Alaçsyz söýgim...1-nji bölümi💔
(Bolan waka)
Men ömür girip görmedik, zadym bolan imo ragistrasiýa boldum. Dogrusy, oňa asla girmek niýetim yokdy. Emma,meniň daşary ýurtda okaýan joralam, doganlam kändi. Men registrasiýa täze bolanyndanmy,kän bir imonyň içi düşüniksiz görünýärdi.Joram maňa ählisini doly öwretdi. Meni joram grupba salypdyr. Meniňem kän ýazyşýanym ýokdy. Diňe ýakynlarym jemi 5-6-dan kän däldi. Grupba-dan diňe hat gelýär. Menä dogrusy grupbany halamadym.Başda gyzlara ýazyp başladym. Sorag baryny beriberseler jogabam beremokdym.Onsaň ýörite druzýa-dan her kim stiker ugratýarlar. Menem bu kimkä diýip, görenimi dobavit etdim oturdym.Asyl olar grupbañ oglanlary ekeni.Indi şahsyma ýazyp başladylar. Hijisi bilen ýazyşasym gelmedi.Bloklap goýberdim. Olaryň biri şol gynalyp aýak-allygyna hat ýazýardy.Menem diňe şony bloklaman goýdum.Grupbadanam çykdym şol bada. Bu oglan bilen ýazyşdym. Ol bir hili beýlekilerden tapawutly,gaty akylly görünýärdi. Aý,menem erbet oglan däl bolsa ýazyşanymyñ zyýany ýokla diýip dostlaşdym. Dostlugyny kabul edemson, telefon belgimi sorap başlady. Mende telefon belgi yok diýip belgimi bermedim. Suratymy sorady, onam ugratmadym.Surat soramadym, şonda-da suratyny ugradypdyr.Uzyn boýly görmegeý daýaw oglan eken.Olam bize ýakyndy,menä şäherden bolsam, olam obadandy. Obaly bolansoň sadajady. Menem birinji gezek oglan bilen ýazyşyp görüpdüm. Belki ynanylmazdyr,emma meniñ enem-atam maña telefonymam ýaňy-ýakyn doglan günüme sowgat berdiler. Kellede diñe okuw,telefon ýokdy. Arasynda telefonymy goýsamam, şonun bilen ýene ýazyşasym geldi. Arasynda ýazyşýadymam,olam şol surat sorap başlaýardy. Ertesi bazar gündi, menem bazardan
almaly zatlarym bolanson, ejemden rugsat alyp,joram bilen bazara gaýtdym.Bazarda almaly zatlarymy alyp
barýarkam,şol maňa ýazýan oglany görüp barýarkam tanadym.Daşyndan synladym, olam maña seretdi. Yöne ol meni görmänsoň tananokdy. Ol ýol boýy biziñ yzymyzdan ýöräp gelýär.Indi men gorkup başladym. Jorama ana şol oglan şol diýip aýdamda joram oňa ite diýmedigini sögüp goýberdi. Ol bolsa şonda-da yzymyzdan galmady.Birdenem meniň imoma jaň geldi. Görsem yzymyzdaky oglan aýlaýar. Oňa jañyñ sesi baranson meni tanady. Men içimden öz-özüme igenýärdim. Şu oglana ýazmak näme gerek boldy, diýsene! Olam meň adymy tutyp gygyrdy. Biz öýe ýöräp gelýärdik. Olam yzymyzda,joram maňa, "Bar gyz özüñ galdyr, indi öýe ýetip barýas, masgara edäýmesin bu oglan, barybir tanady indi özün bir zat edäýmeseñ!"
Men biraz yza çekildim."Bar,git indi näme yzymyza düşüp gelýäň, näme meni masgara etjek bolýaňmy?"
-Seniň bilen gürleşesim gelýär Gözel!
-Ejem jaň edýär şu wagt, sen meni gaýdyp hiç ýere çykmaz ýaly etýäň galmasaň!
-Bolýar, men galýan biz ýene görüşjegmize söz ber!
-Bolýar, bar galaý indi.
Men oňa ýalbaryp diýen ýaly yzymdan galdyrdym.
-Nähili ýürege düşgünç oglan ekenile gyz, nireden sataşypdyrn toba!
-Owadan oglan ekeni özä, sypdyrma gyz gowja oglana meňzeýär.
-Yokla gyz maňa oglan gerek däl!
Biz gybat bilen öýe nädip ýetenimizi bilmän galdyk.Joram
bilen sagbollaşyp öýe girdim. Derrew nahar ataryp, öýleri
syr-süpür etdim. Onsaň sapaklarymy okaýyn diýip
kitaplaryma ýapyşdym.Kitaby okasam okadymam
welin, hiç zat kelläme girenokdy. Diňe şol oglanyň keşbi göz öňüme gelip durdy. Sesi gulagymda ýaňlanýardy. Men öň
beýle duýgyny başdan geçirip görmändim. Men ýokary
okuw jaýynyň synagyna taýynlanýardym.Imomy açsam,hat
baryny ýazypdyr...