milana
05.05.2024 12:47
2-nji bölüm.
Soltan dessine gelen adamyň Serwidigini aňdy, garaşýan başga biri däl-de özüdigini bildirmek niýeti bilen hemişekisi ýaly şol öňki goşgusyny heňe getirdi.
     -  Ýörseň, ýarym, guwanar men
        Serwi kamat boýlaryňa...
    Serwi tanyş setirleri eşidenden oglana tarap atyldy, gujagyna girip gollaryny Soltanyň boýnundan orady. Ýüzüni oglanyň döşüne mäkäm basdy, aglamak aglady. Ajy ýaşlaryň aňyrsyny saklar ýaly däldi. Iki ýyl bäri aýralygyň salýan azabyna çydam edip bilmedi. Soltan Serwini köşeşdirmek üçin ellerini aýryp, ýüzüni gyzyň ýüzüne golaýlatdy. Oglanyň gyzgyn demi Serwiniň ýüzüne çabyrady. Soltan sowuk elleri bilen gyzyň gözünden yzly-yzyna hünji bolup syrygýan ýaşlary süpürdi. Gaýnap çykýan gyzgyn damjalar sowuk barmaklara siňdi.  garaňkydan ýaňa bir-birini zordan saýgarýardylar, emma bu wagt ol möhüm däldi. Olar üçin biri-biriniň dem alşyny, ýürek urşuny eşitseler-de razydylar. Sag-salamat watan gullugyndan gaýdyp gelen ýary ine-de garşysynda, ondan  gözlerini üzman dur. Soltan Serwini bagryna basyp, gyzgyn mährine çoýmak isleýärdi, iki ýylyň aýralyk hasratynyň öwezini doldurasy gelýärdi, emma Serwini bu islegi bilen özünden çekindirmekden we gyzyň adyny garalamakdan gorkdy, biriniň olary görüp gyzyň öýündakilerine aýtmagyndan heder etdi. Serwiniň dem alyşyny eşidip dursa-da razydy. Soltana hal ýagdaý sorama zerurlygy ýokdy, özüni görüp duranyna Serwisiniň iki bolup bilmeýänini duýýardy.
Serwi buwagt boýy ýeten ulugyz bolsa-da çaga şadyýanlygyny edip owsun atýardy, ýüregi heýjana gelýärdi. Muňa bolsa Soltanyň gözi guwanýardy, ony öňküdenem has güýçli söýýardi. Süýjiden-süýji gürrüňler etýän ýaş juwanlaryň dünýäden gaýgy-gamlary ýok ýalydy. Şu pursada çenli olar bagtlydylar. Edil dessanlardaky aşyk-magşuklaryň biri-birinden jyda düşüşi ýaly nirelerdendir bir ýerden "aýralyk" atly "söýginiň" ganym duşmany bu ýaş juwanlaryň ykbalyny hem göz-açyp ýummasy salymda çepbe-çöwürdi....
      Soltanyň gözleri garaňkyda özlerine tarap çalt-çaltdan haýdap ýörap gelýän, eli fonarly garany saýgarmaga başlady. Ol gelýän garany görüp ini jigläp gitdi. " Bu ýerde biziň duşuşýanymyz hiç kim bilenokdy ahyry. " diýip pikir ýüwürtdi. Ýiti-ýiti seredip onuň kimdigini saýgarmaga synanyşdy, gözleri iki ýyl bäri görmedik bolsa-da tanyş göwräni tapawutlandyrmaga başlady, garaňkyda görýän adamyna ynanasy gelmedi. Serwi ýetip gelýän adamy görenokdy, ol oňa arkasyny öwrüp durdy. Golaýlap gelýäniň Güleş gelnejedigini aňan Soltanyň ýüregi tisginip gitdi, üstünden gyzgyn suw guýlana döndi, şagga der basdy, howanyň sowuklygyna garamazdan endamy gyzdy. Gijeki fonary galgadyp, gazap atyna münen Güleş gelnejäniň gelşinden bir belanyň gopjagyny Soltan duýdy. Serwi Soltana üns berenokdy, garaňky sebäpli onuň ýüzüni görüp bilenokdy. Serwi nämedir bir zatlary çalt-çaltdan gürrüň berýärdi. Bu wagt Soltanyň özüni diňlemeýänini bilip näme bolanyny sorady:
    - Näme boldy?! Nämä dymýaň?
     Onýança agyr göwräniň aýaklarynyň astynda ezilip, owaza gelýän ýapraklaryň şatyrdysy eşidilip başlady. Fonaryň ýagtysy özlerine gönükdirildi.
Okyjylara: Harp ýalňyşlyklaryna üns beren halatyňyzda, teswirlerde belläp geçmegiňizi haýyş edýärin.
37
219
milana
04.05.2024 12:29

1-nji bölüm.

