manolya
18.04.2024 12:54
Görümde,,

Seniň bilen nurlanýady bu dünýäm,
Senden aldy mätäj kalbym teselli,
Saňa duşan günim giňedi dünýäm,
Ýaşaýyśa höwesim has köpeldi,
Söýüp seni has dogrusy telbe deý,
Daşdan synlap jemalyňa guwandym,
Hyýalymda ,seni özümki saýyp,
Gijelerine düýşler bilen oýandym,
Ýyldyzlar hem seniň gözüň ýatlatdy,
Agras asman bolsa, agras ýaňagyň,
Şeýdip mende yşk ataşyn otlatdy,
Käte, agy gurşap dolup damagym,
Güýç alyp söýgümden,möwç alyp söýüp,
İne,şeýdip aýlar-günler aýlandy,
Geçdi günler agyr lybasyn geýip,
Geçen günlem geljegimden saýlandy,
Söýmediň sen ,goý söýmeseň söýme sen,
Söýerin ,men seni ,ýene söýerin,
Bolşum belki saňa duýulýandyr geň,
Düşünmersiň ,käşge aňyp bilsediň,
Kynlygyny ýaşamaklygyň sensiz,
Duýdansyz inderdiň ,derdiň dagyny,
Eştmez bolsa, bu habary gulagym,
Hyýalda hem alyp menden baryny,
Söndi, şugla saçýan nurly çyragym,
Saňa sawçy gelenmişler mähriban,
Diýýen gürrüň bütin oba ýaýrady,
Gep açsalar seniň toýuň barada,
Ýürek ynanmady,ýanyp gaýnady,
Günler gelip ,hakykata öwrülip,
Sähediň bellendi ,bellendi toýuň,
Sygdyryp bilmedim muny oýuma,
İne , maňa ölüm habary deýin,
Çakylyk gelmezmi seniň toýuňa,
Goňşulaň,joralaň bary bagtyýar,
Kimse ,tans oýnaýar,kimsäň wagty hoş,
Boş göwrä öwrüldim,galman ygtyýar,
İndi sen hakyky el ýeterden daş,
Toý ulaglaň atgulagyn galgadyp,
Geçip gitdi sowhun bilen ses edip,
Ykbalymy, zaryn dünýäm agladyp,
Bütün göwräm sandyrady, ysgynsyz,
Bu durmuşda betbagta öwrülip,
Hem öwrülip ýalňyz galan ynsana,
Göýä gursakdaky ýürek sogrulyp,
Döndüm boşap, galan jansyz ynsana,
Aýlar ýyllar bolup, aýlar gün bolup,
Geçdi agyr leşger basyp üstümden,
Sen özgäniň yary bolan bolsaňam,
Sen özgäniň gujagyna dolsaňam,
Adyň gaýtalaýar ,içimdäki ses,
Unudyk bilmedim, unutjak boldum,
Gaýta bu ahwala boldum lapykeç,
Penjireden nazar salyp oturkam,
Kaklyşdy göreçlem ,seniň roýuňa,
Seni, pynhan penjireden synladym,
Başyňdaky gyzyl-ýaşyl öwüsýän,
Has owadan görkezýärdi gyňajyň,
Saňa gelin bolmak diýseň düşüpdir,
Has owadan görkezip dur görküňi,
Men seni henizem, henizem söýýän,
Özgä baglan bolsaňam sen örküňi,
Seň adyňy gursagymda saklaryn,
Saklaryn men ömür baky kalbymda,
Gitsem-de men agaç ata atlanyp,
Hyýalymda, senli ýeten bagtymy,
Gulplap, saklaryn men ýürek törümde,
Gözüm açyk giderin bu dünýäden,
Ruhum dik oturup ,aglar görümde,

Gurbanmämmet Meredow
34
55
manolya
10 May 2024
@soyg, hawa gynançly....bilemok bolup geçenmi ,geçmedikmi gyzyklanmadym )
soyg
10 May 2024
Dogrudanam bolup gecen zatmy bu goşgy/
soyg
10 May 2024
Gaty manyly hem gynancly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.