manolya
11.03.2024 00:13


Sende Gökden yşk-nur ýagar,
Adam kowmy başyn eger,
Biraz kirlän bolsa ,eger ,
Kalby päklärsiň ,Remezan.

Sen gorarsyň-gaýdan,ýelden,
Sen gorarsyň- ýaman dilden,
Ynsap giden bolsa elden,
Kalby päklärsiň,Remezan.

Garatmawer,gaty gapa !
Adam golaý barýar hapa,
Goýberilen bolsa hata,
Kalby päklärsiň Remezan,

Bolunsa yşkdan perwana,
Diýilmez ,"Ol bir Diwana!"
Şek ýetse genji imana,
Kalby päklärsiň, Remezan

Kän-ä adama gerek zat,
Gybatyn etmek-gahat zat,
Ýalňyşman bilmez adamzat,
Kalby päklärsiň ,Remezan

Kalbym dertden oýum-oýum,
Ýöne halas edýär ôýüm.
Hallan atsa pikir-oýum,
Kalby päklärsiň ,Remezan.

Ogultäç Oraztaganow...
35
86
manolya
10.03.2024 21:01


Magtymguly Pyragynyň Remezan aýy hakynda garaýşy

Ähli türkmen halky her ýylda uly umyt-arzuwlar bilen asuda, parahat asmanymyzda dogýan aýlaryň göwheri bolan Remezan aýyny Orazany garşylaýar. Remezan arap sözi bolup “ramag” ýagny, türkmençe “yssy” diýen manyny berýär. Bu söz ynsan kalbynyň köňül öýleriniň mähri bilen baglanşyklydyr.





“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem sanlyja günlerden Oraza aýy başlaýar. Türkmeniň akykldar şahyry Magtymguly Pyragy bu mukaddes aý barada şeýle beýan edipdir:



Ýylyň dört paslynda – on iki aýda,
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn.



Şahyr bu goşgusynda Remezan aýynyň beýleki aýlardan tapawutlanýandygyny, Oraza tutmagyň päklige tämizlige çagyrýandygyny aýratyn belläp geçýär.





Halkymyza däp bolşy ýaly, Meret aýy tamamlanyp, Oraza aýy diý­len­de, ikin­di­na­ra pä­ki­ze as­man­da tyl­la Gün ýa­şar-ýaş­maz uçur­la­ry ça­ga­lar we ýet­gin­jek­ler ga­py-ga­py aý­la­nyp “Ýa ýa­re­me­zan” aý­dy­şyp, Re­me­zan aýy­nyň ge­len­di­gi­ni sö­ýün­ji­le­ýär­ler.





Bu mukaddes aýyň do­wa­myn­da mu­sul­man­lar met­jit­le­re ýyg­na­nyp, ta­ra­wa na­maz­la­ry­ny oka­ýar­lar. Adamyň dur­mu­şyn­da bo­lup geç­ýän bu öz­ge­riş­lik­ler onuň ru­hy dün­ýä­si­ni baý­laş­dy­ryp, ah­lak, edep, yn­san­per­wer­lik sy­pat­la­ry­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne ge­tir­ýär. Tutuş aýyň do­wa­myn­da meý­le­tin­lik bi­len iýip-iç­mek­den, ne­bis­den ýüz öwür­mek yn­san sy­na­sy­na, kal­by­na tä­miz duý­gu­la­ry ba­gyş­la­ýar.





Akyldar şahyr Oraza tutmaklygyň nä derejede sogabynyň bardygyny aşakdaky goşgy setirleriň üsti bilen beýan edipdir:



Magtymguly terk eýleme edasyn,
Terk eýleseň – tutawergil kazasyn,
Magnysyna ýetip bilseň mazasyn,
Ajap içre, ajap kärdir bu uroza.





Re­me­zan – Ora­za aýy­nyň iň mü­bä­rek gi­je­si hem Ga­dyr gi­je­si ha­sap edil­ýär. Şol sebäpli oňa gi­je­le­riň sol­ta­ny di­ýýärler. Bu Ora­za aýy­nyň ýig­ri­mi al­ty­syn­dan ýig­ri­mi ýe­di­si­ne ge­çil­ýän gi­je­dir.



Orazgül Myratdurdyýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň
3-nji ýyl talyby
32
59
manolya
08.03.2024 23:18
Kadryň arkasynda: kino sungatyny özgerden zenanlar


Kino dünýäsi özüniň aýdyňlygy, jadylylygy hem-de çäksiz mümkinçilikleri bilen özüne çekýär. Her kim bu dünýäniň bir bölegi bolmak isleýär, ýöne bu ugurda üstünlik gazanmak diňe az sanly adamlara başardýar.

Bu makalada diňe bir kino pudagynda öz ýollaryny tapman, eýsem onuň ösmegine möhüm goşant goşan zenanlar barada gürrüň bereris.



Alis Gi — bu kino taryhynyň sahypalarynda ýatdan çykarylan atdyr. Ol ilkinji zenan režissýor bolup, durmuşyny kinematograf bilen baglamak islän başga-da köp sanly adam üçin ýol açan zenandyr.