Garaňky we sowuk köçäniň başyndan giren Serwi içini hümledip barýardy. Gaýgy-gama berlipdi. Gum-gukluk köçede diňe ädiginiň inçeden gelen uzyn ökjeleriniň tyrkyldaşyp etýän sesleri we gyzyň pessaýja sojap-sojap aglamasy eşidilýärdi. Gyş paslynyň başy bolansoň entäk gar ýagyp ýetişmandi, ýöne aýazyň aňzagy mazalyja bildirýärdi. Agaçlardaky heniz dökülip ýetişmedik, saralan bolsa-da güýçden gaçmadyk ýapraklar pessaýja şemala yrgyldaşýardylar. Şemalyň şuwwuldysy bilen şygyrdaşýan ýapraklar gynançly saz çalýan dek sazlaşykly ses etýärdiler. Agaçlar hem süllerşip, Serwiniň hasratyna şaýat bolanlaryna puşman etýän ýalydylar, ol gözýetimden ýitýänçä nazarlaryny üzman seredişip galýan dek görünýärdiler. Serwi näçe köp oýlansa, şonçada gussa basýardy. Ýöremäge mejaly ýokdy, näçe ýörejek bolsa-da, aýaklary diýen edenokdy. Ol aýagyny süýräp diýen ýaly ýöreýärdi, ysgyndan gaçypdy. Sowuk bolansoň agyry-yza bildirenokdy. Öýlerine ýakynladygyça ýüregi agralyp, gyýym-gyýym bolýardy, gözünden syrygýan ýaşlar merjen-merjen damjalar kimin gyzaran ýaňaklaryndan ýol ýasap, hem sowukdan, hem-de sessiz agydan titreýän eňekde saklanýardylar. Gaýgyly gözlerden yzly-yzyna inýän damjalar boýnuna oralan şarfda yz ýasap, siňip gidýärdiler, çygjaran şarf bolsa gyzyň bedenine buz kimin sowuk bolup degýärdi.

Ýaňyja-da bir pursat mundan öň ol bagtlydy, şadyýandy, şatlygy içine syganokdy. Bagtdan ýaňa guş bolup uçjak bolýardy, emma begenji uzaga çekmedi...

Aşyk gyz öz ýüregini beren ýaryny iki ýyl bäri görmändi, didaryna doýmandy. Goňşulary Sülgünden alan hatynda söýgüli ýarynyň öňki endiklerine göra duşuşylýan çynar agajynyň astynda özüne garaşýandygyny okap bijesi çykana döndi, begençden ýaňa iki bolup bilmedi, tizräk söýgüli ýaryny görmäge howlukdy. Jigisi Akgözeliň ýanyna ylgap bardy. Iç-içine sygman oňada buşlady.

- Soltan gelipdir, maňa garaşýar! Ejem sorasa Sülgünlere gitdi diý, düşündiňmi?

Akgözel ýagdaýa düşündi-de, sessizje baş atdy. Jigisi üçin bu adaty ýagdaýdy, emma iki ýyl bäri bu hal gaýtalanmanson birneme ejesinden howpurgady. Serwi çaga şatlygyny edip, bökjekläp öz otagyna howlukdy. Öýden gitmezden ozal aýnada özüne seredişdirdi, saçlaryny düzetdi, çala-çula özüne timar berdi, öý eşikleriniň üstünden paltosyny atdy, şarfyny boýnuna mäkam orady. Daşarda gar ýoklugyna seretmezden ädigini aýagyna ildirdi, esgerlikden gelen ýaryny sowuk howada köp garaşdyrmazlyk üçin ädiginiň syrmasyny syryp durmady. Ýüzüni garaňka tutup ýola atlandy. Ol ýoly gözüni ýumup gitse-de tapjakdy. Bu ýol ony soňky iki ýyly hasaba almasak indi sekiz ýyl bäri öz ýarynyň ýanyna eltipdi. Soltan ýokary okuwy tamamlap harby gulluga gidensoň Serwä çynar agajyna gatnamaga zerurlyk galmandy, ýöne käte gyzyň ýary ýadyna düşüp ýüregi gysanda bu ýollardan geçip, Soltan bilen geçiren wagtlaryny, süýjiden-süýji gürrüňleri ýatlap gözlerine ýaş tegeläp giderdi. Ine indi bolsa ýürek beren söwer ýary oňa garaşýar. Soltany tiz wagtda görjegine iki bolup bilmän barýan gyz ädimlerini näçe çalt alýan bolsa-da haýal ýöreýän ýaly duýdy. Tizräk Soltany görmek üçin ylgaşlap başlady. Iki ýyl garaşan gyzyň indi on-on bäş minutlyk ýola takaty ýetmeýän ýalydy. Daşary garaňky bolsa-da hiç zatdan heder edip durmady. Bu ýerler oňa beletdi ahyry. Çynar agajyna golaýlaberende ýüregi çalt-çaltdan urmaga başlady. Şol ýerde-de bir garanyň hereketsiz duranyny saýgardy. Aýagynyň aşagynda şygyrdaşan ýapraklaryň sesine doňup duran kölege herekete geldi. Boýundan, syratyndan ony Soltana meňzetdise-de meňzetdi welin golaýrak barybermäge üýşendi. Soltan dessine gelen adamyň Serwidigini aňdy, garaşýan başga biri däl-de özüdigini bildirmek niýeti bilen hemişekisi ýaly şol öňki goşgusyny heňe getirdi.

- Ýörseň, ýarym, guwanar men

Serwi kamat boýlaryňa...

( Okyjylara: Harp ýalňyşlyklaryna üns bermegiňizi haýyş edýäris )

37
301