manolya
18.05.2024 18:45
Araňyzda jigisi ýa dogany bilen zadyň üstünde şeýle dawalaşan barmy :)

Doganlaryma

Bir göwüsden ak süýt emdik,
Bir gujakda ulaldyk biz,
Edil düýnem çagajykdyk,
Ýer ýarygna gülerdik biz.

Ynha bu gün boýlar derek,
Goýalypdyr aň huşuňyz,
Miltim kem akyl bermäge,
Menem siziň deň-duşuňyz,

Şonda-da men köpräk iýdim,
Bir çöregi size deňiç,
Biz döwümi köp iýsede,
Türkmen ag:a uly ýeňiş.

Akylam däl,nakylam däl,
Berk saklalyň gatnaşygy,
Ganyp ataň öwgüsinden,
Alyp enäň alkyşyny.

Çetleşmäli halaýykdan,
İle-güne garylaly,
Ula hormat, kiçä sylag,
Gep gybatdan goranaly,

Agramymyz ýere düşsün,
Ýük bolmaly özgeler.
Owal Hudaý, azaýsagam,
Ýer goýalyly özgerere.

Biziň üçin başyn sallap,
Peder ýeri gorkuzmasyn,
Ömür beslensin halala,
Haram ysy bark urmasyn,

Bir göwreden dünýä indik,
Bir ýere-de, barmaly biz,
Mele ýeriň üstünde-de ,
Bir asfaltdan ýörmeli biz.

Kerim Hallyýew
27
131
manolya
19 May 2024
@zina, 😊
zina
19 May 2024
Bir agam bar kici wagtymyz şonyalydyk bizem
manolya
19 May 2024
flowers_
18 May 2024
Suraty😁
Tayler
18 May 2024
Ýadyma düşenok🙃
asking
18 May 2024
@manolya,👍😊🙂
manolya
18 May 2024
@asking, 3 jigim bar 🙂 menem oňuşýan çaga wagtyny aýdypdym ...))
asking
18 May 2024
Mende iki jigim bar ikisi bilenem gowy oňuşyas 🙂
manolya
18 May 2024
@Serwi, ýagdaýyňy soramak ýatdan çykypdyr...huşum gursyn 🙄 ..oňatmyň ?!geň görme
manolya
18 May 2024
@Serwi, 🙆😁gowy gowy))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.