Ähli zat fotosurat enjamlaryny öndürýän kompaniýanyň eýesi Leon Gomonyň kätipliginden başlandy. Kompaniýa soňlugy bilen «Gaumont» diýlip tanaldy. Lumýer doganlaryň «Zawoddan çykýan işçiler» filminiň görkezilişine gatnaşmak Alisiň durmuşynda öwrülişik döretdi. Hronofotograf üçin patent alan kompaniýa Alise mümkinçilik berdi we ol höwes bilen kino tehnikasynyň ähli şertlerini açmak üçin döredilen görkeziş filmlerini döredip başlady.

Emma Alis dokumental žanr bilen çäklenmedi. Onuň zehini kinoda sungat eserlerini döretmek mümkinçilik ýollaryny gördi.

«Öz batyrgaýlygyma bil baglap, Gomona iki sany kiçijik sahna kino eserini surata düşürip biljekdigimi we muňa gatnaşjak dostlarymyň bardygyny aýtdym. Şol döwürde kimdir biri kinonyň geljekki ösüşini öňünden gören bolsa, men onuň rugsadyny almazdym. Ýaşlygym, tejribesizligim, jynsym — hemme zat maňa garşydy. Şeýle-de bolsa, munuň kätiplik wezipämi ýerine ýetirmegime päsgel bermeýändigine ynandyryp, munuň üçin rugsat aldym» — diýip, Alis Gi soň-soňlar ýatlaýar.
1896-njy ýylda ol özüniň ilkinji çeper filmini — «Kelem jadygöýi, ýa-da çagalaryň dünýä inişi» atly filmini ýazdy we oňa režissýorlyk etdi. Bary-ýogy bir minutlyk dowam eden bu film taryhda ilkinji fentezi žanrly film boldy.

Filmiň üstünligi haýran galdyrdy, Alis Gi «Gaumont» kompaniýasynyň film önümçiliginiň başlygy wezipesine bellenildi. Ol bu wezipede 10 ýyl zähmet çekmek bilen, innowasion film usullary esasynda kino surata düşürmegi yzygiderli synag etdi: goşa ekspozisiýa, wideony tersligine görkezmek, ekrany bölmek we başgalar. Käbir çeşmelere görä, Alis Gi 1896-njy ýyldan 1920-nji ýyla çenli 1000-den gowrak film surata düşürip, olaryň 22-si doly göwrümli filmlerdir.



Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna göçüp baran, asly Russiýa imperiýasyndan bolan Maýýa Deren kino taryhynda «Amerikan awangardynyň enesi» hökmünde uly yz galdyrdy.

Nýu-Ýork uniwersitetinde edebiýat ugrundan okap, ol bu ýerde diňe bir bilim alman, eýsem adamsy — çeh režissýory Aleksandr Hammid bilen hem tanyşdy. Andre Breton we Marsel Duşan ýaly sýurrealizmiň parlak ýyldyzlary bilen gurşalan gurşawda onuň özboluşly stili dünýä indi.

1943-nji ýylda Dereniň ilkinji debýuty — 275 dollarlyk býujet bilen döredilen «Günortan torlary» atly sessiz gysga göwrümli film boldy. Uly pul serişdelerine daýanmaýandygyna garamazdan, bu film awangard kinosy dünýäsinde şüweleň döretdi we 1947-nji ýylda Kan film festiwalynda halkara baýragyna eýe boldy.

Onuň gysga göwrümli filmlerinde sýužet ýok. Munuň ýerine Dereniň filmlerinde ýagtylygyň we kölegäniň, aýnalaryň we anfiladlaryň, burçlaryň kaleýdoskopy hem-de dabaraly ritm bar. Bularyň hemmesi tomaşaçyny haýran galdyryjy duýgulara alyp gidýär.

Onýyllyklar geçip, Dewid Linç hem ozal Deren tarapyndan ulanylan usullardan peýdalanmak bilen, «Ugursyz ýol» we «Malholland draýw» ýaly kult filmlerinde ondan ýokary derejede ylham aldy



Iň köp Oskar gazanan geýim hudožnigi Edit Hed režissýor Sesil Blaunt DeMiliň ýardamy bilen kino dünýäsine aňsatlyk bilen gelýär. Filmiň surata düşürilişine baryp görmek fransuz mugallymynyň durmuşynda öwrülişik boldy. Gören zatlaryndan haýran galyp, ol bu jadyly dünýäniň bir bölegi bolmak kararyna geldi.

Geýim hudožnigi üçin boş iş ornunyň bardygy baradaky bildirişi gören Edit surat çekmek tejribesi bolmasa-da, batyrgaý ädim ätmeli diýen netijä gelipdir. Baş dizaýner Howard Gririň eskizleri görkezmegini haýyş eden kinostudiýasyna gidýär. Muňa garamazdan, Edit sungat eserlerini okuwçylaryndan haýyş edip karzyna alyp, ertesi gün Gririň ýanyna gelýär. Ol gyzyň zehinine haýran galyp, ikirjiňlenmän işe alýar.

