahary ýuwaş-yuwaş iýmek

43)Nahary ýerde oturup iýmek

44)Çöregi iki el bilen bölmek

45)Aşgazanyň 3den birini nahar,3den birini suw,3den birini howa bilen doldurmak

46)Naharda gowy temalardan gepleşmek

47)Nahary öz öňüňden iýmek we başgalaryň iýmitine seretmezlik

48)Gyzgyn nahary üflemlemän iýmek

49) Paýlaşanyňda köp bolan bölegi beýlekä bermek

50)Ýamanlyga ýagşylyk bilen garşylyk görkezmek.
28
95
moonlight
19.08.2023 23:12

Osmanly imperiýasy döwründen galan tikinçi gaýçysynyñ ýüzünde ýazylan hat:" Her eliñi gysan bilen dost. Her janyñy ynjydan bilen duşman bolma!"..

23
86
moonlight
19.08.2023 12:42
⚫Adam bir ýylyň dowamynda 10 million gezek gözüni gyrpýar.
⚫Bir milliard sekunt — ol.takmynan,37 ýyla barabardyr.
⚫Robinzon Kruzo adam aýagy sekmedik adada 24 ýyl ýaşapdyr.
⚫Bary-ýogy 1 gram altyndan uzynlygy 3,5 kilometr bolan sim almak
mümkin.
⚫Ilkinji gezek Oskar baýragy 1929-njy ýylyň 16-njy maýynda gowşuryldy.
⚫Leonardo da Winçi «Mona Lizanyň» dodagyny çekmek üçin 12 ýyllap iş edinipdir.
⚫Amerikan statistikasynyň berýän maglumatlaryna görä, mobil telefonynda erkekler aýallara garanyňda köp gepleşýärler. ⚫Amerikaly erkek kişiler bir aýda ortaça 438 minut, amerikan zenany bolsa 377 minut mobil telefonynda gepleşýär. Ýöne adaty, simli, öý telefonynda aýallar erkeklere görä göni iki esse köp gepleşýärler.
⚫Atly ýadygärliklerde eger atyň iki öň aýagy hem ýokary galan görnüşinde şekillendirilen bolsa, onda bu onuň üstündäki adamyň söweşde wepat bolandygyny aňladýar. Eger atyň bir aýagy galdyrylan bolsa, onda ol adam söweşde alan agyr ýarasyndan ölendigini, eger atyň dört aýagy hem ýerde bolsa, onda ol adamyň öz ajalyna aradan çykandygyny aňladýar.
⚫Şarikli ruçkalar ilkinji gezek 1945-nji ýylda satuwa çykdy. Şonda onuň
12 dollar bahasy bardy.
⚫Puşkinde 70 epigraf bar. Gogol we Turgenýew 20 epigraf ulanypdyr.
⚫Gyzgyn suwuň sowuk suwa garanyňda agramy agyrdyr.
⚫Eger 111 111 111 sany edil özüne köpeltseň, onda şunuň ýaly täsin sanlar emele gelýär: 12 345 678 987 654 321 (sanlar tertip boýunça ilki ulalýar,
soňra kiçelýär).
⚫Kosmosa uçan ýeke-täk är-aýal— amerikan astronawtlary Jen Dewis we Mark Li dagy boldy. Olar 1992-nji ýylyň 12-20-nji sentýabrynda kosmosda bolan «Endewer» kosmiki gäminiň ekipažynyň hataryna girdiler.
⚫Iň gysga wagtlyk uruş 1896-njy ýylda hasaba alnypdyr. Şonda Angliýa Zanzibara hüjüm edýär, onuň goşuny bary-ýogy 38 minut söweşipdir.
⚫Dünýäde iň köp ýaýran we iň meşhur at — Muhammet.
⚫Moskwanyň 1 millionynjy ýaşaýjysy 1837-nji ýylda doglupdyr.
⚫Şwesiýada 300 müň adam Karlson (ýa-da Karlsson) familiýasyny göterýär.
⚫Aýakgaplaryň ölçegi 1792-nji ýylda aýakgap ussasy Jeýms Smit tarapyndan oýlanyp tapylypdyr.
⚫Garynjalar hiç wagt uklaýan däldirler..
⚫Amerikanyň Wirjiniýa ştatynyň ýaşaýjylary Karolina we Ralf Kamminsiň maşgalasynda ýedi çaga bar. Olaryň 5-siniň doglan güni 20-nji fewraldyr. Ýok, olar bäşem çaga däl. Olar dürli ýyllarda şol bir günde doglupdyr.
⚫Kompakt-disk ortadan gyra okalýar, ýöne ýazylanda — gyradan orta.
⚫Ortaça bir aýal ömrüniň dowamynda 2 kilogram dodak pomadasyny ulanýar.
⚫Iň uly sana sentilon diýilýär. Bu sanyň 600 sany noly bar. Ol 1852-nji ýylda ýazylypdyr.
⚫Dünýäde iň meşhur zenan ady — Annadyr. Häzirem millionagolaý zenan şol ady göterýär.
⚫Adamlaryň 97 göterimi eline täze ruçka alanda, ilki bilen, öz adyny ýa familýasyny ýazýar. (sizem şeýlemi?)
⚫Beýik Hytaý diwaryny diwar kagyzlary bilen ýapmak üçin 15 840 000 sany kagyz düýrmegi gerek bolar.
30
162
moonlight
18.08.2023 00:00

