mgm
15.10.2024 22:57
Salam öwrenmeli agzalary, yenede taryhdan soraglar bilen geldim, taryhcylar bar bolsa sorag jogap edelinmi))
1Aç gotlaryn gozgalany hacan nirde bolya?
2"Gadymyýetiň iň uly urşy"?
3"Wizantiýanyň iň görnükli hökümdary"?
4Rimde ownuk kärendeçilere name diyilipdir?
5Hytaýda "İlkinji ensiklopediýa"?
6Öz kitaphanasyndan çykyp gelýärkä basgançakdan ýykylyp ölen şa?
7"Lukmançylyk ylymlarynyň doktory" diýen alymlyk derejesini alyp hiç wagt lukmançylyk bilen meşgullanmadyk şahs?
8"İlkinji bolup,Iki döwleti dolandran monarh"?
16
230
mgm
24.08.2024 14:59
Salam hemma, gowmy yagdaylarnyz? Taryhdan sorag jogap alysjaklar barmy? ilki men sorag berip baslayyn, sonra teswirde dowam ederis :)

1"Gadymyýetin iň beýik serkerdesi"?

2"Wawilonyň inň güýçli we şöhratly patyşasy"?

3"Gadymy Gündogaryň iň uly
kitaphanasy"?

4Ysraýyl patyşalygynda "halk gahrymany" diýilip yglan edilen kim?

5"Türkmen taryhynda ilkinji halk herekedi "?

(6) suratdaky kim?
19
198
mgm
27.06.2024 11:53
Adam:

– Taňrym, meniň bilen gürleş – diýip pyşyrdady.

Şol wagt agaçda bir guş saýrady, ýöne adam

eşitmedi.

Soňra adam çasly ses bilen:

– Taňrym, meniň bilen gürleş! – diýip gygyrdy.

Asmanda ýyldyrym çakdy, ýöne adam oňa hem

gulak asmady.

Adam töweregine göz aýlady:

– Taňrym, seni görmäge rugsat et!

Asmanda bir ýyldyz şöhle saçdy, adam muny

görmedi.

Adam ýene çasly ses bilen:

– Taňrym, maňa bir gudrat görkez! – diýip,

asmana elini serdi.

Bir ýerde bir çaga dünýä indi, adam mundan hem

habarsyz galdy.

Soňra adam umytdan düşüp aglady:

– Taňrym, seniň şu ýerdedigiňi maňa habar ber.

Bir kebelek gelip, adamyň egnine gondy.

Adam ony eliniň arkasy bilen kowdy-da, ýoluny

dowam etdi.
...