Soň bolsa eskizler bilen bagly aldaw ýüze çykýar. Şeýle-de bolsa, Grir Hediň mekirligine gaharlanmandyr, gyzda zehiniň bardygyny we potensialy görmegi başarypdyr. Grir Edite eskiz çyzmagy öwretmegi öz üstüne alýar. Ol bolsa halypasynyň we onuň kömekçisi Trewis Bentonyň berk ýolbaşçylygynda başarnygyny artdyryp, irginsiz bilim alýar.

Edit Hed bütin karýerasynda Odri Hepbörn, Marlen Ditrih, Pol Nýuman, Elwis Presli, Merilin Monro ýaly ýyldyzlary geýindirip, 1131 sany film üçin eşikleri döretdi. Hatda ol Alfred Hiçkok bilen tandemde 11 sany surat hem döretdi.

Edit Hediň önjeýli işi ünsden düşmedi: 35 sany Oskar baýragy we iň oňat geýim hudožnigi ugry boýunça 8 sany ýeňiş onuň mynasyp baýragy boldy.

«Pixar» kompaniýasynyň «Super maşgala» filmini döredijiler Edit Hediň işlerinden ylham alyp, super gahrymanlary geýindirýän zehinli moda dizaýneri Edna Moudyň keşbine şol aýratynlyklary berdiler.


Anýes Warda — fransuz film režissýory we ssenariçisi. Anýes Wardanyň kino bilen gyzyklanmasy fotografiýadan başlandy. Bu sungaty ol Sungat mekdebinde öwrenip, Luwr mekdebinde bilimini dowam etdirdi.

«Puent Kur» atly ilkinji filmi dogduk obasyna gaýdyp bilmeýän dostunyň haýyşy boýunça surata düşürdi. Anýesden filmde surata düşmegini isledi. Bu filme professional aktýorlar we ýönekeý oba ýaşaýjylary gatnaşdy.

Warda bu taslamanyň kult boljakdygyny göz öňüne-de getirmedi. Dokumental we çeper žanrlaryň adaty bolmadyk sazlaşygy filmi bu ugurda özboluşly täzelik etdi we Anýes fransuz täze tolkunynyň täzelikçisi hökmünde garşylandy.

Kinoda alyp baran işleri üçin Warda Berlin film festiwalynyň «Kümüş aýy» («Bagt» filmi üçin), Wenesiýa film festiwalynyň «Altyn ýolbarsy» («Üçeksiz, kanunsyz» filmi üçin) dokumental film we 2001-nji ýylda hormatly Sezar üçin Lui Dellýukl baýragyna hem-de iki Sezar baýragyna mynasyp boldy. 2015-nji ýylda Kan film festiwalynda hormatly «Altyn palma ýapragy» baýragyna mynasyp görüldi. Kino sungatyna goşan goşandy üçin Oskar baýragynyň eýesi boldy.


Ketrin Bigelow — «Oskar» baýragyny gazanan ilkinji zenan režissýor.

Ketrin Bigelow kinodaky zähmet ýoluny režissýorlyk bilen däl-de, Kolumbiýa uniwersitetinde kino teoriýasyny we tankytlaryny öwrenmek bilen başlady. Şol bir wagtyň özünde hudožnik hökmünde özüni kämilleşdirdi. 1978-nji ýylda ol meşhurlyk gazanyp bilmedik ilkinji gysga metražly «Gurluş» atly filmini çykardy.

Emma şowsuzlyk Bigelowyň bu işi dowam etdirmegine päsgel bermedi. Film düşürilmegini dowam etdirdi we «Garaňky gatlyşyberdi» atly mistiki triller režissýora şöhrat getirdi.

Ketriniň karýerasyndaky hakyky üstünlik getiren «Tupanyň hökümdarlary» atly filmi boldy. Bu eser oňa iň gowy režissýor ugry boýunça «Oskar» baýragyny getirdi we Ketrin bu abraýly baýragy alan ilkinji zenan boldy.

Bigelowyň kinoteatrdaky esasy goşandy zorluk temasyny adaty bolmadyk suratlandyrmagydyr. Ol žanrlary ussatlyk bilen garyşdyrýar, agressiýany we onuň sebäplerini öwrenýär, klişirlenen düşünjelere garşy çykýar.
43
218
manolya
08.03.2024 01:06
Dünýädäki owadan hem täsin elipbiýler: iň gadymydan iň täzä çenli

25713
Dünýädäki owadan hem täsin elipbiýler: iň gadymydan iň täzä çenli

Adamlaryň aglabasy kämahallar “arap ýazuwy” diýlip hem atlandyrylýan arap elipbiýiniň owadanlygyna we nepisligine haýran galýarlar. Arap diline esaslanýan pars elipbiýi hem owadanlygy babatda arapçadan kän bir pesde durmaýar (olaryň arasyndaky tapawut birnäçe harpda we olaryň ýerleşiş tertibinde).

