manolya
19.05.2024 23:48
Ýum gözleriňi.

Gözdäki yşgyňy görmesin özge,
Özgeler seretse , ýum gözleriňi !
Ýakyp barýan mähir bardyr bu sözde,
Sözlerim eretse ,ýum gözleriňi !

Göz ýummagyň göz ýummakdan parhy kän,
Aşyk göwnüň aşyk göwne arzy kän,
Hyýallarmyň düýşleriňe karzy kän,
Birini kem etse ýum gözleriňi !

Alajyny gözläp , amatyn tapyp,
Salgysyn ,sebäbin ,sagadyn tapyp,
Ruhum käte-käte ganatyn kakyp,
Seriňde ses etse ,ýum gözleriňi !

Sensiz günler gelmez ýaly çemime,
Bir bak, tapan hasabymyň jemine,
Ömrümi ömrüňe ,demim demiňe,
Artyk däl , deň etse ýum gözleriňi !

Aýgül Garaýewa
28
58
manolya
19.05.2024 13:17
-Sen näme üçin, hemişe bagtly ?

-Sebäbi mydama meniň bilen jedel edýänlere "Dogry aýdýarsyňyz " diýýärin we ondan dynýaryn!

-Ýöne bu nädogry !

-Dogry aýdýarsyňyz ....
30
146
manolya
19.05.2024 09:04
Ölmekmi isleýäň ?Git onda özüňi deňize at 5 sekuntdan soň ýaşamak üçin çyrpynyp başlarsyň. Sen özüňi öldürmek isläňok ,sen içiňdäki bir zatlary öldürmek isleýäň ...

-Morgan Freeman
28
74
manolya
18.05.2024 18:45
Araňyzda jigisi ýa dogany bilen zadyň üstünde şeýle dawalaşan barmy :)

Doganlaryma

Bir göwüsden ak süýt emdik,
Bir gujakda ulaldyk biz,
Edil düýnem çagajykdyk,
Ýer ýarygna gülerdik biz.

Ynha bu gün boýlar derek,
Goýalypdyr aň huşuňyz,
Miltim kem akyl bermäge,
Menem siziň deň-duşuňyz,

Şonda-da men köpräk iýdim,
Bir çöregi size deňiç,
Biz döwümi köp iýsede,
Türkmen ag:a uly ýeňiş.

Akylam däl,nakylam däl,
Berk saklalyň gatnaşygy,
Ganyp ataň öwgüsinden,
Alyp enäň alkyşyny.

Çetleşmäli halaýykdan,
İle-güne garylaly,
Ula hormat, kiçä sylag,
Gep gybatdan goranaly,

Agramymyz ýere düşsün,
Ýük bolmaly özgeler.
Owal Hudaý, azaýsagam,
Ýer goýalyly özgerere.

Biziň üçin başyn sallap,
Peder ýeri gorkuzmasyn,
Ömür beslensin halala,
Haram ysy bark urmasyn,

Bir göwreden dünýä indik,
Bir ýere-de, barmaly biz,
Mele ýeriň üstünde-de ,
Bir asfaltdan ýörmeli biz.

Kerim Hallyýew
27
131
manolya
16.05.2024 21:05
Salam agzalar ...ýene öňkiler ýaly güýmenje soraglar kyn görmän jogaplaýsaňyz...

☆1.şiwe sözleriň nämeligini bilýänsiňiz köpüňiz bilmeýänlere kiçijek kesgitleme:
"Umumy halk diliniň bir pudagy bolan ýerli gepleşik, dialekt."

Sorag :Her welaýatyň ,etraplaryň..obalaryň üýtgeşijek şiwe sözleri bar şolardan ýazaýsaňyz ?!Meselem Däde -Kaka
ine şeýle ...bâşladyk onda 😁 hany kimiň şiwe sözi üýtgeşijek...

☆2..Günlik durmuşda iň köp ulanýan sözüňiz....?

☆3.Okuwçylar bar araňyzda ýa-da okuwy gutaranlar....Mugallymyňyz sapak gürrüň berende has haýsy sözi köp ulanýar ?Syn edip gören barmy araňyzda ?

