melayew
29.06.2024 11:01

?!

17
89
melayew
09.05.2024 01:59
Adam düzelende, bütin dünýä düzeler!
Bir adam bütin hepdäniň dowamyndaky ýadawlygyny gidermek üçin dynç güni ir bilen oýanyp, gazetini eline alyp, uzakly gün öýde dynç almagy meýilleşdiripdir. Şol pursat kiçijik ogly onuň ýanyna ylgap gelipdir-de, özüni haçan seýilgähe äkitjekdigini sorapdyr. Asyl, kakasy ogluna şu dynç güni seýilgähde gezelenç etmäge söz beren ekeni. Emma ýadawlygy zerarly öýden çykmak islemeýän adam ogluna bir bahana tapmak isläpdir. Gazetiň sahypasyndaky mahabat hökmünde çap edilen dünýä kartasyna gözi düşüpdir, ony çykalga hökmünde görüpdir. Ol dünýä kartasyny owunjak böleklere bölüşdiripdir-de, ogluna uzadyp: «Eger şu kartany öňki görnüşine getirip bilseň, seni gezelenje äkiderin» diýipdir. Soňra bolsa öz ýanyndan: «Oglum bu kartany tamamlaýança bir gününi sarp eder, menem uzakly gün öýde bolaryn, arkaýyn dynç alaryn» diýip pikir edipdir. On minut geçeninden soň, ogly kakasynyň ýanyna ylgap gelip: «Kaka, ynha, kartany tamamladym, indi gezelenje gidip bileris» diýipdir. Kakasy bu ýagdaýa ynanmandyr. Beýle gysga wagtda olary ýerbe-ýer etmek asla mümkin däldi ahyry.Dogrudanam, dünýäniň kartasy edil öňküsi ýaly düp-düzüw, ýerbe-ýerdi. Kakasy oglundan muny nädip tiz başarandygynyň sebäbini sorapdyr. Oglunyň beren jogaby kakasyny haýran galdyrypdyr. Oglunyň beren jogaby şeýledi: «Maňa beren kartaň arka ýüzünde bir adamyň suraty bar ekeni. Adamy düzedenimden soňra, dünýä öz-özünden düzeldi». Adam düzelende, bütin dünýä düzeler...
Yazar: Nurdan Özkan
Kitap: Häzir bolmasa haçan ?
27
291
melayew
23.04.2024 18:53

Şu wakadan köp sapak alyp bileris:

1950-nji ýylda Şatlandiýanyñ deñiz portuna bir gämi ýanaşýar. Gämi labyr atansoñ işgärler bu ýerde goýmaly ýüklerini gämiden çykarýalar. Bir işgärem "galan ýük bolaýmasyn" diýip gäminiñ sowuk ammaryna girip gözden geçirip ýörkä, başga bir işçi sowuk ammarda adam bardygyny bilmän ammaryñ gapysyny gulplaýar we gämi hereket edýär. Sowadyjy ammarda galan işçi sesiniñ ýetdiginden gygyrýar, gapyny urýar emma eşiden bolmaýar. Ol işçi näçe jan etsede sowadyjy ammara gelen giden bolmaýar. Işçi açlykdan ölmez ýaly ammarda iýere zadyñ bardygny bilse-de özüniñ doñup öljekdigine gözi ýetýär. Ol ýanyndaky pyçagy bilen indi özüniñ el aýagynyñ gurşup, duýman başlandygyny, güýjüniñ azalýandygyny gämiñ demir diwarlaryna gazap ýazýar... 3 günden soñ ammaryñ gapysy açylýar. Adamyñ ýogalan eken. Her kim ol adamyñ ölmezinden öñ diwarlara ýazan ýazgysyny okap haýran galýarlar. Sebäbi sowadyjy ammaryñ içi 19° gradus maýyl eken. Şatlandiýa deñiz portunda ýükler çykarlansoñ sowadyjy öçürlipdir eken. Ol adamam doñup ölmändirde, doñup özüniñ öljekdigne ynanandygy üçin, maýyl howada ölmegi başarypdyr. Ýagny biziñ hiç wagt unutmaly däl zadymyz: Sen özüñi haýsy zada ynandyrsañ, şol zat başyña geler.

Yazar: Hakan Mengüç

E-kitap: Ben Ney'im

Dili: Türkçe

26
141
melayew
29.01.2024 20:20
1.Düýeguşuň ýumurtgasyny gaýnatmak üçin naçe wagt gerek?
1) 4sag
2) 30 min
3) 1 sag
4) 2 sag
2. Enşteýn näçe ýasa çenli gürlap bilmändir?
1) 9 ýasa çenli
2)2 yasa çenli
3)3 yasa çenli
4)5 yasa çenli
3.Dünýä ýüzi boýunça her naçe wagtdan çaga dogulýar
1)4mint
2)1mint
3)3sek
4)55sek
4.Adamdan başga kellesinde duryp bilýän ýeketäk jandar.
1) zebra
2) gaplaň
3) pil
4) möjek
5. Ýüz ýaşanlaryň 80% kimler?
1) erkekler
2) aýallar
3) Hytaýlylar
4) Ýaponlylar

pikirlen hani🤔
20
324
melayew
27.01.2024 13:42
Gulundan dal, Hakdan edip dilegi,
Özümizi kyna dozsek naderka.
Agyr dalmi barlylaryň küregi,
Garyp gämimizde yüzsek näderkä.

Maşa bolsaň düşnüklirak yalydyr,
Adyň Maýa, saçyň neçün sarydyr?
Türkmenligňi gizlemandir barybir,
Maýajan şol reňki pozsak naderkä.

'Namys' diylen tasin ýazgy barmyş,
Ýazdyraýsaň gepden goraýarmyşyn.
Döwrüň erkeklerine uly haýyşym,
Şondan tapyp kalba ýazsak näderkä.

Öwen bolup syryň ýaýar Äleme,
Işiň düşüp barsaň jagap:'Ä? Neme...!'
Bir teklip bar üýşüň meniň ýanyma,
Şeýle dostlaň üstün çyzsak näserkä.

'Nika' diýmek 'Durmuş toýy' diýmekdir,
'Nika' diýmek' Ömür boýy' diýmekdir,
'Nika' diýmek bagty 'soýup' iýmekdir,
Del baähbidi ondan üzsek näserkä.

'Eje'sozü mahremligiň gürüdi,
'Eje' sözi dilleň süýji dürüdi.
Bu gun ondan neneň sogünç döredi,
'Ejeň...' diýýän dili ezsek näderkä.

Zer känelýar,Ser känelýär bat bilen,
Söýgi galýar şol köneje at bilen.
Ady galdy abraýny nätdiler,
Ol ölmänkä ömrün sozsak näderkä.

Sadalygy bezar mydam her ili,
Şol ýagty saklaýar,ýagty zemini.
Entek alyp bilmez gybat Kerimi,
Gowsy dil ýuwdup gezsek näderkä.

@Kerim Hallyýew.
31
75
melayew
24.01.2024 21:28
manyly setir
26
125
melayew
23.01.2024 20:34
manyly setirler ⭐
28
144
melayew
17.01.2024 20:53
Çynmika bu 🤔
41
694