meredalyyewa
29.07.2024 01:19
Biri ejeñ beýlekisem kakañdyr.
2
9
meredalyyewa
27.07.2024 09:33
Geçmezdiñ bir teññä-de.
7
17
meredalyyewa
28.06.2024 00:09
BU ÝYLGYRYŞ KÄN ZATLARY GIZLEÝÄR.

Bu ýylgyryş kän zatlary gizleýär,
Gizleýär geçmişiñ ýaralaryny,
Ýetilmejek arzuwlara ynanyp,
Köz bolan ýüregiñ garalaryny.

Bu ýylgyryş kän zatlary gizleýär,
Görünse-de onda günüñ hoşlugy.
Daşky görnüş gör hiç zady çözmeýär,
Ýa dolmaýar oýup alnan boşlugy.

Bu ýylgyryş kän zatlary gizleýär,
Gizleýär göwnümiñ çagalygyny.
Bir wagtky deý näzik,ynanjañ,ejiz,
Duşmana dözümsiz sadalygyny.

Bu ýylgyryş kän zatlary gizleýär,
Gizleýär ykbalyñ haýynlygyny.
Bir pursat geçmişe dolanmak üçin,
Ynsanyñ bar zada taýynlygyny.

Bu ýylgyryş kän zatlary gizleýär,
Gizleýär ertiriñ aladasyny.
Ýylgyryşyñ nämedigin bilmeýär,
Kim çekmese durmuş arabasyny.

MERJEN MEREDALYÝEWA.
9
28
meredalyyewa
27.06.2024 19:54
O DÜNÝEDE DEÑDIR BAÝAM-GEDAÝAM.

Şagal saýlap iýer süýji gawyny,
Kim halamaz süýdüñ gaýmaklanyny?!
Goýup şu dünýäde ýamanragyny,
Saýlap alar ýagşylary Hudaýam,
O dünýede deñdir baýam-gedaýam!

Daýhan orar öz pelinde ekenin,
Ýaman çeker şu dünýäde edenin,
Ölip bolmaz yzyndan her gideniñ,
Saýlap alar ýagşylary Hudaýam,
O dünýede deñdir baýam-gedaýam!

Ýazylanok gara daşa wezipäñ,
Mañlaýyña ýazylany nesibäñ,
Diri wagty söýüñ-söýlüp,ezizlañ,
Saýlap alar ýagşylary Hudaýam,
O dünýede deñdir baýam-gedaýam.

Öleni direltmez diýrler aglamak,
Bolan zady halamazlyk-halamak,
Näşükürlik bolar Haka nalamak,
Saýlap alar ýagşylary Hudaýam,
O dünýede deñdir baýam-gedaýam!

Kim gelipdir bu äleme ömürlik,
Galmasyn hiç kimde çyglyk-döwünlik,
Bir-birege beriñ mydam göwünlik,
Saýlap alar ýagşylary Hudaýam,
O dünýede deñdir baýam-gedaýam!

MERJEN MEREDALYÝEWA
18
38
meredalyyewa
26.06.2024 11:25
Awynmadyk bende ýok!

Mätäç wagtym uzamadyk eliñiz,
Daýanamda gelip çañym kakmasyn.
Görünmeýän ýürekdäki kiriñiz,
Pamyk ýaly arzuwuma ýokmasyn.

Kyn günümde berilmedik göwünlik,
Öwgi bolup dolanany gerekdäl.
Kynçylygam berilenok ömürlik,
Dert çekmedik ýürek munda ýürekdäl.

Geçer gider ömür öz taby bilen,
Unutmagyn awynmadyk bende ýok!?
Bagyt beriljekdir azaby bilen,
Ynanma,dert,biri diýse mende ýok!

MERJEN MEREDALYÝEWA.
10
30
meredalyyewa
25.06.2024 23:40
Aýlyga ýeten günüm(degişme).

Göýä bu gün saçagy bezeýär toý tüwüsi,
Çagajyklam begenýär bolan ýaly jigisi,
Wah neneñ begenmejek dolsa kimiñ jüwüsi,
Unuduldy sellemde hars urup öten günim,
30 günüñ eşredi aýlyga ýeten günüm.

Wah şu güne garaşyp tutman ýördim ulagy,
Diýsem kekgerip dura algydarlañ gulagy,
Arada gözüm görmän bir taýakly çolagy,
Awtobusyñ içinde dyklyşyp iten günüm,
30 günüñ eşredi aýlyga ýeten günüm.

Ynha işdeşim diýýär:bar saña bir buşlugym,
Iş hakyñy berjekmiş bar çagyrýar başlygym,
Hoş habary eşdemden ýatdan çykyp açlygym,
Hasap-hesip içinde sandyrap ýiten günüm,
30 günüñ eşredi aýlyga ýeten günüm.

Beh bu günä gazanyñ etli boljak çorbasy,
Işgärleriñ öýüne dolup barjak torbasy,
Ýumşak ýassyga goýup diñletmeli şor başy,
Ýeri geçdigi bolsun saralyp biten günüm,
30 günüñ eşredi aýlyga ýeten günüm.

MERJEN MEREDALYÝEWA.
16
34
meredalyyewa
14.06.2024 01:32
Sylagy gadyr bilene et.
17
35