Aeroportyň habar beriş bölüminindäki gyza habar gelýär:
-Maýajan, Dubaýdan uçan samolýot ýolda heläk boldy. Muny garşylaýanlara seresaplyk bilen habar bereweri.
Bu ajy habary Maýa gyz şeýle yglan edýär:
-Pikir beriň, pikir beriň! Dubaýdan gelmeli samolýoty garşylaýan jenaplar we hanymlar! Arkaýyn öýüňize gaýdyberiň.
Iki ýewreýiň gürrüňi:
-Sen maňa 100 dollar bergiň bardygyny ýadyňdan çykaraňok gerek?
-Nädýäň-aý dost! Men ony ölinçäm ýadymdan çykarman!
Giriş ekzameninde professor abiturientden soraýar:
-Size iň soňky soragym şeýle. Näme sebäpden biziň uniwersitetimize girmäge karar berdiň?
Abiturient:
-Biderek sorag soramasana, kaka…
Bir gün tokaýda Piliň çagasyny Begomotlar urupmyşlar. Muňa kaka-Piliň gahary gelipdir, ol tokaýyň ähli pillerini toplap, begomotlaň üstüne oglunyň aryny almaga “razborka” etmäge gidipmiş. Ine bir süri pil ala-tozan edip, begomatlara tarap okdurylyşyp barýamyşlar. Olaryň aýaklarynyň aşagynda ýer lerzanamyş, beýleki haýwanlar bir çetde gizlenişip durmyşlar. Birdenem pilleriň öňünden Garynja çykýar. Ol:
-Duruň, saklanyň piller! Hiç hili „razborka“ bolmaz, häziriň özünde yzyňyza öwrüliňde şu taýdan garaňyzy saýlaň... –diýenmiş.
Pillerem yzlaryna öwrülip, öýli-öýüne dargapmyşlar. Dagy näme etjek, polisiýaň diýenini etmän bolýamy? Polisiýa her ýerde polisiýa ahyryn))