manolya
13.04.2024 21:19
Çynar gyz

Bu gün gadam basýaň ýigrimi ýaşa,
Ömrüň köçesinden ädimler aşa,
Bu goşgyny ýazdym ýüregim joşa,
Doglan günüň gutly bolsun Çynar gyz.

Alnyňda durmuşyň gül açjak wagty,
Janyňyz sag bolsun ,ýollaryň ýagty,
Öz göwnüňe görä bersindä bagty,
Doglan günüň gutly bolsun Çynar gyz.

Ýürekde beslänje arzuwlarňa ýet,
Bilýänje zatlaryň oka hem öwret,
Bagtly günleň öňde az kem sabr et,
Doglan günüň gutly bolsun Çynar gyz.

Sözüň ötgir ýiti bolsun döwediň,
Ýeňip ýaşa kynçylyklaň böwedin,
Durmuşyň özüň deý bolsun owadan,
Doglan günüň gutly bolsun Çynar gyz.

Eneň-ataň guwansynlar bagtyňa,
Gözün düşer ogul gyza agtyga,
Tutan zadyň goý öwrülsin altyna,
Doglan günüň gutly bolsun Çynar gyz.

Miwesini bersin saýlanja käriň,
Taýsyz bagt bersin öz söýen ýaryň,
Süleýmanam ýazdy öz ýürekde baryn,
Doglan günüň gutly bolsun Çynar gyz.

✍🏻 SüleýmanTekäýew..
@sabyrly...27.02.2024.

Sag bolsun aýdýan...bular ýaly sowgat almandym :))
32
173
manolya
14 Aprel 2024
@tmyigit76, bolýa ))
tmyigit76
14 Aprel 2024
@manolya, hmm bolýala. Üns bermändirin :)
manolya
14 Aprel 2024
@tmyigit76, sabyrly agza....teswirde goşgy ýazyp gutlapdy...toplap post edip goýdum
manolya
14 Aprel 2024
@tmyigit76, 27.02.2024...diýip ýazyk🙄
tmyigit76
14 Aprel 2024
Näme üçin onda öň goýmadyň 😊
tmyigit76
14 Aprel 2024
@manolya, wi şeýlemi. Men şu gündir oýtdüm :)
manolya
14 Aprel 2024
@tmyigit76, wiii sag bol :-)
manolya
14 Aprel 2024
@tmyigit76, 🙄 geçdä
tmyigit76
14 Aprel 2024
👍🏻👍🏻 uzak ýaşa
manolya
14 Aprel 2024
@geldiyevna, 🤣🤣🤣🤣🤣
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.