moonlight
29.08.2024 12:16
Dostum "Nädip baýamaly" diýip kitap ýazdy. Indem ony çap etdirmäge pul gözleýär.



-Meñ her bir tatum durmuşdaky ýeten üstünligimi añlatýar.
+Ýöne seniñ tatuñ ýoga
-Bilýän))



Adamlar otpuska gutaryp täzeden işe gelenlerinde:
-hany ünsüñi jemle, öñem bir zatlar edip baş alyp çykýadyña.
16
78
moonlight
28.08.2024 18:26
Menem bagtly boldum ýagty dünýäde
Menden başga bagtly baryn bilmedim.
Ýöne o:t başynda dünýäni unudup,
Bagtlylaryñ söhbetini diñledim..
16
89
moonlight
10.12.2023 14:51
Selbiñ toýundan pursatlar..
31
226
moonlight
07.12.2023 18:48
Gyzyklanýanlar bardyr, görmedikler göräýsin diýdim..
29
266
moonlight
07.12.2023 15:44
Eger size uzak wagtdan bäri garyndaşlaryñyz jaň etmeýän bolsa, onda hemme zatlary gowydyr.


"Degme muny täze ýylda iýýäs", sezony açyk diýip yglan etýän))


-Biz kim?
+Uçýan ýaşyl möjejikler
-Biz näme isleýäs?
+Adamlaryñ futbolkasyna gonup, soñam ölmek.


Eger manýak size öz mazaryňyzy gazdyrýan bolsa, gumlary has añarrak zyñyñ. Goý sizi gömende kösensin.


Iki sorag sorasañ diñe özüne amatlysyny jogaplayan dikdüşdi tanyş sizdede barmy?
28
550
moonlight
03.12.2023 13:41
"Söýýän" diýme, "köýýän" diýme söýýänñe
Zyýany ýok başarmasañ yrmagy,
Söýgi mätäç däldir kasama, anda
Söýgi halamaýar ynandyrmagy..
********

Sen merdem bol
merdem bol sen,
diñe şol.
Söýgüde maksada ýetirýän ýoldur.
Söýen bolsa gaýdyp geler ir-u giç,
Ýogsa ol solanña degýänem däldir..
**********

Söýgüniñ sönenin satdy gözleriñ
Hoşlaş, ýalbarmaýan ýansada jiger,
Durmuş Nobatguly däldir ezizim,
Durmuş irde-giçde göwnüñe deger..


Nobatguly Rejepow
25
91
moonlight
03.12.2023 10:50
Gijelerine howa bulutsuz bolan halatynda Aý şöhle saçýar. Emma bu şöhle Aýyň öz şöhlesi däldir. Çünki,Aýyň öz şöhlesi ýokdur. Ol diňe Günden gelýän şöhläni aýna ýaly yzyna serpikdirýär. Şeýlelikde,ol öz şöhlesi ýaly görünýär.

* * *
Dünýäde iň giň köçe Braziliýada ýerleşýär. Onuň ini 250 metre ýetýär.

* * *
Mehikodaky (Meksika) "Asteka"stadionyna 107 müň tomaşaçy sygýar. 1968-nji ýylda gurlan bu stadionyň tomaşaçy orunlarynyň üsti ýapykdyr.

* * *
Meşhur alym ibn Sina öz ömründe 280-den gowrak ylmy iş ýazypdyr.Şolardan 40-dan gowragy lukmançylyga,30-a golaýy tebigy ylymlara,3-si saza,galanlary filosofiýa,pishologiýa we beýlekilere degişlidir. Emma şolardan 160 eser biziň döwrümize gelip ýetipdir.

* * *
Beýik Britaniýaly Gledis Terneriň 75 ýaşynda-da guzy dişi düşmän galypdyr.

* * *
1991-nji ýylda Kanadada palta ýadygärlik dikeldilipdir. Onuň agramy 7 tonna deňdir.

* * *
Bathyzda pisse jeňňelligi bar. Pisse agajy 500,hatda 700 ýyla çenli ýaşaýar.

* * *
Ýaponiýanyň düzümine 3900-den gowrak ada girýär.

* * *
Germaniýada ösýän bägüliň ýaşy 1000-den geçýär. Ol dünýäde iň goja bägül hasaplanýar
26
94
moonlight
27.11.2023 13:44
Garaşýañyzmy täze ýyla))
51
348
moonlight
25.11.2023 19:12
Hem adyña, hem aýdymyña aşyk men
Aşyklyk derdi hem ýürege agram.
Gidenok ýürekden, gitmez gözümden,
Señ sesiñ ýañlanan şol ajap agşam..

G.Ezizow

(bu şygyr Gurbannazar Ezizowyñ Leýla Şadurdyýewa bagyşlan goşgusy)
30
186
moonlight
21.11.2023 20:10
Aeroportyň habar beriş bölüminindäki gyza habar gelýär:
-Maýajan, Dubaýdan uçan samolýot ýolda heläk boldy. Muny garşylaýanlara seresaplyk bilen habar bereweri.
Bu ajy habary Maýa gyz şeýle yglan edýär:
-Pikir beriň, pikir beriň! Dubaýdan gelmeli samolýoty garşylaýan jenaplar we hanymlar! Arkaýyn öýüňize gaýdyberiň.


Iki ýewreýiň gürrüňi:
-Sen maňa 100 dollar bergiň bardygyny ýadyňdan çykaraňok gerek?
-Nädýäň-aý dost! Men ony ölinçäm ýadymdan çykarman!


Giriş ekzameninde professor abiturientden soraýar:
-Size iň soňky soragym şeýle. Näme sebäpden biziň uniwersitetimize girmäge karar berdiň?
Abiturient:
-Biderek sorag soramasana, kaka…


Bir gün tokaýda Piliň çagasyny Begomotlar urupmyşlar. Muňa kaka-Piliň gahary gelipdir, ol tokaýyň ähli pillerini toplap, begomotlaň üstüne oglunyň aryny almaga “razborka” etmäge gidipmiş. Ine bir süri pil ala-tozan edip, begomatlara tarap okdurylyşyp barýamyşlar. Olaryň aýaklarynyň aşagynda ýer lerzanamyş, beýleki haýwanlar bir çetde gizlenişip durmyşlar. Birdenem pilleriň öňünden Garynja çykýar. Ol:
-Duruň, saklanyň piller! Hiç hili „razborka“ bolmaz, häziriň özünde yzyňyza öwrüliňde şu taýdan garaňyzy saýlaň... –diýenmiş.
Pillerem yzlaryna öwrülip, öýli-öýüne dargapmyşlar. Dagy näme etjek, polisiýaň diýenini etmän bolýamy? Polisiýa her ýerde polisiýa ahyryn))
32
278