Köpler Hytaýyň we Ýaponiýanyň ieroglif ýazuwyny-da owadan hasaplaýarlar. Bu ýurtlarda uzak döwürläp kalligrafiýa sungaty nakgaşlyk bilen deň derejede hasap edilipdir — munda syýa bilen ýüpek kagyzyň ýüzüne ieroglifi çekmek üçin köp sabyr hem-de ussatlyk gerekdir.

Häzirki döwürde iň giňden ýaýran latyn elipbiýidir. Şonuň esasynda ozal öz ýazuw dili bolmadyk köp sanly dilleriň elipbiýi döredildi. Ýöne henizem öz gadymy elipbiýine eýe bolan diller saklanyp galyp, olar latyn elipbiýine, arap ýazuwyna ýa-da köpler üçin tanyş ierogliflere meňzemeýän bolsa-da, öz gezeginde giňden ulanylýar.

Ermeni we gruzin elipbiýleri. Bularyň ikisi hem deňräk wagtda, ýagny mukaddes injil kitabyny ýakyn wagtda hristiançylygy kabul eden halklaryň dillerine terjime etmek zerurlygy ýüze çykan mahaly döredildi. Bu elipbiýleriň ikisiniň hem bir adam tarapyndan oýlanyp tapylan bolmagy ähtimaldyr, sebäbi olar deňeşdirilende köp harplaryň meňzeşligi ünsüňi çekýär, üstesine-de ermeni we gruzin elipbiýiniň ikisinde-de 38 harp bar.

Bali elipbiýi. Bu elipbiýiň dörän ýeri Indoneziýanyň Bali adasy. Ol 47 simwoly öz içine alýar. Bu elipbiý Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki köp sanly elipbiýiniň ýazylyşyna az-kem çalym edýär, ýöne şol bir wagtyň özünde-de örän çylşyrymlylygy we owadandygy, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Çyzgylary egri harplar dürli janly-jandarlara — düýelere, guşlara, ýylanlara meňzeýär. Häzirki wagtda, esasan, bali, köne ýawan we sanskrit ýa-da dini tekstleri ýazmak üçin ulanylýar.

Birman haty. Takmynan, 10 asyr mundan ozal ýüze çykypdyr. Bali ýaly, hindi ýazuwynyň iň gadymy görnüşlerinden biri bolan Brahmiden gelip çykýar. Birman elipbiýinde 45 sany owadan aýlaw nyşan bar. Bu elipbiýiň harplary elmydama sagadyň ugruna laýyklykda çyzylýar. Nyşanlaryň tegelek görnüşi amaly pikirler bilen baglanyşykly — köne döwürlerde birma dilindäki tekstler gönüligine aňsatlyk bilen ýyrtylýan palma ýapraklaryna ýazylypdyr.

Şri-Lankada Brahminiň ýene bir “nesli” — singal elipbiýi ulanylýar. Onuň kömegi bilen Şri-Lankada geplenýän singal dilindäki maglumatlar, şeýle hem sanskritdäki dini tekstler, käte hatda iňlis dilindäki maglumatlar hem ýazylýar. Singaldaky tekstler monjuklara meňzeýär — onda kadaly aýlaw harplar göze görünmeýän sapaklara düzülen ýaly.

Gadymy mongol haty. Öňkülerden tapawutlylykda, ondaky sözler dikligine — ýokardan aşaklygyna ýazylýar. Ol iň owadan dik elipbiýleriň biri hasaplanýar. Mongoliýanyň özünde bu ýazuw görnüşi, esasan, döwlet nyşanlarynda ulanylyp, 20-nji asyryň ortalarynda Mongoliýanyň kiril elipbiýine geçmegi bilen, şol has giňden ulanylyp başlandy. Ýöne Hytaýyň içki Mongoliýa sebitinde gadymy mongol haty giňden ulanylýar. Görnüşinden çylşyrymlydygyna garamazdan, gadymy mongol ýazuwy elipbiý harplary örän az sanly elementlerden durýar. Syn edeniňde mongol elipbiýi gaty üýtgeşik görünýär, bir matanyň ýüzünde birleşýän ýaly, sebäbi ähli harplar biri-birine inçe çyzyklar bilen birikdirilýär.

Ýewreý elipbiýi. Aslynda, arap we ýewreý dilleri özara baglanyşykly bolansoň, iki elipbiýiň gelip çykyşynyň umumy kökleri bar — ol hem gadymy arameý ýazuwy. Ýewreýçe tekstler hatda arap dilindäki ýaly — sagdan çepe ýazylýar we iki elipbiýdäki birinji harp birmeňzeş — “alef” diýlip aýdylýar. Şeýle-de bolsa, ewolýusiýanyň esasynda ýewreý elipbiýiniň harplary has göni, inedördül şekillere eýe boldy, şonuň üçinem onuň daş görnüşinden arapça kän bir meňzeşligi ýokdur. Diňe dört çekimli harp bar, galan çekimli sesler alamatlaryň esasynda çekimsizleriň ýokarsynda ýa-da aşagynda nokatlar bilen görkezilýär. Ýewreý elipbiýi ýewreý dilinde we ikinji ýewreý dilinde — idişde tekstleri ýazmak üçin ulanylýar.

