manolya
27.11.2023 19:11
Sürüji özüni ýolagçy diýip polisiýany ynandyrmakçy boldy.

Gazagystanyň Kostanaý oblastynda polisiýa serhoş sürüjini saklady, ol ýol gözegçiliginiň işgärlerini özüni sürüji däl-de, ýolagçy diýip, aldamakçy boldy diýip, «GazTAG» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

«Mercedes» ulagly 34 ýaşly sürüji Tobyl şäherinde polisiýa saklanda, ruluň başyndady, ol serhoş ekeni, dessine gapdaldaky ýolagçy üçin orna geçdi we özüni ýolagçy diýip, ynandyrmakçy boldy. Emma ulagda ondan başda hiç kim ýokdy.

Polisiýa işgärleri ony serhoş wagty ulag dolandyrandygy üçin jenaýat jogapkärçiligine çekdiler. Kazyýet oňa 20 günlük tussaglyk belledi. «Degişgen» sürüjiniň «Mercedes-Benz» awtoulagyny elinden alyp, ýörite duralgada goýdular.
37
257
yasyl
28 Noýabr 2023
Samsyk kim ynanar beytse
tmyigit76
27 Noýabr 2023
@mawy, ☺️👍🏻
tmyigit76
27 Noýabr 2023
@mawy, ýokla. Ýöne
gulshatayewa97
27 Noýabr 2023
Serhoşam bolsa kelle gowy işläpdir
altyyeva
27 Noýabr 2023
😅😅😅😅
aglar
27 Noýabr 2023
@mawy, wi gen goraymeli
aglar
27 Noýabr 2023
Wi ozunden başga adam yok bolsa nadip ynandyrjak boldukan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.