GITME, GAL ÝANYMDA
Aýralyklaň pasly güýz geldi diýip,
Haýyş edýän aýralygy döretme!
Ykbalyňa ýalňyş ýazylan söz dek,
Söýgimizden pozgujyňy ýöretme!
Birje bakyş ýeterlikdir, ynansaň
Özüm bagtly saýyp ömür sürmegme.
Tötänleýin duşan däldiris, bilseň
Maňlaýma däl ýazylansyň ýüregme.
Gal meň bilen özge arzuw neýläýin,
Sensiz dünýäm gurap galar, çöl bolar.
Ynanýaryn süýji günleň geljegne,.
Seniň bilen Jahan ýüzi Gül bolar.
Sen ýagmyr men ýaýylyp ýatan toprak,
Sen şemal men yzyňda ygýan ýaprak.
Sen alaw men oduňa ýanjak howa,
Sen bagt—
Men sensiz betbagt.
Ýyllar soň ökünmeli etme ýatlap,
Gitme geljegimiň üstünden ätläp...
©Baýramgylyç SAPARGYLYJOW