message
18.08.2023 11:45

Erbet häsiýetli bir ýigit bardy. Bir gün kakasy oňa çüýden doly sumka berdi we: "Her gezek jedelleşip, dostlaryňyz bilen söweşeniňizde, bu tagta bir çüý ur" -diýdi. Ýigit ilkinji gün tagta 37 çüý urdy. Soňky hepdelerde özüni dolandyrmaga synanyşdy we gün geçdigiçe az çüý urdy.


Ahyrsoňy, bir gün ýigit tagta hiç hili çüý urmady. Kakasynyň ýanyna baryp, oňa habar berdi. Kakasy ony tagtanyň yanyna alyp gitdi we: "Bu günden başlap, jedel etmeýän we söweşmeýän, her günüñde agaçdaky urulan çüýlerden birini aýyr" -diýdi.


Günler geçdi. Bir gün hem tagtada hiç hili çüý galmaýar. Kakasy aýtdy: Gaty gowy! Sen özüňi gowy alyp bardyň, ýöne bu tagta üns bilen seret. Tagtanyň ýüzünde deşik köp. Indi öňki ýaly owadan bolmaz.


Dostlaryňyz bilen pikir alyşanyňyzda we söweşeniňizde erbet sözler aýdylýar. Her erbet söz ýara (deşik) galdyrýar. Dostuňyza müň gezek bagyşlandygyňyzy aýdyp bilersiňiz, ýöne bu deşik galar we ýapylmaz. Dost seýrek gymmat bahaly daş ýalydyr. Ol sizi güldürýär, höweslendirýär, zerur wagty size kömek edýär, sizi diňleýär we ýüregini size açýar.

19
55
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.