https://owrenmeli.app/68281-busefal.html#comment
manolya
16.05.2024 13:08
Busefal -Aleksandryň aty
Busefal, Bukefal ýa-da Bugahal (grekçe sözme-söz “öküzkelleli”) biziň eýýamymyzdan öň 355-326-njy ýyllar töweregi – Aleksandr Makedonskiniň söýgüli atydyr. Onuň adyna dürli-dürli düşündiriş beripdirler. Käbir maglumatlara görä, ol has beýik bolup, kellesi hem öküziň kellesine çalymdaş bolupdyr. Beýleki bir maglumata görä, onuň reňki gara bolup, göni maňlaýyndaky ak hal ony buga meňzedipdir. Başga bir rowaýata görä bolsa, Busefal kellesindäki şaha meňzeş süňk ösüntgisi sebäpli bu ada eýe bolupdyr.
Gadymy awtorlar Busefalyň berberiý atyndan we fessaliý baýtalyndan gelip çykandygyny belläp geçýärler. Ol 25 ýyl, başga bir çeşmä görä bolsa, 30 ýyl ýaşapdyr. Dünýä belli syýahatçy Marko Polonyň Badahşana syýahaty döwründe ýazan ýazgylaryna görä, Busefal Nusaý atlaryna degişli bolup, gözüniň üstündäki süňk ösüntgisi onuň esasy aýratynlygy bolupdyr. Şeýle hem Marko Polo Busefalyň Aziýanyň iň gowy atlarynyň urug başydygyny tassyklaýar.
Bu aty Makedon şasy Filippe fessalili söwdagär Filonik şol döwrüň ägirt uly bahasyna 13 talanta (çen bilen 340 kilogram kümüşe) hödürläpdir. Kesir ata hiç kimiň baş öwredip bilmänligine görä, şa satyn almakdan ýüz dönderipdir, ýöne Aleksandr baş öwredip bilmese hem tölemegi söz beripdir. Plutarhyň ýazmagyna görä, Aleksandr Makedonskiý 10 ýaşyndaka özdiýenli 11 ýaşly ata baş öwreden ýeke-täk adam bolupdyr.
Bu barada Plutarh şeýle ýazýar: “Aleksandr dessine ata tarap ýüwrüp baryp, oňa uýan geýdirýär we tumşugyny güne tutýar; görnüşine görä, ol öz öňündäki hereket edýän kölegäni görüp atyň ürkýändigini aňan bolmaly. Aleksandr birnäçe wagtlap eli bilen sypalap, at bilen birlikde gapdalyndan ylgaýar. Ol Busefalyň köşeşendigini aňyp, demini dürseýär we ýapynjasyny taşlap, ýeňillik bilen ata böküp münýär. Ilki bilen jylawy çalaja çekip, Busefala zyýan ýetirmän ony saklaýar. Haçan-da, Aleksandr atyň gylygynyň hiç hili howp abandyrmaýandygyny, onuň öňe okdurylýandygyny görüp, ony öz erkine goýberýär we hatda gaty gygyryp debsiläp gyssaýar. Filipp we onuň emeldarlary howsala düşüp dymýarlar, ýöne Aleksandr aty kada görä, buýsanç bilen yzyna öwrüp, olara tarap gönügende, hemmeler şowhun bilen gygyryşyp başlaýar. Aýdyşlaryna görä, atasy şatlykdan gözüne ýaş aýlap, atdan syrygyp düşen ogluny gujaklap, şeýle diýipdir: “Oglum, özüňe şalyk gözle, çünki Makedoniýa saňa juda kiçi bolýar!”.
çeşme: Zaman Türkmenistan
24
84