Kemsinmän ýaşaber öz-özüñ bolup

Nesip etse kem-kem arzuwña ýetip,

Bütin dünýäñ söýmegini isleme

Bir ynsan dünýä dek söýse şol ýetik..

22
52
moonlight
16.08.2023 19:33

Oglanjygyñ her elinde bir alma bar ekeni. Ejesi oña: " Almalaryñ birini maña beräý" diýipdir. Oglanjyk muña mähetdel ilki bilen bir elindäki, soñra bolsa beýleki elindäki almany dişläpdir. Muny görüp, enäniñ ýüzi bozulypdyr. Ol oglunyñ almany özüne dözmänligini erbet ýokuş görüpdir. Onsoñ oglanjyk dişlän almalarynyñ birini ejesine uzadyp, "Eje, al, şu has süýji ekeni" diýipdir. Şonda ejesi haýran galyp, ogluna näme diýjegini bilmän, ýuwdunyp duruberipdir.


Durmuş tejribäñiz näçe köp hem bolsa, adama baha bermäge gezek gelende alñasamañ! İlki bilen şol adamyñ özüni diñläñ. Size aýdylan gürrüñlere ynanyp, derrew belli-külli karara geliji bolmañ!

31
69
moonlight
15.08.2023 17:10

Duýdansyz gelýär gowy pikirler,

Bagtyñ duýdansyz gelişi ýaly..

29
78
moonlight
14.08.2023 14:26

Men şu wagta çenli ýüzden gowrak biznese el urdum.Hiç birinde-de işim ugruna bolmady.Indi gidip kelleriň ýurdunda dellekhana açjak.Olam ugruna bolmasa,soň özümi asjak.


Sygyr öri meýdana otlamaga gidip barýan wagty,öňünden garynja çykypdyr.Sygyr:

-Garynja,nireden gelýäň?

-Öri meýdandan gelýän!

-Öri meýdanyň oty nähili?

-Örän oňat.Meniň dyz boýumdan gelýär!


Suwenir-bu şeýle bir zat,ony siz hiç wagtam öz ýaşaýan ýeriňizden satyn almaýaňyz.


Bir binanyň ikinji gatyndan ýykylan adam ýerde ýatsa,onuň ýanyna biri gelip:

-Gowulykmy,näme boldy?

-Aý bilmedim.Menem şuwagt geldim!



Hormatly agzalar sîzî oglumyz "Custom" gyzymyz "Napsternet"-îň "VIP" toýuna "CONFİG" welaýatynyň "SERVER" kôçesîndâkî "KODLAR" kafesinde 80 günden soň boljak toý-dabarasyna gelmegiňizi haýyş etýârîs! Hormatlamak bîlen "VPN" agaň maşgalasy.

57
419