Gulundan dal, Hakdan edip dilegi,
Özümizi kyna dozsek naderka.
Agyr dalmi barlylaryň küregi,
Garyp gämimizde yüzsek näderkä.
Maşa bolsaň düşnüklirak yalydyr,
Adyň Maýa, saçyň neçün sarydyr?
Türkmenligňi gizlemandir barybir,
Maýajan şol reňki pozsak naderkä.
'Namys' diylen tasin ýazgy barmyş,
Ýazdyraýsaň gepden goraýarmyşyn.
Döwrüň erkeklerine uly haýyşym,
Şondan tapyp kalba ýazsak näderkä.
Öwen bolup syryň ýaýar Äleme,
Işiň düşüp barsaň jagap:'Ä? Neme...!'
Bir teklip bar üýşüň meniň ýanyma,
Şeýle dostlaň üstün çyzsak näserkä.
'Nika' diýmek 'Durmuş toýy' diýmekdir,
'Nika' diýmek' Ömür boýy' diýmekdir,
'Nika' diýmek bagty 'soýup' iýmekdir,
Del baähbidi ondan üzsek näserkä.
'Eje'sozü mahremligiň gürüdi,
'Eje' sözi dilleň süýji dürüdi.
Bu gun ondan neneň sogünç döredi,
'Ejeň...' diýýän dili ezsek näderkä.
Zer känelýar,Ser känelýär bat bilen,
Söýgi galýar şol köneje at bilen.
Ady galdy abraýny nätdiler,
Ol ölmänkä ömrün sozsak näderkä.
Sadalygy bezar mydam her ili,
Şol ýagty saklaýar,ýagty zemini.
Entek alyp bilmez gybat Kerimi,
Gowsy dil ýuwdup gezsek näderkä.
@Kerim Hallyýew.