message
22.08.2023 10:03

Günlerde bir gün iki dost çöle gezelenje gidipdir. Olar açyk meýdanda aýlanyp, gürleşip gidip barýarkalar ikisiniň arasynda jedel bolýar we biri beýlekisiniň ýüzüne şarpyk çalýar. Şarpyk iýeniň jany ýanypdyr. Dostunyň bu eden hereketine gaharlanypdyr. Emma oňa ýeke söz hem diýmändir-de guma: “Bu gün iň gowy dostum meniň ýüzüme şarpyk çaldy” diýip ýazypdyr.


Soňra  bular ýene-de ýollaryny dowam edip bir oazise gelipdir-de suwa girip ýüzmek isläpdirler. Ýaňky şarpyk iýen adam ýüzüp ýörkä, birden batga batyp gark boljak bolupdyr. Dosty haýal etmän gelip ony halas edýär. Gark bolmakdan halas bolan adam suwdan çykyp şol wagtyň özünde ulyrak bir daşyň ýüzüne: “Şu gün iň gowy dostum meni ölümden halas etdi” diýip ýazypdyr. Şarpyk çalan hem-de halas eden dosty onuň eden bu hereketine geň galyp seredip durupdyrda, şeýle sowal beripdir: “Janyňy ýakan wagtym gumuň ýüzüne, indi bolsa daşyň ýüzüne hat ýazdyň?”.


Dostunyň beren soragyna: “Eger-de biri janymyzy ýakan mahaly guma ýazmaly, sebäbi ötünç şemaly ony pozup biler ýaly. Kimdir biri biziň üçin ýagşylyk, gowy zat etse, hiç bir ýel hem onuň eden ýagşylygyny daşyň ýüzünden pozup bilmez ýaly” diýip jogap beripdir.

21
80
gurbanowa
22 Awgust 2023
👍🏻
bulu
22 Awgust 2023
👍
message
22 Awgust 2023
@lalijek_07, Minnetdar..!
message
22 Awgust 2023
@roseee, Thanks..!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.