meredalyyewa
25.06.2024 23:40
Aýlyga ýeten günüm(degişme).

Göýä bu gün saçagy bezeýär toý tüwüsi,
Çagajyklam begenýär bolan ýaly jigisi,
Wah neneñ begenmejek dolsa kimiñ jüwüsi,
Unuduldy sellemde hars urup öten günim,
30 günüñ eşredi aýlyga ýeten günüm.

Wah şu güne garaşyp tutman ýördim ulagy,
Diýsem kekgerip dura algydarlañ gulagy,
Arada gözüm görmän bir taýakly çolagy,
Awtobusyñ içinde dyklyşyp iten günüm,
30 günüñ eşredi aýlyga ýeten günüm.

Ynha işdeşim diýýär:bar saña bir buşlugym,
Iş hakyñy berjekmiş bar çagyrýar başlygym,
Hoş habary eşdemden ýatdan çykyp açlygym,
Hasap-hesip içinde sandyrap ýiten günüm,
30 günüñ eşredi aýlyga ýeten günüm.

Beh bu günä gazanyñ etli boljak çorbasy,
Işgärleriñ öýüne dolup barjak torbasy,
Ýumşak ýassyga goýup diñletmeli şor başy,
Ýeri geçdigi bolsun saralyp biten günüm,
30 günüñ eşredi aýlyga ýeten günüm.

MERJEN MEREDALYÝEWA.
16
34
fl_ower
26 Iýun 2024
😀
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.