manolya
18.04.2024 12:54
Görümde,,

Seniň bilen nurlanýady bu dünýäm,
Senden aldy mätäj kalbym teselli,
Saňa duşan günim giňedi dünýäm,
Ýaşaýyśa höwesim has köpeldi,
Söýüp seni has dogrusy telbe deý,
Daşdan synlap jemalyňa guwandym,
Hyýalymda ,seni özümki saýyp,
Gijelerine düýşler bilen oýandym,
Ýyldyzlar hem seniň gözüň ýatlatdy,
Agras asman bolsa, agras ýaňagyň,
Şeýdip mende yşk ataşyn otlatdy,
Käte, agy gurşap dolup damagym,
Güýç alyp söýgümden,möwç alyp söýüp,
İne,şeýdip aýlar-günler aýlandy,
Geçdi günler agyr lybasyn geýip,
Geçen günlem geljegimden saýlandy,
Söýmediň sen ,goý söýmeseň söýme sen,
Söýerin ,men seni ,ýene söýerin,
Bolşum belki saňa duýulýandyr geň,
Düşünmersiň ,käşge aňyp bilsediň,
Kynlygyny ýaşamaklygyň sensiz,
Duýdansyz inderdiň ,derdiň dagyny,
Eştmez bolsa, bu habary gulagym,
Hyýalda hem alyp menden baryny,
Söndi, şugla saçýan nurly çyragym,
Saňa sawçy gelenmişler mähriban,
Diýýen gürrüň bütin oba ýaýrady,
Gep açsalar seniň toýuň barada,
Ýürek ynanmady,ýanyp gaýnady,
Günler gelip ,hakykata öwrülip,
Sähediň bellendi ,bellendi toýuň,
Sygdyryp bilmedim muny oýuma,
İne , maňa ölüm habary deýin,
Çakylyk gelmezmi seniň toýuňa,
Goňşulaň,joralaň bary bagtyýar,
Kimse ,tans oýnaýar,kimsäň wagty hoş,
Boş göwrä öwrüldim,galman ygtyýar,
İndi sen hakyky el ýeterden daş,
Toý ulaglaň atgulagyn galgadyp,
Geçip gitdi sowhun bilen ses edip,
Ykbalymy, zaryn dünýäm agladyp,
Bütün göwräm sandyrady, ysgynsyz,
Bu durmuşda betbagta öwrülip,
Hem öwrülip ýalňyz galan ynsana,
Göýä gursakdaky ýürek sogrulyp,
Döndüm boşap, galan jansyz ynsana,
Aýlar ýyllar bolup, aýlar gün bolup,
Geçdi agyr leşger basyp üstümden,
Sen özgäniň yary bolan bolsaňam,
Sen özgäniň gujagyna dolsaňam,
Adyň gaýtalaýar ,içimdäki ses,
Unudyk bilmedim, unutjak boldum,
Gaýta bu ahwala boldum lapykeç,
Penjireden nazar salyp oturkam,
Kaklyşdy göreçlem ,seniň roýuňa,
Seni, pynhan penjireden synladym,
Başyňdaky gyzyl-ýaşyl öwüsýän,
Has owadan görkezýärdi gyňajyň,
Saňa gelin bolmak diýseň düşüpdir,
Has owadan görkezip dur görküňi,
Men seni henizem, henizem söýýän,
Özgä baglan bolsaňam sen örküňi,
Seň adyňy gursagymda saklaryn,
Saklaryn men ömür baky kalbymda,
Gitsem-de men agaç ata atlanyp,
Hyýalymda, senli ýeten bagtymy,
Gulplap, saklaryn men ýürek törümde,
Gözüm açyk giderin bu dünýäden,
Ruhum dik oturup ,aglar görümde,

Gurbanmämmet Meredow
34
55
manolya
18.04.2024 07:48
Bagta duşman.

Gereklämde seretmediň,

Niçik indi gereklediň.

Köňle beren jepalaryň,

Bitermi ol seýikleseň.



Özüm aldap ýola bakan,

Gözlerimde görmediňmi?!

Söýgimize sabyr baglap,

Aýralyga dözmedimmi?!



