message
23.08.2023 10:42

Möý


Hindistanly bir adam suwdan çykyp bilmän çyrpynyp duran möýe gözi düşýär. Ony halas etmegi ýüregine düwýär we başam barmagyny uzatýar. Emma möý ony çakýar-da duruberýär. Muňa garamazdan, ýaňky adam möýi suwdan çykarmak üçin ýene-de barmagyny uzadýar, emma möý bu gezegem çakýar. Töweregindäkileriň biri:


– Beýdip möýe özüni çakdyryp oturman, taşlasana! Owarrama gitsin – diýende, hindistanly şeýle jogap berýär:


– Çakmaklyk möýüň tebigatynda bar, çünki olar şeýle ýaradylan. Meniň tebigatyma mahsus zat bolsa, söýmeklik. Möý çakýar diýip, dogabitdi häsiýetimi taşlap bilmerin ahyry.


***


Biziň daş-töweregimizdäki «mör-möjekler» hem nähili çaksa-da, biz söýmekden el çekmäliň.

25
76
message
22.08.2023 10:03

Günlerde bir gün iki dost çöle gezelenje gidipdir. Olar açyk meýdanda aýlanyp, gürleşip gidip barýarkalar ikisiniň arasynda jedel bolýar we biri beýlekisiniň ýüzüne şarpyk çalýar. Şarpyk iýeniň jany ýanypdyr. Dostunyň bu eden hereketine gaharlanypdyr. Emma oňa ýeke söz hem diýmändir-de guma: “Bu gün iň gowy dostum meniň ýüzüme şarpyk çaldy” diýip ýazypdyr.


Soňra  bular ýene-de ýollaryny dowam edip bir oazise gelipdir-de suwa girip ýüzmek isläpdirler. Ýaňky şarpyk iýen adam ýüzüp ýörkä, birden batga batyp gark boljak bolupdyr. Dosty haýal etmän gelip ony halas edýär. Gark bolmakdan halas bolan adam suwdan çykyp şol wagtyň özünde ulyrak bir daşyň ýüzüne: “Şu gün iň gowy dostum meni ölümden halas etdi” diýip ýazypdyr. Şarpyk çalan hem-de halas eden dosty onuň eden bu hereketine geň galyp seredip durupdyrda, şeýle sowal beripdir: “Janyňy ýakan wagtym gumuň ýüzüne, indi bolsa daşyň ýüzüne hat ýazdyň?”.


Dostunyň beren soragyna: “Eger-de biri janymyzy ýakan mahaly guma ýazmaly, sebäbi ötünç şemaly ony pozup biler ýaly. Kimdir biri biziň üçin ýagşylyk, gowy zat etse, hiç bir ýel hem onuň eden ýagşylygyny daşyň ýüzünden pozup bilmez ýaly” diýip jogap beripdir.

21
80
message
20.08.2023 12:09

Allah Nuh aleyhisselama "Gämi ýasa" diýdi, oda ýasady.

Dünýä gark boldy, emma gämi gark bolmady.


Dünýä ýumrulsa-da, Allahy diňleýäniň gämisi batmaz..!

22
101
message
18.08.2023 11:45

Erbet häsiýetli bir ýigit bardy. Bir gün kakasy oňa çüýden doly sumka berdi we: "Her gezek jedelleşip, dostlaryňyz bilen söweşeniňizde, bu tagta bir çüý ur" -diýdi. Ýigit ilkinji gün tagta 37 çüý urdy. Soňky hepdelerde özüni dolandyrmaga synanyşdy we gün geçdigiçe az çüý urdy.


Ahyrsoňy, bir gün ýigit tagta hiç hili çüý urmady. Kakasynyň ýanyna baryp, oňa habar berdi. Kakasy ony tagtanyň yanyna alyp gitdi we: "Bu günden başlap, jedel etmeýän we söweşmeýän, her günüñde agaçdaky urulan çüýlerden birini aýyr" -diýdi.


Günler geçdi. Bir gün hem tagtada hiç hili çüý galmaýar. Kakasy aýtdy: Gaty gowy! Sen özüňi gowy alyp bardyň, ýöne bu tagta üns bilen seret. Tagtanyň ýüzünde deşik köp. Indi öňki ýaly owadan bolmaz.


Dostlaryňyz bilen pikir alyşanyňyzda we söweşeniňizde erbet sözler aýdylýar. Her erbet söz ýara (deşik) galdyrýar. Dostuňyza müň gezek bagyşlandygyňyzy aýdyp bilersiňiz, ýöne bu deşik galar we ýapylmaz. Dost seýrek gymmat bahaly daş ýalydyr. Ol sizi güldürýär, höweslendirýär, zerur wagty size kömek edýär, sizi diňleýär we ýüregini size açýar.

19
55
message
15.08.2023 11:05

Bir gün ýere bir damja bal damýar. Kiçijek bir garynja gelyärde balyň tagamyny datýarda gidýär. Baly halapdy. Belli bir wagtdan soň ýene gelýärde biragyz iýýär. Gidesi geldi ýöne bal süýji gelipdi. Näme etse-de uzaklaşyp bilmedi. Özüni balyň lezzetine aldyryp balyň içine girdi. Yöne näçe synanyşsa-da içinden çykyp bilmedi. Çykjak bolup dyrjaşdygyça içine çümdi. Şeýdip hem balyň içinde jan berdi. Eger-de garynja özüne yeterlik derejedäki bal bilen oňňut etsedi ölmezdi.


Alymlaryň biri şeyle diýýär:

"Dünýä ullakan bir bal damjasydyr. Kim ondan özüne ýetjek derejede peýdalansa halas bolar. Emma, kim-de oňa çümäýse, garynja mysaly çümdükçe çümer we heläk bolar."

18
59