Türkmen dili mugallym bir gezek bize sizler "şol " sözi köp ulanýaňyz indiki gezek söz baýlyk pes diýip pes baha goýjak diýipdi...menem öňde oturamsoň syn etdim "ýaňky " sözüni köp ulandy tema gürrüň berende barmak basyp sanap oturdym 🤦😄🙈..partadaşym bilen gülip sanap otyrdym ,ýüzi gyzardy
özi düşünendir soň ))


@manolya....
38
387
manolya
16.05.2024 13:08
Busefal -Aleksandryň aty

Bu­se­fal, Bu­ke­fal ýa-da Bu­ga­hal (grek­çe söz­me-söz “öküz­kel­le­li”) bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň 355-326-njy ýyl­lar tö­we­re­gi – Alek­sandr Ma­ke­dons­ki­niň söý­gü­li aty­dyr. Onuň ady­na dür­li-dür­li dü­şün­di­riş be­rip­dir­ler. Kä­bir mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ol has be­ýik bo­lup, kel­le­si hem ökü­ziň kel­le­si­ne ça­lym­daş bo­lup­dyr. Beý­le­ki bir mag­lu­ma­ta gö­rä, onuň reň­ki ga­ra bo­lup, gö­ni maň­la­ýyn­da­ky ak hal ony bu­ga meň­ze­dip­dir. Baş­ga bir ro­wa­ýa­ta gö­rä bol­sa, Bu­se­fal kel­le­sin­dä­ki şa­ha meň­zeş süňk ösünt­gi­si se­bäp­li bu ada eýe bo­lup­dyr.
Ga­dy­my aw­tor­lar Bu­se­fa­lyň ber­be­riý atyn­dan we fes­sa­liý baý­ta­lyn­dan ge­lip çy­kan­dy­gy­ny bel­läp geç­ýär­ler. Ol 25 ýyl, baş­ga bir çeş­mä gö­rä bol­sa, 30 ýyl ýa­şap­dyr. Dün­ýä bel­li sy­ýa­hat­çy Mar­ko Po­lo­nyň Ba­dah­şa­na sy­ýa­ha­ty döw­rün­de ýa­zan ýaz­gy­la­ry­na gö­rä, Bu­se­fal Nu­saý at­la­ry­na de­giş­li bo­lup, gö­zü­niň üs­tün­dä­ki süňk ösünt­gi­si onuň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup­dyr. Şeý­le hem Mar­ko Po­lo Bu­se­fa­lyň Azi­ýa­nyň iň go­wy at­la­ry­nyň urug ba­şy­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar.
Bu aty Ma­ke­don şa­sy Fi­lippe fes­sa­li­li söw­da­gär Fi­lo­nik şol döw­rüň ägirt uly ba­ha­sy­na 13 ta­lan­ta (çen bi­len 340 ki­log­ram kü­mü­şe) hö­dür­läp­dir. Ke­sir ata hiç kimiň baş öw­re­dip bil­män­li­gi­ne gö­rä, şa sa­tyn al­mak­dan ýüz dön­de­rip­dir, ýö­ne Alek­sandr baş öw­re­dip bil­me­se hem tö­le­me­gi söz be­rip­dir. Plu­tar­hyň ýaz­ma­gy­na gö­rä, Alek­sandr Ma­ke­dons­kiý 10 ýa­şyn­da­ka öz­di­ýen­li 11 ýaş­ly ata baş öw­re­den ýe­ke-täk adam bo­lup­dyr.
Bu ba­ra­da Plu­tarh şeý­le ýaz­ýar: “Alek­sandr des­si­ne ata ta­rap ýüw­rüp ba­ryp, oňa uýan geý­dir­ýär we tum­şu­gy­ny gü­ne tut­ýar; gör­nü­şi­ne gö­rä, ol öz öňün­dä­ki he­re­ket ed­ýän kö­le­gä­ni gö­rüp atyň ürk­ýän­di­gi­ni aňan bol­ma­ly. Alek­sandr bir­nä­çe wagt­lap eli bi­len sy­pa­lap, at bi­len bir­lik­de gap­da­lyn­dan yl­ga­ýar. Ol Bu­se­fa­lyň kö­şe­şen­di­gi­ni aňyp, de­mi­ni dür­se­ýär we ýa­pyn­ja­sy­ny taş­lap, ýe­ňil­lik bi­len ata bö­küp mün­ýär. Il­ki bi­len jy­la­wy ça­la­ja çe­kip, Bu­se­fa­la zy­ýan ýe­tir­män ony sak­la­ýar. Ha­çan-da, Alek­sandr atyň gy­ly­gy­nyň hiç hi­li howp aban­dyr­ma­ýan­dy­gy­ny, onuň öňe ok­du­ryl­ýan­dy­gy­ny gö­rüp, ony öz er­ki­ne goý­ber­ýär we hat­da ga­ty­ gy­gy­ryp deb­si­läp gys­sa­ýar. Fi­lipp we onuň emel­dar­la­ry how­sa­la dü­şüp dym­ýar­lar, ýö­ne Alek­sandr aty ka­da gö­rä, buý­sanç bi­len yzy­na öw­rüp, ola­ra ta­rap gö­nü­gen­de, hem­me­ler şow­hun bi­len gy­gy­ry­şyp baş­la­ýar. Aý­dyş­la­ry­na gö­rä, ata­sy şat­lyk­dan gö­zü­ne ýaş aý­lap, at­dan sy­ry­gyp dü­şen og­lu­ny gu­jak­lap, şeý­le di­ýip­dir: “Og­lum, özü­ňe şa­lyk göz­le, çün­ki Ma­ke­do­ni­ýa sa­ňa ju­da ki­çi bol­ýar!”.


