matsuriken
12.10.2024 19:20

Howwo... goşgumyñ ady "Men gidiräm"


Men giderin,

Sözleñ saklamaz meni,

Göz ýaşada dözerin

Gözleñ saklamaz meni.

Ýollar saklamaz meni,

Ýeller saklamaz meni.

Posalañdan geçemsoñ,

Elleñ saklamaz meni.


Gözüm ýumup, ümdüzüne giderin,

Gijelerden gorap yörme

Men gitsem

Gündüzine giderin.


Dideleñden üzerin men didelem,

"Hoş" diýmäne gurbum çatman giderin.

Hem-ä köp zatlary aýdaryn dymyp,

Hem syrly pikirim açman giderin.


Daglaryñ çesmesin içip giderin,

Ýazlaryñ ýagyşyn seçip giderin.

Çöllerden giderin, düzden giderin,

Guşlar deýin güýzden göçüp giderin.


Giderin ýyllardan aramy açyp,

Giderin salgymdan arany açyp.

Deñiz tolkunlarna ahmyrym döküp,

Gümana ertirden giderin gaçyp.


Ýyldyrymlar ýoldaş bolarlar maña,

Senden beýle tiz gidenmi duýmarsyñ.

Men gidemsoñ ýatlamaga ýetişme

Eger şeytsem meñ gidenmi duýmarsyñ.


Birje pursat ýañylybam ýatlaýma,

Göz ýaş bilen yzlarymy pozarsyñ.

Söz berýän sen diñe bagtly gyz däl-de,

Bagtly gyzlaň deñinden has ozarsyñ...


Men giderin.

Näzleň saklamaz meni.

Mähire baý gujagyň

Ýazlaň saklamaz meni.

Söýgiñ saklamaz meni,

Kalbyñ saklamaz meni—

Bir wagt başym uçuran aklyñ saklamaz meni.



© Edepli Gödek

7
93
matsuriken
10.10.2024 19:57
GOÝUNLAR ÜÇIN TEBIGATYŇ KANUNLARY

1. Ölüm bolmasa, ýaşaýyş bolmaz!


2. Ýaşaýan güýçli bolar, akylly bolsa üstün çykar!


3. Nahar iýjek bolsaň, aw etmeli! Meýletin garaşyp oturanlar soňunda "aw" bolar.


4. Resurslaryň tükense, senem tükenersiň!


5. Düzgünler üýtgemez, üýtgetjek bolsaň deňagramlylygy bozarsyň we ýok bolarsyň!



Indi Düşüniň!

Her gezek adamlar tebigatyň işine goşulaňda näme bolýar? Otluk ösümlikleriň genini üýtgedýärler, ekologiýa çöker. Derýalaryň ugruny üýtgedýärler, sistema doly çöker. Nebit gazýarlar, ýene-de çökmek ätindedir. Köp haýwan köpelýär, şol bir senariýo gaýtalanýar. Näme bolýar soňunda? Tebigat özüni silkýär! Ýer yranmalar, suw joşmalar, tupançylyklar... Betbagtçylyklary durzup biljek tehnologiýa barmy? Ýok! Bolan ýagdaýynda-da, adamzat öz ahyryna özi ýeter!

Arylaryň %70-i pufff, ýok boldy! Birnäçe wagtdan soň näme bolar bilýäňizmi? Tozanlama ýok, ösümlik ýok, haýwanlar aç, adamlar aç! Adamzada hoşlaşyk! Sizi halas etjek hiç kim ýok! Betbagtçylyklar, pandemiýalar, açlyk... Emma siz henizem filmlerde görýän zatlaryňyza güljek bolýarsyňyz!

Size soraýaryn: Näme üçin tohum bankalary döredilýär? Näme üçin ýerasty gaçybatalgalar gurulýar? Jogap ýönekeý: Çünki hakykaty düşünýänçäňiz işler erbetleşer! "Wah! Tüweleme, filmlerdäki ýaly eken!" diýersiňiz. Filmler size aňasty habarlary berýär!

Karantin filmleri, betbagtçylyk filmleri, kosmos filmleri... Hemmesi size habar ýollap dur, ýöne görýän we eşidýän barmy?! Hey, akmaklar! Oýanmak hemişe okaň!
13
142
matsuriken
06.10.2024 11:40
ŞYGYR

Guzel sözler hünjüleýän monjuga,
Dişim çekişleýän ýalan sözlesem.
Orun berýän gapdalymda gonjaga,
Üstümden gülseler bolýaryn sem.

“Sem” diýenim, ýedi däl-de dymmakdyr,
Şahyrçylyk ýazmak däl-de, ýanmakdyr.
Ýananyňda požar etmän, sönmekdir.
Bizden salam bolsun, jogap şu dekdir.

I tak, sözden monjugy düzýän hünji,
Her setirim size Karunyň genji,
Böýle diýsem, heýç edinmäňler ünji,
Peýdasy size nesip eder birinji.