Tuaregiň tifinag elipbiýi ony diňe tuareg taýpasynyň aýallarynyň ulanýandygy üçin gyzyklydyr — Demirgazyk Afrikada, ýagny Tunis, Alžir, Marokko, Liwiýa we Mawritaniýa ýurtlarynda ýaşaýan halklar ulanýarlar. Bu elipbiý gelip çykyşy boýunça örän gadymy, ony bolsa sözleriň ýazylyşy hem görkezýär — olar aşakdan ýokaryk we sagdan çepe ýazylýar.

Tuareg-erkekler latyn ýa-da arap ýazuwyny makul görüp, ony ulanmaýarlar emma zenanlar bolsa tifinagy iş ýa-da şahsy ýazgylary üçin giňden ulanýarlar. Tifinagda ýazylan edebi eser hem ýokdur. Ilkibaşda bu elipbiý çarwadarlar tarapyndan, içerki hojalyk zerurlyklary üçin döredilipdir. Daşyndan tifinag dünýädäki beýleki elipbiýlere meňzemeýär, ol has-da şifrlemegi ýa-da geometrik nagyşlary ýada salýar.

Grek elipbiýi latyn we kiril elipbiýiniň döremeginiň esasynda durandygy bilen tanalýar, ýöne bu elipbiýiň özi Ýewropa elipbiýleriniň hatarynda ornuny saklap galdy. Daşyndan göräýmäge grek elipbiýi latyn ýa-da slawýan dillerine meňzemeýän nyşanlary öz içine alýan bolsa-da, ol kiril elipbiýini ýada salýar. Gadymy döwürlerden bäri grek elipbiýi örän az derejede özgerdi, ýogsam grek diliniň özi, elbetde, gadymy grekçeden görnetin, düýpgöter tapawutlandy.
XIX asyrda oýlanyp tapylan iň ýaş elipbiýleriň biri Çeroki elipbiýidir. Onuň awtory Sekwoýýa lakamly Çeroki indeý taýpasynyň ýolbaşçysydyr. Ol sowatsyz bolany üçin iňlis dilini bilmändir, ýöne iňlis kolonizatorlarynyň ýazmaça habarlary aňsatlyk bilen alyş-çalyş edýändiklerini görüp, öz halky üçin özboluşly ýazuw dilini döretmegi ýüregine düwüpdir. Sekwoýýa latyn elipbiýini esas hökmünde kabul edipdir, ýöne harplary doly bilmeýändigi sebäpli, olary terjime edipdir we üýtgedipdir. Şonuň üçin Çeroki elipbiýiniň harplarynyň aýdylyşy we ady latyn diliniňkiden düýpgöter tapawutlanýar.

Çeroki elipbiýinde latyn elipbiýindäki köp — 86 simwol bar. Sekwoýýa kiril elipbiýini hem ulanypdyr ýa-da käbir nyşanlary özi oýlap tapypdyr. Görnüşine görä, onuň elipbiýi birneme latyn elipbiýini ýada salýar, ýöne käbir harplar beýleki dillerden doly tapawutly. Oklahoma we Demirgazyk Karolina ştatlaryndaky çeroki elipbiýini peýdalanýanlar iňlis dili bilen birlikde öz elipbiýini giňden ulanýarlar.

Peýdalanylan çeşmeler: theoryandpractice.ru; /ru.wikipedia.org; thegirl.ru; qwizz.ru

Türkmenportal..
34
146
manolya
07.03.2024 21:02
Taryhda yz goýanlar: Renesans döwrüniň beýik dörtlügi.


Leonardo, Mikelanjelo, Rafael we Donatello — bu şahsyýetler iň uly medeni we taryhy döwürleriň biri bolan Renesans döwrüni döredijiler. Bu döwür dünýä ýüzüne görnükli oýlap tapyjylary, suratkeşleri, binagärleri hem-de heýkeltaraşlary berdi. Şeýle-de bolsa, meşhur dörtlügiň ady köplere meşhur animasion multiserialyň adybir gahrymanlaryndan mälimdir. Leonardo, Mikelanjelo, Rafael hem-de Donatello atlaryny, ilkinji nobatda, pyşbagalar topary bilen baglanyşykly multfilmden bilýän bolsaňyz, onda siz olaryň adynyň hakyky eýeleri bolan dünýäni özgerden bu dört şahsyýet barada bilmek hasam gyzykly bolsa gerek.

