manolya
28.11.2023 19:23
Ýaponlaryň maslahat berýän sarymsakly çaýy.

Ysy sebäpli iýmekden saklanýan sarymsak, tebigy antibiotikdir. Bişirilen we çig görnüşde sarp edilýän, şeýle hem çaý hökmünde ulanylýan sarymsakda baý witaminler we minerallar, antioksidant häsiýetleri bar .Sarymsak çaýynyň peýdasy näme?
Immunitetini güýçlendirýän, ýokary gan basyşyny deňleşdirýän, iýmit siňdirişini ýeňilleşdirýän, gan aýlanyşyny çaltlaşdyrýan we holesteriniň derejesini peseldýän sarymsagyň peýdalary sansyzdyr,köpdür.
Naharlara tagam goşýan sarymsak, birnäçe ýönekeý, ýöne peýdaly ösümlikleriň gatnaşmagy bilen metabolizmi çaltlaşdyrýanlygy sebäpli, keseliň garşysyna göreşýän çaýa öwrülip biler.
● Sarymsakly çaýyň taýýarlanyşy :Täze zenjefil ýa-da guradylan zenjefil, sarymsak, limon suwy, bal.
4-5 barmak ululygyndaky täze ýa-da guradylan zenjefiliň böleklerini 2 stakan gaýnag suwa salyň we takmynan 6 minut gaýnadyň.Soňra garyndynyň içine 2 sany uly ýa-da 3 sany ownuk sarymsagy ownuk gyrgyçdan geçirmeli.
Ýarym çaý çemçesi täze gysylan limon suwuny goşuň. Sowandan soň, 2 sany ownuk kofe çemçe bal goşup, süýjediň.

●Her gün irden we agşam bir kiçi stakan
ýag ýakýan sarymsak çaýyny içiň. Gaty aç ýa-da gaty doýanyňyzda sarymsak çaýyny içmeli däl.

Minerallar we witaminler taýdan gymmatly ösümlik bolan üç sany sarymsak
B6 witamininiň 6% -i,
C witamine 5%,
Kalsiý zerurlygynyň 2% -i
Demir zerurlygynyň 1% -ini kanagatlandyrýar.

terjime edilen, ýalňyş ýeri bolsa ötünç soraýan.
29
161
yasyl
28 Noýabr 2023
,esidipdim on kop keselleri bejeryar
rousey
28 Noýabr 2023
@mawy, mnm
rousey
28 Noýabr 2023
@mawy, oooffff baly cay bal bolardy 🍯
atakulyyewa_humay
28 Noýabr 2023
@mawy, beter gowy) barlap gör)
rousey
28 Noýabr 2023
@mawy, 😁😁
tmyigit76
28 Noýabr 2023
@geldiyevna, goýup bileňokmy sen
tmyigit76
28 Noýabr 2023
@geldiyevna, nätdiňäý. Nämäň naruşeniýasyka. Men bu gün 2 post goýupduryn. Şondan goýulmaýan eken.
tmyigit76
28 Noýabr 2023
Men post goýup bilemok. Näme üçinkä. Bilýän ýokmy?
tmyigit76
28 Noýabr 2023
@mawy, gitjek wagtyň goýmalymy ony😅
tmyigit76
28 Noýabr 2023
@mawy, goý goý. Postlaňam tüweleme hili gowulaşyp barýa ⭐ bolansoň
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.