Jana jepa, ömre wepa,

Berip geçdi günleň bary.

Diýme indi maňa bakyp,

,,Boldum munda yşkyň zary”



Takdyryňdan algym galdy,

Kowaladyň sa:lgym saly.

Del gözlerden gabananyň,

Söýgimizi elden aldy.



Etme ahmyr etme puşman,

Yşkymyza bolduň duşman.

Ýollarymyz aýry indi,

Aýryldyk biz bagta duşman.



Gunça Orazowa
29
64
manolya
17.04.2024 21:15
İnsan bazen bazi şeylere hasret kalir,
Bir şeyler söylemeye çalişir,söyleyemez,
Dua gibi kalir yüreginde herkese diyemez
28
37
manolya
16.04.2024 23:40

Sorag:

Salam agzalar . Sorag bardy eger kyn görmeseňiz jogaplaýsaňyz (¬‿¬)


1...Öwrenmeli tas hemme agza diýen ýaly şu soragy berdi menem beräýjek kem galmaýyn ;))
Doglan ýylyňyz ,aýyňyz ,güniňiz gizlin bolmasa eger.

2..Adyňyzyň manysy ,eger goýulanda taryhy bar bolsa eger ...köp adamlarda şeýle şeýle boldy ,goýuldy diýýärler gyzyklandym dogrysy ,hany onda jogaplara garaşýan?!

3..Araňyzda çaga wagty..jigisi bolanda ejesinden gaban barmy ?

41
555
manolya
16.04.2024 12:36
Hz.Mewlana sözleri...
Aldirma söylenenlere !
Varsin görenler seni bir ot sansin,
Sen gül olda,
ugruna ötmeyen bülbül utansyn.

Güzel bir gülü,
Güzel bir Geceyi,
Güzel bir dostu,
Herkes ister,

Önemli olan,
Gülü dikeniyle,
Geceyi gizemiyle,
Dostu tüm derdiyle,
Sevebilmekdir...

Sevdiklerinize gül verin,
Gülünüz ýoksa gülüverin !

Güneş herkesin üzerine eşit dogar,
Ama gül başga ,çöp başga kokar,

Cahil kişi gülün güzelligini görmez,
gider dikenine takilir,

Bir tutam gül kokusu kalir,
gül tutan elde,
sanma ki gül dikenin himayesinde,
Dikenin itibari gül sayesinde,



toplan :
@manolya
34
141
manolya
15.04.2024 15:36
Arzymy aýtmaga geldim

Arzym eşit gözel ýarym
Arzymy aýtmaga geldim
Golum ýetmez dal boýuňa
Bir görüp gitmäge geldim.

Sen bolduň asmanyň aýy
Men boldum husnuň gedaýy
Ýüzüň aýdyr, gaşyň ýaýy
Bir gije myhmana geldim

Sen bolduň asmanyň aýy
Men boldum husnuň gedaýy
Ýüzüň aýdyr, gaşyň ýaýy
Arzymy aýtmaga geldim

Aý jemalyň şöhle salar
Jellat gözüň janym alar
Haçan senden mährim ganar
Bir görüp gitmäge geldim.

Aý jemalyň şöhle salar
Jellat gözüň janym alar
Haçan senden mährim ganar
Bir gije myhmana geldim

Sen bolduň asmanyň aýy
Men boldum husnuň gedaýy
Ýüzüň aýdyr, gaşyň ýaýy
Bir gije myhmana geldim

Sen bolduň asmanyň aýy
Men boldum husnuň gedaýy
Ýüzüň aýdyr, gaşyň ýaýy
Arzymy aýtmaga geldim

Ýad iller-de günüm geçmez
Depesinden duman öçmez
Özi gelip habar tutman
Arzymy aýtmaga geldim

Sen bolduň asmanyň aýy
Men boldum husnuň gedaýy
Ýüzüň aýdyr, gaşyň ýaýy
Bir gije myhmana geldim

Sen bolduň asmanyň aýy
Men boldum husnuň gedaýy
Ýüzüň aýdyr, gaşyň ýaýy
Arzymy aýtmaga geldim
Bir görüp gitmäge geldim.
Bir gije myhmana geldim

Ýerine ýetirýär:Döwran Saparow...
29
54
manolya
13.04.2024 21:19
Çynar gyz

Bu gün gadam basýaň ýigrimi ýaşa,
Ömrüň köçesinden ädimler aşa,
Bu goşgyny ýazdym ýüregim joşa,
Doglan günüň gutly bolsun Çynar gyz.