Leonardo da Winçi — italiýaly suratkeş, dünýäde görnükli heýkeltaraş, binagär, alym hem-de inžener bolup, 1452-nji ýylyň 15-nji aprelinde Florensiýadan uzak bolmadyk ýerdäki Winçi şäheriniň golaýynda, Ançiano diýen ýerde doglupdyr. Kakasy Pýero notarius bolupdyr, ejesi Katerina bolsa daýhançylyk edipdir. Leonardo ömrüniň ilkinji ýyllaryny ejesi bilen geçiripdir. Tizara kakasy baý we meşhur gyza öýlenipdir, ýöne olardan çaga bolmandyr. Şonuň üçin Pýero üç ýaşly ogluny ulaltmak üçin alyp gidýär. Leonardo ömrüniň ahyryna çenli ejesini küýseýär, özüniň sungat eserlerinde onuň keşbini gaýtadan döretmäge synanyşyklar edýär.

15 ýaşynda Leonardo da Winçini nakgaş Andrea del Werrokiodan tälim almak üçin berýärler. Werrokionyň ussahanasynda surat, heýkeltaraşlyk we tehniki-mehaniki sungat ýaly ugurlardan köp taraply bilim alýar. Leonardo da Winçi seljeriş ukyplaryny ösdürmäge ýardam eden, onda uniwersalizme söýgi döreden mugallymyna dürli ugurlardaky ajaýyp üstünlikleri bilen hemişe minnetdarlygyny bildiripdir.

1472-nji ýylda Leonardo da Winçi Florensiýanyň suratkeşler gildiýasynyň agzasy boldy.

Bir gün Werrokio «Isa Mesihiň çokundyrylmagy» atly suraty sargyt alýar. Leonardo bolsa iki perişdäniň birini reňklemegi tabşyrýar. Bu şol döwürde adaty edilýän tejribe usulyýeti bolupdyr: ýagny, mugallym suraty öz okuwçylary bilen bilelikde döredýär. Leonardo we Werrokio tarapyndan çekilen iki perişde şägirdiň halypasyndan ozdurandygyny äşgär edipdir. Italiýaly suratkeş Wazariniň beýan edişi ýaly, haýran galan Werrokio çotgasyny taşlap, suratkeşlige gaýdyp dolanmandyr.

Leonardo da Winçiniň (fresklerden we çyzgylardan başga) 15 töweregi suratynyň saklanyp galandygy bellenilýär. Bulardan bäşisi Luwrda, biri Uffiside, Gadymy pinakotekde, Çartoryskiý muzeýinde, London we Waşington milli galereýalarynda hem-de beýleki muzeýlerde saklanýar.

Leonardo da Winçiniň nakgaşlyk suratlary: «Mona Liza», «Gizlin agşamlyk», «Sazandanyň portreti», «Dünýäniň halasgäri», «Madonna çaga bilen», «Madonna gaýalarda», «Jinewra de Bençiniň portreti», «Madonna Benua», «Owadan Ferroniera», «Çokundyryjy Ioann», «Bildiriş».

Alym we oýlap tapyjy hökmünde Leonardo da Winçi tejribäni hakykatyň ýeke-täk ölçegi hasaplapdyr. Matematika, mehanika, gidrawlika, anatomiýa we adamlaryňdyr haýwanlaryň fiziologiýasy, botanika, geologiýa we ş.m ugurlary öwrenipdir.

Leonardo da Winçi ilkinji bolup 1653-nji ýylda açylan Paskalyň kanunyna ýakynlaşyp, aragatnaşyk gämilerindäki suwuklyklaryň deňagramlylygyny suratlandyrypdyr. Şeýle hem adamyň dürbi görüşini, adam hem haýwan anatomiýasyny öwrenýär. Döwrebap ylmy illýustrasiýanyň esasyny düzen jikme-jik anatomiki çyzgylary döredýär, süňkleri we nerwleri ilkinji bolup suratlandyrýar, şeýle hem embriologiýa we deňeşdirme anatomiýasy ýaly ugurlaryň meselelerini öwrenýär. Görnükli alym agaçlaryň ýüzükleri bilen agaçlaryň ýaşyny kesgitlemegiň usulyny öňe sürýär.

Da Winçiniň oýlap tapyşlary öz döwründen öňe saýlandy. Onuň ýaşan mahaly ýeke-täk ykrar etdirip bilen oýlap tapyşy sapançanyň tigir gulpy bolupdyr. Leonardo da Winçi uçaryň dizaýnyna kybaplykda ornitopteriň modelini döredipdir, belliklerinde ol uçaryň we paraşýutyň diagrammalaryny belläpdir. Şeýle hem, oýlap tapyjy suwa halas ediji çümüjiniň kostýumyny, ellikleri (lastyň prototipi), welosipedi, esgerleri daşamak üçin demir arabany (tankyň prototipi), katapulty, gözegçilik çyrasyny, aýlanýan göteriji krany, dürli maşynlary we ş.m döretmek baradakty pikirleri öňe sürüpdir.

