moonlight
23.08.2023 17:54
Şeýle bir ýürekdeş gürrüň edeli,
Bar zat hakda dogry pikir ýöredip.
Men-a saňa özümmikäm öýdeýin.
Senem özüňi gör, maňa seredip...

Meniň bu hyň berip duran kellämem,
Baş atyplar ýetişmesin sözüňe,
(Baş näme, janyňam bagyş etseň bor,
Saňa şeýle dünýäsini dözene).

Men goşgy ýazsamam «dymma» diýdiler,
«Gedemem» diýdiler, tanaman, bilmän.
Hemme üýşüp, meň göwnümi tapanok,
Men nädip taparkam göwnüni hemmäň?!...

Sen-ä «mydam görsem» diýýän, käte-de,
Senden başgalary görmäsim gelýär.
Gelsene, ýürekdeş gürrüň edeli,
Ah, meniň şeýle bir gürläsim gelýär.

Aýgül GARAÝEWA.
27
111
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.