Gaýyn enesi stoluň üstündäki hapany syýryp, gelnine görkezip:
- Hany sen aýt şuňa degişli nähili nakyl bar?
- Doňuz islendik ýerden hapa tapar.
Günleriň birinde baş lukman käbir dälini boşatmak kararyna gelýär we ekzamen alýar. Bir stolyň üstüne ýag dökýär we dälilerden stolyň başyna geçmegini we elektrik çyrasyny çalyşmagyny soraýar. Däliler stolyň üstüne çykyp aýaklary typyp ýere gaçyp başlaýar. Bir däli gazetiň bir bölegini getirip, stolyň üstünde goýýar we çyrany aňsatlyk bilen çalyşmagy başarýar. Baş lukman begenýär we ol dälini akyllanan hasaplap däliden soraýar:
- Näme üçin stolyň üstünde gazet goýduň?
- Gazet goýmasam boýum ýetmez öýdüp gorkdym.
Bir adam gadagan ýerde balyk tutup otyr. Derrew polisiýa onuň ýanyna gelip:
- Eliňdäki näme?
- Çeňňek
- Çeňňegiň ujundaky näme?
- Iňňe.
- Iňňäň ujundaky näme?
- Gurçuk.
- Hää.. Sen balyk tutup otyňmy?
- Ýoo.. Gurçuga ýüzmegi öwredip otyn.
Ýüregiñiz gysanda telde näme oýun oýnaýañyz??