moonlight
02.09.2023 00:23
Şu gün men bir goşgy ýazdym
Setirlerne gussa garyp
Ýazdym emma ynjalmadym
Ylhamyñ gursagyn ýaryp

Men aglaýan galam ýazýar
Bilmen näme döräp barýar
Uçar suwda gämi gumda,
Hanha görüñ ýöräp barýar.

Bilmen beýle bu ne gudrat
Bu söýgüniñ yşgymy ýa.
Bu ne kyssa. Bu ne roman
Goşga meñzeş goşgumy ýa.

Ynanamok düýşmi, huşmy
Garpyşypdyr ýer we asman
Galam şeýdip ýazyp barýar
Eýesine gulak asman.

Uky bilen ylham meni
Çekeleýär eýlä-beýlä
Edil häzir görüñ ruh men
Erk edenok ýürek beýnä

Üýtgeşik bir dünýä düşdüm
Geldim ynha, gökden aryp
Ýene şeýdip goşgy ýazdym
Setirlerne gussa garyp..

Dursun Myradowa
18
56
wolf
2 Sentýabr 2023
Güllerä owadan eken 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.