moonlight
04.09.2023 12:17

Hiç kime planlaryñyzy aýtmañ, olara netijeleri görkeziñ. Ýogsam ýoluñyza çöp atjaklar köpeler..

21
43
moonlight
03.09.2023 15:42
Gysgaça..
22
154
moonlight
03.09.2023 11:09
Güneşim bol diýdim, ýaşdyñ
Menem garaşdym dogarña,
Meni şu çaka çen güýmän-
-Hyýal, gitsin-le owarra!...

Ömür geçýär, düşünýärmiñ,
Durkum durkyny saklamaz,
Boş duýgylara tutaşmaz,
Yşgyñ oduny ýaksagam.

Dilimde ýara señ adyñ,
Dertlerime em bolan sen,
Sensiz neýläýin barlygy,
Ýeter, eglenme dolan sen.

Ine ýapraklar saralar,
Güýze garyşar gussalam,
Ikimizem deñ günäli,
Bu oýunda sen utsañam.

Menem baky dost däl dünýä,
Bir gün dostlugym gutarar,
Ýalñyzlyk ýüregmi ýykar,
Ýüzüm galmaz ýüz tutara.

Sebäplem saña bahana,
Ökünjiñ ötünje degmez,
Gidenler dolanmazmyşyn,
Bolýa-la gelme...

Baýram BEJIDOW
15
46
moonlight
02.09.2023 11:40
Kalbyñ meni küýsäp, ses edip aglar..
18
81
moonlight
02.09.2023 00:23
Şu gün men bir goşgy ýazdym
Setirlerne gussa garyp
Ýazdym emma ynjalmadym
Ylhamyñ gursagyn ýaryp

Men aglaýan galam ýazýar
Bilmen näme döräp barýar
Uçar suwda gämi gumda,
Hanha görüñ ýöräp barýar.

Bilmen beýle bu ne gudrat
Bu söýgüniñ yşgymy ýa.
Bu ne kyssa. Bu ne roman
Goşga meñzeş goşgumy ýa.

Ynanamok düýşmi, huşmy
Garpyşypdyr ýer we asman
Galam şeýdip ýazyp barýar
Eýesine gulak asman.

Uky bilen ylham meni
Çekeleýär eýlä-beýlä
Edil häzir görüñ ruh men
Erk edenok ýürek beýnä

Üýtgeşik bir dünýä düşdüm
Geldim ynha, gökden aryp
Ýene şeýdip goşgy ýazdym
Setirlerne gussa garyp..

Dursun Myradowa
18
56
moonlight
01.09.2023 09:37
Howa menziline (aeraporta) girenimizde näme üçin kemeri aýyrýarlar? İne jogaby!

Jogap: suratda görnüp durşy ýaly, bu kiçijek gurallar daşardan seredeniñde düýbünden göze ilmeýär.
33
228
moonlight
01.09.2023 00:12
Gaýyn enesi stoluň üstündäki hapany syýryp, gelnine görkezip:
- Hany sen aýt şuňa degişli nähili nakyl bar?
- Doňuz islendik ýerden hapa tapar.


Günleriň birinde baş lukman käbir dälini boşatmak kararyna gelýär we ekzamen alýar. Bir stolyň üstüne ýag dökýär we dälilerden stolyň başyna geçmegini we elektrik çyrasyny çalyşmagyny soraýar. Däliler stolyň üstüne çykyp aýaklary typyp ýere gaçyp başlaýar. Bir däli gazetiň bir bölegini getirip, stolyň üstünde goýýar we çyrany aňsatlyk bilen çalyşmagy başarýar. Baş lukman begenýär we ol dälini akyllanan hasaplap däliden soraýar:
- Näme üçin stolyň üstünde gazet goýduň?
- Gazet goýmasam boýum ýetmez öýdüp gorkdym.


Bir adam gadagan ýerde balyk tutup otyr. Derrew polisiýa onuň ýanyna gelip:
- Eliňdäki näme?
- Çeňňek
- Çeňňegiň ujundaky näme?
- Iňňe.
- Iňňäň ujundaky näme?
- Gurçuk.
- Hää.. Sen balyk tutup otyňmy?
- Ýoo.. Gurçuga ýüzmegi öwredip otyn.


Ýüregiñiz gysanda telde näme oýun oýnaýañyz??
36
237
moonlight
31.08.2023 13:01
Ikar PASEWÝEW, žurnalist:

Onuň gözleri mawydy, çaga ýaly ýaýdanjaň ýylgyrardy. Men degşip, oňa «nazaryň gurbany» diýerdim, dogrusy Gurbannazar adyny rusça geçirseň «nazarymy saňa bagş etdim, ony saňa gurban edýän» bolmaly. 1957-nji ýylda baharyň başynda şygyryň aşygy we oňa gowy düşünýän inžener Gurt Annalyýew uzyndan arryk, öz pikirine gümra mekdep okuwçysy Gurbannazary yzyna tirkäp çagalar gazetiniň redaksiýasyna gelýär. Geljekki halk ýazyjysy, umumy dostumyz, şol döwürler gazetde poeziýa bölüminiň müdiri bolup işlän Nury Baýramowyň aýtmagyna görä, Gurt onuň gulagyna pyşyrdap: «Bu ýigidem siziňkilerden, şahyrlar taýpasyndan. Özem hakyky şahyr!» -diýipdir. Çekinjeň okuwçynyň goşgylary ünsüňi özüne çekýärdi, ýaş awtoryň diňe bir türkmen poeziýasyny däl, eýsem dünýä poeziýasyny-da gowy bilýändigi duýulýardy. Şondan soň ol gazete gatnap ugrady, goşgulary çap edilýärdi. TDU-ny tamamlandan soň şol redaksiýada işläpdem. Nury onuň dördijiligini gözden salmazdy, Magtymgulynyň ussat zergär bolandygyna kakdyryp, Gurbannazar hem poeziýanyň zergäri diýerdi. Gurbannazaryň goşgylary we poemalary 60-70-nji ýyllaryň ýaşlar poeziýasynyň naýbaşylarynyň biri bolupdy..
17
35
moonlight
31.08.2023 00:39
Örtenýädiñ hasam, ýetirsem häsin
Maña señ sözlerñi diñlemek täsin..
24
46
moonlight
30.08.2023 12:13
Umyt- bu ertir turjagyñ belli bolmasa-da, budilnik düzüp ýatmakdyr..
26
65