manolya
30.11.2023 15:07
Nas atan.
Göýä bu dünýäge, geldiň, gelmediň,
Kül ýygar sen mydam işiň, nas atan.
Şerigat ýolundan habar almadyň,
Galar dowzah içre läşiň, nas atan.
Temmäki diýp her işige ýortar sen,
Çala owup, üç mysgaldan tartar sen,
Bir sümgürip, ýanbaşyňa sürter sen,
Haram bolar üst-u başyň nas atan.
Namaza duraňda, üstüňe akar,
Anýň üçin müň ýyl dowzahda ýakar,
“Weýl” diýgen jaýda tütüniň çykar,
kabul bolmaz gözde ýaşyň, nas atan.
Ýagşy-ýaman eden işin “hak eder”,
Nas atanlar galampurun çak eder,
Akar durar, üsti-başyň poh eder,
Senden gaçar deni-duşuň, nas atan.
Gözüňi ýaşardyp, mähriň gandyrar,
Gelse humar, imanyňy ýandyrar,
Tagam iýseň, tabagyňy doldurar,
Murdar bolar içen aşyň, nas atan.
Her adamy görseň, gizläp gaçar sen,
Burnuňdam dem gelmez, agzyň açar sen,
Keýpi gelse, ogul-gyzdan geçer sen,
Haýran bolar oba-goňşyň, nas atan.
Kyrkyňa baraňda, beýniňe çykar,
Bu şirin janyňy dowzahda ýakar,
Çakjaňy ot eýläp, burnuňa dakar,
Zehmiňden döküler dişiň, nas atan.
Magtymguly, ölenden soň bilerler,
Jynaza okamaý, burnuň dilerler,
Sakar diýgen jaýa seni salarlar,
Nara döner içiň-daşyň, nas atan.
Çilimkeş
Hak seni raýyňa goýmuş jahanda,
Ede bileniň et munda, çilimkeş!
Diwan gurlan güni hasap jaýynda,
Jowabyň nämedir anda, çilimkeş!
Kuwwatyň kemelder, güýjüň az durar,
Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,
Süňňüňü syzdyrar, etiň gyzdyrar,
Bir nyşana budur sende, çilimkeş!
El götergil beýle nähak talaşdan,
Puluň köýer, içiň ýanar bu işden,
Erte garnyň doldurarlar araşdan,
Zähmi çykmaz, galar janda, çilimkeş!
İki dünýä ýagşylyk ýok egriýe,
Kişi bolsaň, gadam goýgul dogruýa,
Binamaza, gybatkeşe, ogruýa
Ýoldaş bolar yowuz günde çilimkeş!
Magtymguly, möwlam jandan ýakyndyr,
Çilim bir şor suwdur, ten bir zemindir,
İman bir tilkidir, göwre bir hindir,
Tilki tüssä dözmez hinde, çilimkeş!
@Magtymguly_Pyragy.
36
49
manolya
30.11.2023 00:56
Ýigit gördim.
Egni ýaşyl gombinzoly,
Işe baran ýigit gördim,
Maşyn bilen gök meýdany,
Otap ýören ýigit gördim.
Agşamara işden gaýdyp,
Bir gyz hakda aýdym aýdyp,
Görýän adam ýokdyr öýdüp,
Baga girýän ýigit gördim,
Ýap boýundan gele-gele,
Alma ýygýan bir gözele,
"Bir alma ber eliň bile"!
Diýip duran ýigit gördim.
"Hany ,oglan,daşda gez-le,
Diýjek sözüň bilip sözle ,
Alma aljagňy daşda gözle"!
Diỳlip duran ýigit gördüm
Eşdip gyzyň jogabyny,
Ýitirip öňki tabyny,
Syryp kolhozyň ýabyny,
Öýne ugran ýigit gördim.
Şo günden soň her duşamda,
Salamlaşyp,gep goşamda,
Oturşamda ,turuşamda,
Tukat ýören ýigit gördim....
Aýlar geçip ,ýyllar geçip.
Duşdum ýene ýolup düşüp,
Bir almany deň böleşip,
Iýip duran ýigit gördim.
