Oglanjygyñ her elinde bir alma bar ekeni. Ejesi oña: " Almalaryñ birini maña beräý" diýipdir. Oglanjyk muña mähetdel ilki bilen bir elindäki, soñra bolsa beýleki elindäki almany dişläpdir. Muny görüp, enäniñ ýüzi bozulypdyr. Ol oglunyñ almany özüne dözmänligini erbet ýokuş görüpdir. Onsoñ oglanjyk dişlän almalarynyñ birini ejesine uzadyp, "Eje, al, şu has süýji ekeni" diýipdir. Şonda ejesi haýran galyp, ogluna näme diýjegini bilmän, ýuwdunyp duruberipdir.
Durmuş tejribäñiz näçe köp hem bolsa, adama baha bermäge gezek gelende alñasamañ! İlki bilen şol adamyñ özüni diñläñ. Size aýdylan gürrüñlere ynanyp, derrew belli-külli karara geliji bolmañ!