Awynmadyk bende ýok!
Mätäç wagtym uzamadyk eliñiz,
Daýanamda gelip çañym kakmasyn.
Görünmeýän ýürekdäki kiriñiz,
Pamyk ýaly arzuwuma ýokmasyn.
Kyn günümde berilmedik göwünlik,
Öwgi bolup dolanany gerekdäl.
Kynçylygam berilenok ömürlik,
Dert çekmedik ýürek munda ýürekdäl.
Geçer gider ömür öz taby bilen,
Unutmagyn awynmadyk bende ýok!?
Bagyt beriljekdir azaby bilen,
Ynanma,dert,biri diýse mende ýok!
MERJEN MEREDALYÝEWA.