1502-nji ýylda Osman imperiýasynyň soltany Baýezit II-niň tabşyrygy esasynda alym Stambuldaky Altyn şahyň üstünden geçýän daş köpriniň dizaýnyny çyzypdyr. Bu köpriniň uzynlygy 240 metr bolup, guşuň guýrugyna meňzeýän üç arkadan ybarat eken. Soltan bolsa bu taslamany örän çylşyrymly we töwekgelçilikli hasaplandygy üçin ondan ýüz öwrüpdir. 2001-nji ýylda Norwegiýada Da Winçiniň eskizleri esasynda 100 metr uzynlygyndaky pyýada köprüsi guruldy.

Leonardo da Winçi 1519-njy ýylyň 2-nji maýynda Fransiýanyň Ambuaz şäherinde aradan çykypdyr. Ol Sen-Floraten ybadathanasynda jaýlanypdyr, ýöne mazary Fransuz rewolýusiýasy wagtynda ýykylypdyr. 1874-nji ýylda da Winçiniň çak edilýän galyndylary Sen-Ýuber ybadathanasynda gaýtadan jaýlanypdyr.

Renesans döwrüniň iň meşhur heýkeltaraşlarynyň, suratkeşleriniň, şahyrlarynyň, nakgaşlarynyň we binagärleriniň biri hem Mikelanjelo Buonarroti bolup, ol 1475-nji ýylda Kaprese şäherinde florensiýaly garyp begzada Lodowiko Buonarrotiniň maşgalasynda dünýä inipdir. Mikelanjelonyň ejesi ol alty ýaşynda mahaly ýygy-ýygydan göwrelilik sebäpli aradan çykypdyr.

Başlangyç synpda Mikelanjelonyň kän bir okuw bilen gyzyklanmasy bolmandyr. Suratkeşler bilen aragatnaşyk saklamagy halansoň, nyşanlary we freskleri göçürmegi makul görüpdir.

1488-nji ýylda kakasy ogluny hudožnik Domeniko Girlandaýonyň studiýasyna okap bilim almaga berýär we bir ýyldan soň Lorenzo Mediçiniň howandarlygyndaky heýkeltaraş Bertoldo di Jowanniniň mekdebine geçirýär. Ýaş Mikelanjelonyň zehini Lorenzo Mediçiniň ünsüni özüne çekýär. Ol ony öýüne kabul edip, Mikelanjelonyň kämilleşmegine maddy taýdan kömek edýär.

Mikelanjelo diňe bir Renesans zamanasynyň iň beýik ussatlarynyň biri däl-de, eýsem arhitektura boýunça-da hakyky «Barokkonyň atasy» hasaplanýar. Onuň eserleri ömründe Renesans zamanasynyň ajaýyp eserleri hökmünde ykrar edildi. Italiýaly heýkeltaraş ömrüniň dowamynda terjimehaly neşir edilen Günbatar Ýewropa sungatynyň ilkinji wekili bolup taryha girdi.

Mikelanjelo takmynan 89 ýaşapdyr. Bu döwürde on üç ruhany çalşypdyr, suratkeş olaryň dokuzysynyň sargytlaryny ýerine ýetiripdir.

Sikstin kapellosynyň freskleri — hudožnigiň iň ýadygärlige öwrülen eserlerinden biridir. Gýote bu babatda şeýle ýazýar: «Sikstin kapellosyny görmezden, bir adamyň elinden geljek zat barada çürt-kesik pikiriňi aýtmak kyndyr». Binagärlik üstünlikleriniň arasynda Sankt-Peterburgyň Bazilika gümmeziniň dizaýny, Laurentian kitaphanasynyň basgançaklary, Kampidoglio meýdançasy we beýlekiler bar.

Iň meşhur heýkeltaraşlyk eserlerinden «Dawid», «Bahus», «Pýeta» heýkelleri, Rim papasy Ýuliý II-niň gubury üçin Musanyň, Liýiniň we Rahiliň heýkelleri bar. Mikelanjelonyň ilkinji resmi terjimehalçysy Jorjio Wazari «Dewid» «häzirki we gadymy, grek hem rim... umuman ähli heýkelleriň şöhradyny talady» diýip ýazýar.

Mikelanjelo diňe bir heýkeltaraş bolman, eýsem şahyr hökmünde hem eserlerini miras goýupdyr. Geniniň şu güne deňiç 300-e golaý goşgusy saklanyp galypdyr. Olardaky esasy mowzuklar adamy şöhratlandyrmak, lapykeçligiň ajylygy we hudožnigiň ýalňyzlygy bolup durýar.

Meşhur nakgaş 1564-nji ýylyň fewralynda Rim şäherinde 89 ýaşynda aradan çykypdyr. Ölmezinden ozal, öz islegini özüne mahsus ajaýyp görnüşde aýdypdyr: «Janymy Hudaýa, bedenimi ýere, emlägimi garyndaşlaryma berýärin». Mart aýynyň başynda heýkeltaraşyň jesedi gizlinlikde Florensiýa äkidilýär we 1564-nji ýylyň 14-nji iýulynda Santa Kroçeniň Fransisko ybadathanasynda dabaraly ýagdaýda jaýlanýar.

dowamy bar .

