manolya
01.03.2024 14:56
Dünýäniň edebiýat kartasy döredildi

«Read Rate» saýty dünýäniň edebiýat kartasyny döretdi. Onda her ýurduň adyna derek ol ýerde doglan belli awtoryň meşhur kitaby görkezilýär. Kartanyň awtory Angliýa üçin Jeýn Ostiniň «Buýsanç we ýalan ynam» romanyny saýlap alypdyr. Russiýa Lew Tolstoýyň «Uruş we parahatçylyk» romany bilen belgilenýär. Awtor Amerika üçin Harper Liniň «Bilbiliň öldürilmegi», Şwesiýa üçin Stig Larssonyň “Aždarha tatuirowkaly gyz» eserlerini saýlapdyr. Ukraina edebiýat kartasynda Andreý Kurkowyň «Buzuň üstündäki piknik» romany bilen hödürlenipdir.

Şeýle hem kartada Afrika, Günorta Amerika we Aziýa ýaly ýurtlara hem ähmiýet berlip, Debory Ellisiň «Men – taksi» ýa-da Soni Leýboý Tensiniň «Antilopa» ýaly eserleri orta atylýar. Hytaý Sao Sýuesiniň «Gyzyl balahanadaky düýş», Türkiýe Orhan Pamugyň «Meniň adym Gyrmyzy», Çehiýa bolsa Milan Kunderanyň «Durmuşyň çydamsyz ýeňilligi” atly kitaplary bilen hödürlenilýär.

«Read Rate» saýtynyň edebiýat kartasy şulardan ybarat:

•Russiýa / «Uruş we parahatçylyk» Lew Tolstoý

•Mongoliýa / «Mawy asman» Galsan Çinag

•Türkiýe / «Meniň adym Gyrmyzy» Orhan Pamuk

•Hytaý / «Gyzyl balahanadaky düýş» Sao Sýuesin

•Günorta Koreýa / «Wegeterian» Han Kang

•Hindistan / «Maýda-çüýdeleriň Hudaýy» Arundati Roý

•Ýaponiýa / «Zawod guşunyň hronikasy» Haruki Murakami

•Belarus / «Çernobyl dogasy» Swetlana Aleksiýewiç

•Ukraina / «Buzuň üstündäki piknik» Andreý Kurkow

•Çehiýa / «Durmuşyň çydamsyz ýeňilligi» Milan Kundera

•Polşa / «Gurjak» Boleslaw Prus

•Serbiýa / «Hazar sözlügi» Milorad Pawiç

•Wengriýa / «Egeranyň ýyldyzy» Geza Gardoni

•Rumyniýa / «Asylanlaryň tokaýy» Liwiu Rebrýanu

•Bolgariýa / «Demir çyra» Dimitr Talaýew

Çeşme:Ylymly....2019 njy ýylyň maglumatlary....

Agzalar siz sorag:Türkmenistanyň kartasynyňadyna haýsy
awtoryň meşhur kitabyny goýsa bolar ?
28
130
manolya
1 Mart 2024
Kenno_Tabi
1 Mart 2024
@mawy, 🤦🏻‍♂️
manolya
1 Mart 2024
*İndi ) klawiatura ýalňyş ýazýa🤦
manolya
1 Mart 2024
@billygenius98, gyzyklandyryp goýduňa 🤦 hindi ol adamy tanamasam bolmazaý
Kenno_Tabi
1 Mart 2024
@mawy, gyzyklanmazlygy maslahat berýän
tmyigit76
1 Mart 2024
Kenno_Tabi
1 Mart 2024
@tmyigit76, Ýüzi aýdyp durlaý idili adam däldigni...
manolya
1 Mart 2024
@billygenius98, hä düşnükli you Tube giremok bolmasa gyzyklanyp görerdim )
tmyigit76
1 Mart 2024
@billygenius98, Welsaparyň bir kitabyna sataşdym weli, şondan soň gaty ýirgendim şony
Kenno_Tabi
1 Mart 2024
@mawy, dönük adam bolaýmasa. Ýurdymyzyň syýasaty barada nädogry zatlary we garşy gidýän widolary bar YouTube da
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.