melayew
09.05.2024 01:59
Adam düzelende, bütin dünýä düzeler!
Bir adam bütin hepdäniň dowamyndaky ýadawlygyny gidermek üçin dynç güni ir bilen oýanyp, gazetini eline alyp, uzakly gün öýde dynç almagy meýilleşdiripdir. Şol pursat kiçijik ogly onuň ýanyna ylgap gelipdir-de, özüni haçan seýilgähe äkitjekdigini sorapdyr. Asyl, kakasy ogluna şu dynç güni seýilgähde gezelenç etmäge söz beren ekeni. Emma ýadawlygy zerarly öýden çykmak islemeýän adam ogluna bir bahana tapmak isläpdir. Gazetiň sahypasyndaky mahabat hökmünde çap edilen dünýä kartasyna gözi düşüpdir, ony çykalga hökmünde görüpdir. Ol dünýä kartasyny owunjak böleklere bölüşdiripdir-de, ogluna uzadyp: «Eger şu kartany öňki görnüşine getirip bilseň, seni gezelenje äkiderin» diýipdir. Soňra bolsa öz ýanyndan: «Oglum bu kartany tamamlaýança bir gününi sarp eder, menem uzakly gün öýde bolaryn, arkaýyn dynç alaryn» diýip pikir edipdir. On minut geçeninden soň, ogly kakasynyň ýanyna ylgap gelip: «Kaka, ynha, kartany tamamladym, indi gezelenje gidip bileris» diýipdir. Kakasy bu ýagdaýa ynanmandyr. Beýle gysga wagtda olary ýerbe-ýer etmek asla mümkin däldi ahyry.Dogrudanam, dünýäniň kartasy edil öňküsi ýaly düp-düzüw, ýerbe-ýerdi. Kakasy oglundan muny nädip tiz başarandygynyň sebäbini sorapdyr. Oglunyň beren jogaby kakasyny haýran galdyrypdyr. Oglunyň beren jogaby şeýledi: «Maňa beren kartaň arka ýüzünde bir adamyň suraty bar ekeni. Adamy düzedenimden soňra, dünýä öz-özünden düzeldi». Adam düzelende, bütin dünýä düzeler...
Yazar: Nurdan Özkan
Kitap: Häzir bolmasa haçan ?
27
291
nabat_
22 Iýun 2024
Bilesa gelay😊
ulun
16 Iýun 2024
Dogry aytyan
gonk
19 May 2024
👍
manolya
19 May 2024
@Nazarova__, gülemoga menem 🤦🤦
nabat_
19 May 2024
@melayew, ufff hic gowy zad bolmady 😣😣😣
nabat_
19 May 2024
@melayew, jan edip bilemmoga oyde bu gun
nabat_
19 May 2024
@Nazarova__, jan edip bilemmoga😔oyde bu gun
nabat_
19 May 2024
@manolya, gulkinc zad yoga ablajim🙁
nabat_
19 May 2024
@manolya, kime ynanmasamam şatlyga ynanyan 😊
nabat_
19 May 2024
Gerek yerinde şulam yokda😞😞
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.