milana
04.05.2024 12:29

1-nji bölüm.

Garaňky we sowuk köçäniň başyndan giren Serwi içini hümledip barýardy. Gaýgy-gama berlipdi. Gum-gukluk köçede diňe ädiginiň inçeden gelen uzyn ökjeleriniň tyrkyldaşyp etýän sesleri we gyzyň pessaýja sojap-sojap aglamasy eşidilýärdi. Gyş paslynyň başy bolansoň entäk gar ýagyp ýetişmandi, ýöne aýazyň aňzagy mazalyja bildirýärdi. Agaçlardaky heniz dökülip ýetişmedik, saralan bolsa-da güýçden gaçmadyk ýapraklar pessaýja şemala yrgyldaşýardylar. Şemalyň şuwwuldysy bilen şygyrdaşýan ýapraklar gynançly saz çalýan dek sazlaşykly ses etýärdiler. Agaçlar hem süllerşip, Serwiniň hasratyna şaýat bolanlaryna puşman etýän ýalydylar, ol gözýetimden ýitýänçä nazarlaryny üzman seredişip galýan dek görünýärdiler. Serwi näçe köp oýlansa, şonçada gussa basýardy. Ýöremäge mejaly ýokdy, näçe ýörejek bolsa-da, aýaklary diýen edenokdy. Ol aýagyny süýräp diýen ýaly ýöreýärdi, ysgyndan gaçypdy. Sowuk bolansoň agyry-yza bildirenokdy. Öýlerine ýakynladygyça ýüregi agralyp, gyýym-gyýym bolýardy, gözünden syrygýan ýaşlar merjen-merjen damjalar kimin gyzaran ýaňaklaryndan ýol ýasap, hem sowukdan, hem-de sessiz agydan titreýän eňekde saklanýardylar. Gaýgyly gözlerden yzly-yzyna inýän damjalar boýnuna oralan şarfda yz ýasap, siňip gidýärdiler, çygjaran şarf bolsa gyzyň bedenine buz kimin sowuk bolup degýärdi.

Ýaňyja-da bir pursat mundan öň ol bagtlydy, şadyýandy, şatlygy içine syganokdy. Bagtdan ýaňa guş bolup uçjak bolýardy, emma begenji uzaga çekmedi...

Aşyk gyz öz ýüregini beren ýaryny iki ýyl bäri görmändi, didaryna doýmandy. Goňşulary Sülgünden alan hatynda söýgüli ýarynyň öňki endiklerine göra duşuşylýan çynar agajynyň astynda özüne garaşýandygyny okap bijesi çykana döndi, begençden ýaňa iki bolup bilmedi, tizräk söýgüli ýaryny görmäge howlukdy. Jigisi Akgözeliň ýanyna ylgap bardy. Iç-içine sygman oňada buşlady.

- Soltan gelipdir, maňa garaşýar! Ejem sorasa Sülgünlere gitdi diý, düşündiňmi?

Akgözel ýagdaýa düşündi-de, sessizje baş atdy. Jigisi üçin bu adaty ýagdaýdy, emma iki ýyl bäri bu hal gaýtalanmanson birneme ejesinden howpurgady. Serwi çaga şatlygyny edip, bökjekläp öz otagyna howlukdy. Öýden gitmezden ozal aýnada özüne seredişdirdi, saçlaryny düzetdi, çala-çula özüne timar berdi, öý eşikleriniň üstünden paltosyny atdy, şarfyny boýnuna mäkam orady. Daşarda gar ýoklugyna seretmezden ädigini aýagyna ildirdi, esgerlikden gelen ýaryny sowuk howada köp garaşdyrmazlyk üçin ädiginiň syrmasyny syryp durmady. Ýüzüni garaňka tutup ýola atlandy. Ol ýoly gözüni ýumup gitse-de tapjakdy. Bu ýol ony soňky iki ýyly hasaba almasak indi sekiz ýyl bäri öz ýarynyň ýanyna eltipdi. Soltan ýokary okuwy tamamlap harby gulluga gidensoň Serwä çynar agajyna gatnamaga zerurlyk galmandy, ýöne käte gyzyň ýary ýadyna düşüp ýüregi gysanda bu ýollardan geçip, Soltan bilen geçiren wagtlaryny, süýjiden-süýji gürrüňleri ýatlap gözlerine ýaş tegeläp giderdi. Ine indi bolsa ýürek beren söwer ýary oňa garaşýar. Soltany tiz wagtda görjegine iki bolup bilmän barýan gyz ädimlerini näçe çalt alýan bolsa-da haýal ýöreýän ýaly duýdy. Tizräk Soltany görmek üçin ylgaşlap başlady. Iki ýyl garaşan gyzyň indi on-on bäş minutlyk ýola takaty ýetmeýän ýalydy. Daşary garaňky bolsa-da hiç zatdan heder edip durmady. Bu ýerler oňa beletdi ahyry. Çynar agajyna golaýlaberende ýüregi çalt-çaltdan urmaga başlady. Şol ýerde-de bir garanyň hereketsiz duranyny saýgardy. Aýagynyň aşagynda şygyrdaşan ýapraklaryň sesine doňup duran kölege herekete geldi. Boýundan, syratyndan ony Soltana meňzetdise-de meňzetdi welin golaýrak barybermäge üýşendi. Soltan dessine gelen adamyň Serwidigini aňdy, garaşýan başga biri däl-de özüdigini bildirmek niýeti bilen hemişekisi ýaly şol öňki goşgusyny heňe getirdi.

- Ýörseň, ýarym, guwanar men

Serwi kamat boýlaryňa...

( Okyjylara: Harp ýalňyşlyklaryna üns bermegiňizi haýyş edýäris )

37
301
milana
9 May 2024
@5454, 🙃🥰
5454
9 May 2024
Tuweleme♥️
milana
5 May 2024
@tim_, diýäý 🥲 pasibki za wpeçatlitelniý kommentarii
milana
5 May 2024
@tim_, diýmek eseriň içinde hindi kino bilen deň bolsa-da ýaşapsyň) bu meň üçin bagt)))
milana
5 May 2024
@tim_, onda men bollywoodyňkylar bn şertnama baglaşyberjek😉 sag bol ullakan goldaw beriji sözler üçin 🤗🤗🤗🥰
milana
4 May 2024
@tmyigit76, @awgust, sag boluň ullakan 🤗🥰
awgust
4 May 2024
@tmyigit76, Birlän-ikiländen-ä kän ýöne awtoryñ söz goruna sözüm ýok.Galamy ýiti bolsun!👍
tmyigit76
4 May 2024
@awgust, "Meňzetdise-de", "Gaýtalanmanson" ýaly birlän-ikilän ýalňyş bolup biler. Ýöne awtor ýazuw düzgüni berk saklamaga synanşypdyr.👍🏻
milana
4 May 2024
@ylham_gurbanaly, öz galamymdan...
ylham_gurbanaly
4 May 2024
Öz eseriň bolsahaa senem erbedã)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.