Alnyňda durmuşyň gül açjak wagty,
Janyňyz sag bolsun ,ýollaryň ýagty,
Öz göwnüňe görä bersindä bagty,
Doglan günüň gutly bolsun Çynar gyz.

Ýürekde beslänje arzuwlarňa ýet,
Bilýänje zatlaryň oka hem öwret,
Bagtly günleň öňde az kem sabr et,
Doglan günüň gutly bolsun Çynar gyz.

Sözüň ötgir ýiti bolsun döwediň,
Ýeňip ýaşa kynçylyklaň böwedin,
Durmuşyň özüň deý bolsun owadan,
Doglan günüň gutly bolsun Çynar gyz.

Eneň-ataň guwansynlar bagtyňa,
Gözün düşer ogul gyza agtyga,
Tutan zadyň goý öwrülsin altyna,
Doglan günüň gutly bolsun Çynar gyz.

Miwesini bersin saýlanja käriň,
Taýsyz bagt bersin öz söýen ýaryň,
Süleýmanam ýazdy öz ýürekde baryn,
Doglan günüň gutly bolsun Çynar gyz.

✍🏻 SüleýmanTekäýew..
@sabyrly...27.02.2024.

Sag bolsun aýdýan...bular ýaly sowgat almandym :))
32
173
manolya
12.04.2024 15:59
Yunus Emre sözleri...

Çok mal haramsız, çok söz yalansız olmaz.

Az söz erin yüküdür, çok söz hayvan yüküdür.

Bir bahçeye giremezsen, durup seyran eyleme.

Cümleler doğrudur sen doğru isen, doğruluk bulunmaz sen eğri isen.

Kırma dostun kalbini, onaracak ustası yok.

Mal da yalan, mülk de yalan, var biraz da sen oyalan

Bir avuç toprak biraz da suyum ben.
Ete kemiğe büründüm. Yunus diye göründüm.
36
189
manolya
11.04.2024 06:48
Franz Kafkanyñ eserinden parçalar..

1 .<>

2 .Senin anlamanı sağlayamam, kimsenin kafamda olanları anlamasını sağlayamam. Kendim bile anlamıyorum.

3 .Beni üzecek gücü sana verdiğim için kendimden özür dilerim.

4 .Bugüne dek hiçbir haklı oluşumdan mutlu olmadım. Çünkü her haklı oluşumun özünde; acı, buruk ve kekremsi bir hüzün hikayem vardı. Haklı olduğum her konuda, haklı olmayıp, mutlu olmak isterdim. Çünkü mutlu olmak, haklı olmaktan her zaman daha güzeldi…Kuşkusuz böylece olduğu gibi pencereden baktığında hissettiği o özgür olma duygusunu anımsamak istiyordu.

5 .Başkalarını son zamanlarda eskisi kadar önemsemediği aklına gelince pek şaşırmadı; önceden başkalarıyla ilgilenmekten gurur duyardı.

6 .Annemle babam yüzünden kendimi tutuyor olmasaydım eğer işimden çoktan ayrılırdım, patrona çıkar ve ne düşündüğümü olduğu gibi söylerdim. O zaman kürsüsünden düşerdi herhalde!

7 .İnsanı büyüklüğe götürecek yol ancak onun küçüklüğünden geçer.


çeşme:storytel.com
29
153
manolya
11.04.2024 00:06
“Bazı kitaplar tadılmak, bazıları yutulmak ve bazıları da çiğnenmek ve sindirilmek içindir; yani, bazı kitaplar sadece kısmen okunmalıdır; bazıları da okunmalı ama o kadar da merakla değil; ve bazılarının tamamı, özenle ve dikkatle okunmalıdır.”

#Francis Bacon
28
204