Okan ahmyr edr, okamadyk arman,
Şirin-şeker sözümne, özm-de gurban,
Bilýän! Sizem sözme aşyk, syr bermän.
Okan ahmyr edr, okamadyk arman...

©Ýazyjy Şahyrlyýew☻
7
37
matsuriken
28.09.2024 18:06
HINDI MIFOLOGIÝASY

Umumy Maglumat:
Hindi mifologiýasy dünýäniň iň gadymy we baý mifologiýalarynyň biridir. Hinduizmiň esasyny düzýän bu mifologiýa dürli hudaýlar, aýal hudaýlar, rowaýatlar we mukaddes kitaplar bilen doludyr. Hindi mifologiýasy, älemiň ýaradylyşyndan başlap, adamzadyň ahlak ýol-ýörelgelerine çenli köp sanly meseläni öz içine alýar.

Hudaýlar we Aýal Hudaýlar:
Trimurti: Üç Mukaddes Hudaý
Brahma: Älemiň we ähli janly-jandarlaryň ýaradyjysy hasaplanýan ýaradyjy hudaý.
Wişnu: Älemiň tertibini we adalatlylygyny goraýan goragçy hudaý. Onuň on awatary (esasan Rama we Krişna) Hindi mifologiýasynda uly orun tutýar.
Şiwa: Ýok ediji we täzeden ýaradyjy hudaý, ýok ediş we täzeden dogluş siklini dolandyrýar.

Beýleki Mühüm Hudaýlar:
Dewi: Aýal Hudaý hökmünde bilinýär we köp dürli görnüşlerde peýda bolýar, iň esasylary Durga we Kali-dir.
Lakşmi: Baýlyk we rysgal-bereket aýal hudaýy, Wişnunyň ýanýoldaşy.
Saraswati: Bilim we sungat hudaýy, Brahmanyň ýanýoldaşy.
Ganeşa: Päsgelçilikleri aýyrýan we akyl-paýhasy alamatlandyrýan pil kelleli hudaý, Şiwa we Parwatiniň ogly.
Hanuman: Ramanyň wepaly hyzmatkäri we güýç alamaty bolan maýmyn hudaý.
Älemiň Ýaradylyş Rowaýaty
Hindi ýaradylyş rowaýatlary örän köpugurlydyr. Ýöne iň esasy rowaýata görä, älem Brahma tarapyndan ýaradylandyr. Onuň öň ýanynda bolsa, tertipsizlik (Pralaýa) höküm sürüpdir. Bu tertipsizlikden çykan Wişnu, bir ýylan üstünde ýatyp, göwresinden Brahmany emele getirýär. Brahma, dört başy bilen älemiň dört tarapyny synlap, älemi ýaradyar.

Mukaddes Kitaplar:

Wedalar:
Rigweda: Iň gadymy we iň mukaddes Weda bolup, doga-dileglerden we hudaýlara öwgülerden ybaratdyr.
Samaweda: Saz we dilegler Wedasydyr, esasan Rigwedadaky dilegleriň sazly görnüşlerini öz içine alýar.
Ýajurweda: Ybadat däp-dessurlary Wedasydyr we gurbanlyk dessurlarynda ulanylýar.
Atharwaweda: Dogalar, ýadygärlikler we ybadatlar öz içine alýar, halk ynançlaryny we gündelik durmuş bilen baglanyşykly amallary görkezýär.

Upanişadlar:
Wedalaryň mistiki we pelsepe bölümleridir. Adam ruhy (Atman) we älemiň ruhy (Brahman) ýaly meseleleri işleýärler.

Puranalar:
Puranalar, Hindi mifologiýasynyň we Hinduizmiň taryhyny beýan edýän kitaplardyr. Hudaýlaryň rowaýatlaryny, patyşalaryň nesillerini we älemiň ýaradylyşyny gürrüň berýär. Başky Puranalar:

Bhagawata Purana: Wişnu we onuň awatarlary hakda ýöriteleşýär.
Wişnu Purana: Wişnunyň hekaýalary we älemiň ýaradylyş rowaýatlary.
Şiwa Purana: Şiwanyň hekaýalary we oňa ybadat däp-dessurlary.
Uly Dessanlar (eposlar)

Mahabharata:
Mahabharata, dünýäniň iň uzyn dessanlaryndan biridir we takmynan 100.000 setirden ybaratdyr. Iki dogan garyndaş topar, Kaurawalar we Pandawalar arasynda uly söweşi beýan edýär. Dessan, Dharma (ahlak borjy) we Adharma (ahlaksyzlyk) arasyndaky gapma-garşylygy çuňňur öwrenýär. Şeýle hem Bhagawad Gita bu dessanyň bir bölegidir we Wişnunyň awatary Krişnanyň öwüt-nesihatlaryny öz içine alýar.