çeşme : Türkmenportal...
30
120
manolya
03.03.2024 15:30
Aýdymdan

Duydum ki bensiz yaralı gibisin
Ne ağlar ne gülersin bir ölü gibisin
Kanadı kırılmış kuşlar gibisin
Beni bırakıp gittin böyle çekersin

Açınca baharın rengarenk gülleri
Bir başka eser rüzgar geceleri
Karanlık çöktürecek üstüne dertleri
O zaman anlarsın kaybettiğin değeri

An gelir göz görmez seni senden başka
Gün gelir düşersin bir el uzanmaz sana
Karanlığın derinliğine düşer kaybolursun
Beni bırakıp gittin böyle çekersin
28
101
manolya
03.03.2024 00:10
Akylly» ýüzük saglyk ýagdaýyna gözegçilik eder


Amazfit «akylly» sagatlaryny öndürijisi hökmünde tanalýan «Zepp» kompaniýasy täze fitnes garniturasy bolan «Amazfit Helio Ring» akylly ýüzügini alyjylara hödürledi. Ukyny yzarlamaga gönükdirilen beýleki barmaga dakylýan enjamlardan tapawutlylykda, Amazfit markasynyň ilkinji «akylly» ýüzügi adamyň saglyk ýagdaýyna gözegçilik eder.

Ýüzük ulanyjynyň akyl we fiziki ýagdaýy barada giňişleýin maglumatlary ýygnap, smartfon programmasy arkaly düşnükli gündelik taýýarlyk görkezijisini üpjün eder. Şeýle-de, Amazfit Helio Ring 2,6 mm galyňlykdaky titanium ergini örtükli daşyndan gaty ýönekeý görünýän ýüzük bolup, onuň agramy 4 gramdan az we 100 metr çuňluga çümmäge mümkinçilik berýän suwdan goraýjylygy 10 ATM-dir.

Aýnur KURBANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.
32
132
manolya
01.03.2024 19:19
Tapawutlary tapmaly ?
34
186
manolya
01.03.2024 14:56
Dünýäniň edebiýat kartasy döredildi

«Read Rate» saýty dünýäniň edebiýat kartasyny döretdi. Onda her ýurduň adyna derek ol ýerde doglan belli awtoryň meşhur kitaby görkezilýär. Kartanyň awtory Angliýa üçin Jeýn Ostiniň «Buýsanç we ýalan ynam» romanyny saýlap alypdyr. Russiýa Lew Tolstoýyň «Uruş we parahatçylyk» romany bilen belgilenýär. Awtor Amerika üçin Harper Liniň «Bilbiliň öldürilmegi», Şwesiýa üçin Stig Larssonyň “Aždarha tatuirowkaly gyz» eserlerini saýlapdyr. Ukraina edebiýat kartasynda Andreý Kurkowyň «Buzuň üstündäki piknik» romany bilen hödürlenipdir.

Şeýle hem kartada Afrika, Günorta Amerika we Aziýa ýaly ýurtlara hem ähmiýet berlip, Debory Ellisiň «Men – taksi» ýa-da Soni Leýboý Tensiniň «Antilopa» ýaly eserleri orta atylýar. Hytaý Sao Sýuesiniň «Gyzyl balahanadaky düýş», Türkiýe Orhan Pamugyň «Meniň adym Gyrmyzy», Çehiýa bolsa Milan Kunderanyň «Durmuşyň çydamsyz ýeňilligi” atly kitaplary bilen hödürlenilýär.

«Read Rate» saýtynyň edebiýat kartasy şulardan ybarat:

•Russiýa / «Uruş we parahatçylyk» Lew Tolstoý

•Mongoliýa / «Mawy asman» Galsan Çinag

•Türkiýe / «Meniň adym Gyrmyzy» Orhan Pamuk

•Hytaý / «Gyzyl balahanadaky düýş» Sao Sýuesin

•Günorta Koreýa / «Wegeterian» Han Kang

•Hindistan / «Maýda-çüýdeleriň Hudaýy» Arundati Roý

•Ýaponiýa / «Zawod guşunyň hronikasy» Haruki Murakami

•Belarus / «Çernobyl dogasy» Swetlana Aleksiýewiç

•Ukraina / «Buzuň üstündäki piknik» Andreý Kurkow

•Çehiýa / «Durmuşyň çydamsyz ýeňilligi» Milan Kundera

•Polşa / «Gurjak» Boleslaw Prus

•Serbiýa / «Hazar sözlügi» Milorad Pawiç

•Wengriýa / «Egeranyň ýyldyzy» Geza Gardoni

•Rumyniýa / «Asylanlaryň tokaýy» Liwiu Rebrýanu

•Bolgariýa / «Demir çyra» Dimitr Talaýew

Çeşme:Ylymly....2019 njy ýylyň maglumatlary....

Agzalar siz sorag:Türkmenistanyň kartasynyňadyna haýsy
awtoryň meşhur kitabyny goýsa bolar ?
28
130
manolya
27.02.2024 00:05
İlkinji sowgadym ..................❤
35
420