@Kerim_Gurbannepesow.
36
113
manolya
28.11.2023 19:23
Ýaponlaryň maslahat berýän sarymsakly çaýy.
Ysy sebäpli iýmekden saklanýan sarymsak, tebigy antibiotikdir. Bişirilen we çig görnüşde sarp edilýän, şeýle hem çaý hökmünde ulanylýan sarymsakda baý witaminler we minerallar, antioksidant häsiýetleri bar .Sarymsak çaýynyň peýdasy näme?
Immunitetini güýçlendirýän, ýokary gan basyşyny deňleşdirýän, iýmit siňdirişini ýeňilleşdirýän, gan aýlanyşyny çaltlaşdyrýan we holesteriniň derejesini peseldýän sarymsagyň peýdalary sansyzdyr,köpdür.
Naharlara tagam goşýan sarymsak, birnäçe ýönekeý, ýöne peýdaly ösümlikleriň gatnaşmagy bilen metabolizmi çaltlaşdyrýanlygy sebäpli, keseliň garşysyna göreşýän çaýa öwrülip biler.
● Sarymsakly çaýyň taýýarlanyşy :Täze zenjefil ýa-da guradylan zenjefil, sarymsak, limon suwy, bal.
4-5 barmak ululygyndaky täze ýa-da guradylan zenjefiliň böleklerini 2 stakan gaýnag suwa salyň we takmynan 6 minut gaýnadyň.Soňra garyndynyň içine 2 sany uly ýa-da 3 sany ownuk sarymsagy ownuk gyrgyçdan geçirmeli.
Ýarym çaý çemçesi täze gysylan limon suwuny goşuň. Sowandan soň, 2 sany ownuk kofe çemçe bal goşup, süýjediň.
●Her gün irden we agşam bir kiçi stakan
ýag ýakýan sarymsak çaýyny içiň. Gaty aç ýa-da gaty doýanyňyzda sarymsak çaýyny içmeli däl.
Minerallar we witaminler taýdan gymmatly ösümlik bolan üç sany sarymsak
B6 witamininiň 6% -i,
C witamine 5%,
Kalsiý zerurlygynyň 2% -i
Demir zerurlygynyň 1% -ini kanagatlandyrýar.
terjime edilen, ýalňyş ýeri bolsa ötünç soraýan.
29
161
manolya
28.11.2023 13:37
Ginnesiň rekordlar kitabynyň arasyndaky
Taýson atly 39,09 kilogram hindi towugy.
1989-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Angliýanyň London şäherinde iň agyr hindi bäsleşigi geçirildi. Gynansagam, bu bäsleşik indiki ýyllarda gaýtalanmady. Gowy geýnen uly erkek hindi towugy, şol gün Piterboro şäherindäki “Leacroft Turkeys Ltd” kompaniýasynyň Filip Kuk tarapyndan getirildi.
Bu hindi towugynyň ady Taýsondy, agramy 39.09 kilograma ýetdi. Bu ägirt jandar ortaça iki uly adam aýagynyň ýa-da iki 4 ýaşly iki çaga deňdi.
Bäsleşigiň çempiony Taýson rekord bahasy 4,400 funt sterlinge haýyr-sahawat üçin auksiona çykaryldy.
Taýson hakykatdanam ägirt uly dünýä çempiony bolsa-da, ABŞ-da awçylar haýran galdyryjy käbir hindi towuklaryna duş gelýärler, hatda bu ýazga ýakyn bolmasa-da. Mysal üçin, 2006-njy ýylda Jorj Connors tarapyndan tutulan “Merriam” hindi towugynyň agramy 14.32 kilograma ýetdi. 2002-nji ýylda Oregonda atylan Rio Grande hindi towugynyň agramy 16,84 kilogram boldy. Iň soňunda, 2015-nji ýylda Kentukki ştatynyň Lion şäherinde Deýwid Kody tarapyndan atylan gündogar hindi towugynyň agramy 17.06 kilograma ýetdi.
Terjime edilen ,ýalňyşlyk bar bolsa ötünç soraýan !
34
190