Gijelerine howa bulutsuz bolan halatynda Aý şöhle saçýar. Emma bu şöhle Aýyň öz şöhlesi däldir. Çünki,Aýyň öz şöhlesi ýokdur. Ol diňe Günden gelýän şöhläni aýna ýaly yzyna serpikdirýär. Şeýlelikde,ol öz şöhlesi ýaly görünýär.
* * *
Dünýäde iň giň köçe Braziliýada ýerleşýär. Onuň ini 250 metre ýetýär.
* * *
Mehikodaky (Meksika) "Asteka"stadionyna 107 müň tomaşaçy sygýar. 1968-nji ýylda gurlan bu stadionyň tomaşaçy orunlarynyň üsti ýapykdyr.
* * *
Meşhur alym ibn Sina öz ömründe 280-den gowrak ylmy iş ýazypdyr.Şolardan 40-dan gowragy lukmançylyga,30-a golaýy tebigy ylymlara,3-si saza,galanlary filosofiýa,pishologiýa we beýlekilere degişlidir. Emma şolardan 160 eser biziň döwrümize gelip ýetipdir.
* * *
Beýik Britaniýaly Gledis Terneriň 75 ýaşynda-da guzy dişi düşmän galypdyr.
* * *
1991-nji ýylda Kanadada palta ýadygärlik dikeldilipdir. Onuň agramy 7 tonna deňdir.
* * *
Bathyzda pisse jeňňelligi bar. Pisse agajy 500,hatda 700 ýyla çenli ýaşaýar.
* * *
Ýaponiýanyň düzümine 3900-den gowrak ada girýär.
* * *
Germaniýada ösýän bägüliň ýaşy 1000-den geçýär. Ol dünýäde iň goja bägül hasaplanýar