'Hazir bolmasa, haçan?!' -Nurdan Özkan
17
83
mgm
28.03.2024 15:55
Alaçsyz söýgim...1-nji bölümi💔
(Bolan waka)
Men ömür girip görmedik, zadym bolan imo ragistrasiýa boldum. Dogrusy, oňa asla girmek niýetim yokdy. Emma,meniň daşary ýurtda okaýan joralam, doganlam kändi. Men registrasiýa täze bolanyndanmy,kän bir imonyň içi düşüniksiz görünýärdi.Joram maňa ählisini doly öwretdi. Meni joram grupba salypdyr. Meniňem kän ýazyşýanym ýokdy. Diňe ýakynlarym jemi 5-6-dan kän däldi. Grupba-dan diňe hat gelýär. Menä dogrusy grupbany halamadym.Başda gyzlara ýazyp başladym. Sorag baryny beriberseler jogabam beremokdym.Onsaň ýörite druzýa-dan her kim stiker ugratýarlar. Menem bu kimkä diýip, görenimi dobavit etdim oturdym.Asyl olar grupbañ oglanlary ekeni.Indi şahsyma ýazyp başladylar. Hijisi bilen ýazyşasym gelmedi.Bloklap goýberdim. Olaryň biri şol gynalyp aýak-allygyna hat ýazýardy.Menem diňe şony bloklaman goýdum.Grupbadanam çykdym şol bada. Bu oglan bilen ýazyşdym. Ol bir hili beýlekilerden tapawutly,gaty akylly görünýärdi. Aý,menem erbet oglan däl bolsa ýazyşanymyñ zyýany ýokla diýip dostlaşdym. Dostlugyny kabul edemson, telefon belgimi sorap başlady. Mende telefon belgi yok diýip belgimi bermedim. Suratymy sorady, onam ugratmadym.Surat soramadym, şonda-da suratyny ugradypdyr.Uzyn boýly görmegeý daýaw oglan eken.Olam bize ýakyndy,menä şäherden bolsam, olam obadandy. Obaly bolansoň sadajady. Menem birinji gezek oglan bilen ýazyşyp görüpdüm. Belki ynanylmazdyr,emma meniñ enem-atam maña telefonymam ýaňy-ýakyn doglan günüme sowgat berdiler. Kellede diñe okuw,telefon ýokdy. Arasynda telefonymy goýsamam, şonun bilen ýene ýazyşasym geldi. Arasynda ýazyşýadymam,olam şol surat sorap başlaýardy. Ertesi bazar gündi, menem bazardan
almaly zatlarym bolanson, ejemden rugsat alyp,joram bilen bazara gaýtdym.Bazarda almaly zatlarymy alyp
barýarkam,şol maňa ýazýan oglany görüp barýarkam tanadym.Daşyndan synladym, olam maña seretdi. Yöne ol meni görmänsoň tananokdy. Ol ýol boýy biziñ yzymyzdan ýöräp gelýär.Indi men gorkup başladym. Jorama ana şol oglan şol diýip aýdamda joram oňa ite diýmedigini sögüp goýberdi. Ol bolsa şonda-da yzymyzdan galmady.Birdenem meniň imoma jaň geldi. Görsem yzymyzdaky oglan aýlaýar. Oňa jañyñ sesi baranson meni tanady. Men içimden öz-özüme igenýärdim. Şu oglana ýazmak näme gerek boldy, diýsene! Olam meň adymy tutyp gygyrdy. Biz öýe ýöräp gelýärdik. Olam yzymyzda,joram maňa, "Bar gyz özüñ galdyr, indi öýe ýetip barýas, masgara edäýmesin bu oglan, barybir tanady indi özün bir zat edäýmeseñ!"
Men biraz yza çekildim."Bar,git indi näme yzymyza düşüp gelýäň, näme meni masgara etjek bolýaňmy?"
-Seniň bilen gürleşesim gelýär Gözel!
-Ejem jaň edýär şu wagt, sen meni gaýdyp hiç ýere çykmaz ýaly etýäň galmasaň!
-Bolýar, men galýan biz ýene görüşjegmize söz ber!
-Bolýar, bar galaý indi.
Men oňa ýalbaryp diýen ýaly yzymdan galdyrdym.
-Nähili ýürege düşgünç oglan ekenile gyz, nireden sataşypdyrn toba!
-Owadan oglan ekeni özä, sypdyrma gyz gowja oglana meňzeýär.
-Yokla gyz maňa oglan gerek däl!
Biz gybat bilen öýe nädip ýetenimizi bilmän galdyk.Joram
bilen sagbollaşyp öýe girdim. Derrew nahar ataryp, öýleri
syr-süpür etdim. Onsaň sapaklarymy okaýyn diýip
kitaplaryma ýapyşdym.Kitaby okasam okadymam
welin, hiç zat kelläme girenokdy. Diňe şol oglanyň keşbi göz öňüme gelip durdy. Sesi gulagymda ýaňlanýardy. Men öň
beýle duýgyny başdan geçirip görmändim. Men ýokary
okuw jaýynyň synagyna taýynlanýardym.Imomy açsam,hat
baryny ýazypdyr...
31
184
mgm
21.03.2024 21:31
1.Gije 3de turup kuhniya gecip gygyrsanyz hic zat bolmaz
2.Telefonunyz elinizden typsa ýeriň dartyş güýjüne garşy gelip bilmez we yere gacar
3.Kofya yasamak üçin kofýa gerekdir
4.Ösümlikleriňizi suwarmasaňyz ölerler.
5.Güneşli günlerde äýnek daksaňyz gözleriňiz güneşden goranar.
6.Gözleriňizi açmak görmegiňize kömek eder.
7.Egerde şu posta 🤍 bassaň gyzyla öwürler ❤️
45
263
mgm
10.03.2024 13:21
Salam öwrenmeli agzalary!
Mende şeýleräk bir sorag bar taryh ugurdan:
5 turkmen eyyamy we olaryn oz icine alyan dowurleri asyrlary haysylar?

(ozim takyk bilemok bilenler yazaysyn)
30
161
mgm
09.03.2024 10:37
Salam öwrenmeli agzalary!
Mende şeýleräk bir sorag bar:
"Esedylla" sözi näme many berýär?
28
168
mgm
20.02.2024 10:02
Salam Öwrenmeliň agzalary.
Mende şeýleräk bir sorag bar taryh ugurdan...
Taryhda haýsy patyşanyň Nowruz atly ogly bolupdyr
29
122
mgm
31.12.2023 11:21
Ertir 365 sahypalyk kitabyň birinji sahypasyny ýazmaga başlaýas...!2023 de ýetip bilmedik arzuwlaryňyza 2024 de ýetmegiňizi dileýän...! Goý täze ýyl size bagt, şatlyk, üstünlik, abraý getirsin..!
Happy New Year 🥳☃️🌹
Gutlamak bilen M.G.M.

Aýaz baba hat ýazmagy ýadyňyzdan çykarmaň😅
37
83
mgm
29.12.2023 22:04

-Iň howply söz haýsy?!

+Meniň pikrimçe "ýöne" sözi

-Näme üçin?

+Sebäbi ol öňündäki sözi öldürer... Meselem " Seni söýýän ýöne...."



47
579