çeşme: Zaman Türkmenistan
24
84
manolya
15.05.2024 20:29
Nikah memurum....hekaya

Nikah memuru sordu : "İyi we kötü günde, hastalikta we saglikta eşiniz olarak kabul ediyor musunuz ?"
Ýüzüm kizarmişti , birden aklima ilk aşkim geldi ....Geçirdigim o güzle günler
film şeridi gibi geçti gözümün önünden..
Evet onu hala çok seviyordum fakat onun bana armagani ,beni en yakin arkadaşimla aldatmiş olmasiydi..
Nikäh memuru tekrar sordu :"Evlenmek istiyormusunuz ?"
Gözlerimden buz parçalarinin döküldügünü fark ettim , sanki beni anliyormuş gibi nikah memurunun da gözleri dolmuştu ,ýüzüme bakarak yine sordu .

Salon büýük bir sessizlige büründü, herkes sevinçten agladigimi saniyordu
aslinda kimse bilmiyordu ilk aşkimin
nikah memurum oldugunu ....

hekaya...
26
79
manolya
15.05.2024 17:19
Bir gözleri sûrmeli,

Ýykylawer ,garly dagyň ardyna,
Aşyp gider bir gözleri sürmeli,
Jenneti-aglada bir gül açylmyş,
Müşkün seçer bir gözleri sürmeli,

Guty kütük ýanmyýynça tütärmi ?
Ak gerdende syýa meňler bitermi ,
Wagty gelmeýinçe bilbil ötermi,
Öter gider bir gözleri sürmeli,

Deňiz kenarynda biten hurmany,
Öňbaşçy ederler telli durnany,
Ak göwsüň üstünde ilik -düwmäni,
Düzüp gider bir gözleri sürmeli,

Garajaoglan, gan edäýer kastyna,
Salam eýläň ýaranyna -dostuna,
Sandal tümen ak topugyň üstüne,
Düwer gider bir gözleri sürmeli .

Garajaoglan
23
35
manolya
15.05.2024 13:23
Hakyda.

Seni ýatlap bir zat ýazasym geldi,
Ah senli günlere dolandy hyýal,
Öňler joşup -joşup, goşgy ýazýardym,
İndem aglap otyr elimde syýam.

Gözlem bir nokatda ,oýlanýan ýene,
Ýa, meň sada söýgim dälmidi aýan ?
Seniň pynhan sözleň , syrly bakyşlaň.
Seniň çyn söýgiňi edýärdi beýan.

Ýa ,takdyry şeýlemikä duýgulaň,
Neçüýn myrat tapmadyka yhlasym ?!Ýeke jaýlap öz duýgymy gursaga,
Ýeke tutdum şu güne çen oň ýasyn,

Ýeke aglamaklyk hasam ejirli,
Erbet eken hiç kim bermese hä -sin,
'Geçeni geçdi bil ' diýýän ýürege,
Diýýär 'Wah , düşünýän aýdarsyň näsin ?!

Senli ýatlamalam günüme goýman,
Ýene saňa alyp gitdi hyýallar,
Demir ganat baglap uçanda näme ,
Saňa tarap äkitmese bu ýollar.

Sädi Sädiýew
30
63
manolya
15.05.2024 08:04
Ýolum baglama..

Kadyr Möwlam, bir dilegim bar senden,
Muhannes guluňa mätäç eýleme !.
Jenneti -aglany nesip et maňa !
Syrat köprüsinde ýolum baglama.

Gapymyza gara düýe çökünçä,
Pitneçiler bu älemi ýykynça,
Jähenneme gul seçilip çykynça,
Kadyr Möwlam ,ol gullardan eýleme

Kadyr Möwlam, ataş atma özüme,
Dünýä maly görünmeýär gôzüme,
Kadyr Möwlam, sen bak meniň ýüzüme,
Jähennemiň ataşyna daglama,

Garajaoglan ,hata çykmaz dilimden
Gojaldym-la ,haýyr gelmez elimden,
Kadyr Möwlam asyl geçmez gulundan,
Däli Köňül sen ah çekip aglama !

Garajaoglan
27
45