Ramaýana:
Ramaýana, akyldar patyşa Rama'nyn durmuşyny we zalym patyşa Rawana garşy alyp baran söweşini gürrüň berýär. Ramaýana, ahlaklylyk, borç we wepalylyk ýaly temalara aýratyn üns berýär. Sitanyň Hanumanyň wepalylygy ýaly mowzuklar öňe çykýar.

Mifologiki Temalar we Düşünjeler:
Karma we Reenkarnasiýa:
Hindi mifologiýasy, Karma (sebäp-netije kanuny) we Samsara (täzeden dogluş sikli) düşünjelerine esaslanýar. Adamyň bu siklden halas bolmagy Mokşa hökmünde tanalýar.

Awatarlar:
Wişnunyň älemdäki tertibi täzeden dikeltmek üçin dürli wagtlarda dünýä inen on dürli awatary bardyr. Bu awatarlaryň içinde iň tanalýanlary Rama we Krişna'dyr.

Bhakti:
Bhakti, hudaýa bolan söýgi we wepalylygy aňladýar. Bu düşünje, adamlar hudaýa bolan ýürekden ygrarlylyklary arkaly halas boljakdyklaryny öňe sürýär.

© Copyright 2024 matsuriken
6
59
matsuriken
25.09.2024 09:11
Öýdäkiň sekgizinji martyna bagyşlane

Sen hikirdäp gülme
Otuz ikiň görünýä
Olary görüp meň
Aňrym
bärime gelýä

Sen maňa bakma-how
Ýürejigim dilinýä
Ýaşlykky ýalňyşym
Basyp,
egnime münýä

Iňňildiň goýsana
Şüşş çagalar oýanýa
Hany heleýbaý, gaharlanmasana
Sen nähili bolsaňam
Äriň saňa guwanýa.

Awtory: O'nore de Bazzzyk wuzzuk
5
109
matsuriken
23.09.2024 23:19
GITME, GAL ÝANYMDA

Aýralyklaň pasly güýz geldi diýip,
Haýyş edýän aýralygy döretme!
Ykbalyňa ýalňyş ýazylan söz dek,
Söýgimizden pozgujyňy ýöretme!

Birje bakyş ýeterlikdir, ynansaň
Özüm bagtly saýyp ömür sürmegme.
Tötänleýin duşan däldiris, bilseň
Maňlaýma däl ýazylansyň ýüregme.

Gal meň bilen özge arzuw neýläýin,
Sensiz dünýäm gurap galar, çöl bolar.
Ynanýaryn süýji günleň geljegne,.
Seniň bilen Jahan ýüzi Gül bolar.

Sen ýagmyr men ýaýylyp ýatan toprak,
Sen şemal men yzyňda ygýan ýaprak.
Sen alaw men oduňa ýanjak howa,
Sen bagt—
Men sensiz betbagt.
Ýyllar soň ökünmeli etme ýatlap,
Gitme geljegimiň üstünden ätläp...

©Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
13
164
matsuriken
22.09.2024 18:16
OBSIDIAN

Obsidian bellik, zametga programmasy hakykatdan hem gaty ajaýyp! Ýazgy depder ýaly bir zat, ýöne sanly görnüşde. Kelläme gelen zatlary hemmesini şu ýere ýazyp bilýän we soňra olary tertipläp saklamak gaty aňsat. Men muny maslahat berýärin, sebäbi köp bellik edip, olary kategoriýalara bölmek we biri-birine baglamak asla kyn däl. Ýerlerden ýerlere link goýmak we baglanyşyklar gurmak ajaýyp! Markdown dilini bilseň boldy, kyn däl. 😌🙌 Bet, işjeň we ýönekeý bir programma. Synap görmedik bolsaň, synap görmegini maslahat bererin, belki senem men ýaly halarsyň. 😌🙌
15
237
matsuriken
19.09.2024 10:48
ýoldongeçipbaredymgözümdüşdi

birmagazyna

baýramdiýipýazykduraneken

suratadüşürdim

yzynagylyçdiýipýazdym

meňadymemelegeldi

siziňadyňyzdowrygelsesizemşeýdiň

poka
10
103
matsuriken
18.09.2024 12:49
Bu wolso meň pleýlistim. Diňläp dynjalyň!

- Evil Morty Theme (Rick and Morty)
- Gravity Falls Opening Theme
- Eduard Artemev - Resurrection
- Resurrection (Tommy Boy Silver Label Original)
- Sherlock TV Series Opening Song
- The Game Is On (Sherlock)
- Touch TV Series Opening Song
- Pirates of Carribean Sea theme song
- Nar Agajy - Nury Halmämmedow
- Symphonic picture of Turkmenistan - Nury Halmämmedow
- Clint Mansell - Lux Aeterna (Requiem for a Dream)
- The Stream - Tanuki Project (I Pet Goat II saundtrack)
12
101