manolya
09.12.2023 00:17
"!"

Ýalňyzlyga sowgat etdim wagtymam,
Ykbalyma undylmajak paý berdim.
Tanyşsyz, tölegsiz ýöne mugtuna
Senden geljek gussalara jaý berdim.

Uly-uly umytlara beslenen,
Gerekmidi beýle şowsuz jemleme?!
Içimden gygyrjak uly ses bilen:
"Ýok bol diýjek, güm bol diýjek"
Diňleme!

Ter duýgylar ilkibaşda paşyrdar,
Berleni al, ýetmedigňe uzanma!
Ünsüň sowma kalbymdaky pyşyrda,
Goşgudyr öýtmegin entek ýazanma.

Gara maňlaý gündizlerem görülmez,
Zat gözleme geçmişdäki köwükden.
Ýürek gap däl.
Döwler, emma zyňylmaz!
Sungat edip bolýar - döwük-döwükden...

@Ylham_Gurbanalyýew.
32
91
manolya
08.12.2023 23:16
Bizi üzeni biz üzemiyoruz...
Buda peygamber sunneti işte..🍃🍃

................🍃..............

Kirilmiş kalbin hesabi..bu dünyaya agir gelir..

.....Hz,Mewlana..🍃..
33
31
manolya
08.12.2023 20:19
Çok farkliydik işte...
Sen gülü severdin...
Ben ise gülüşünü...
32
404
manolya
08.12.2023 10:41
GEL, HASAPLY BOLALY!
Gel, hasaply bolaly!
Goý, uzaga gitsin täsin duýgular.
Öwrendim men söýgiň kadalaryny,
Eýýäm oňa bolup barýan uýgunam.
Gerek muny duýmagyň.

Gel, hasaply bolaly!
Gijeleri çirim etmän geçirdim:
Seň zaryňy çekip, gaýtalap adyň,
Oňa derek has uly bagt eçil sen.

Geçir sen yşkymy kalbyň törüne,
Öçür eger şonda söýgi barmasa.
Indi öwezini söýülen günleň,
Söýgi bilen doldurmaga alňasa.

Gel, hasaply bolaly!
Emma şatlygymyz bolsun hasapsyz.
Meniň arzuwlarmy geçir durmuşa,
Hyýalymda bagtly geljek ýasapdym.

Zyýany ýok, zeýren kejirligimden,
Ejizje ýüregim mätäç goraga.
Gel, hasaply bolaly!
Ýöne meniň senden birje haýyşym,
Seni niçik söýýänimi sorama.

Altyngözel AMANMÄMMEDOWA,
32
119
manolya
07.12.2023 21:45
MEN SENIŇ DÜNÝÄŇDE GALASYM GELÝÄR

Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Hem ganasym gelýär yssy mähriňden.
Öçügsi umytlam biraz janlanýar,
«Seni ýitirmerin» diýen ähtiňden.

Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Ornaşasym gelýär seniň ýadyňa.
Sen bolmasaň kim ýetişer, ezizim,
Duman örten duýgularmyň dadyna?

Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Duýdurasym gelýär bir ýerde barym.
Hem aýdasym gelýär Aýyň astynda,
Hiç kese dözmedik sözlermiň baryn.

Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Mende göwnüň ýokdugyny bilsem-de.
Ýöne garaş. Bir gün sensiz günleriň
Perdesini ahyrsoňy böwserin-de,
Ýaşaryn söýgini süňňüme öwrüp,
Her eşdemde howsalamy artdyran—
adyň ýöňkemede menlige öwrüp.


Altyngözel Amanmämmedowa.
31
151
manolya
07.12.2023 13:01
Okamak- bilim öwrenmekdir.
Bilim -özüňi bilmekdir.
Sen özüňi bilmeseň,bu neneňsi okamakdyr...

...@Ýunus Emre..

Içgin synla ,köp diňle ,az tankytla,köp sorag sora...

...
@Eflatun..

Ynsanyň hakyky baýlygy özündedir...

@W,E Channing

Sözüň ähmiýeti sözleýäniň dogry usul bilen sözlemegine we diňleýäniň hem bu sözden
peýdalanyp bilşine baglydyr...

...@Aristotel..

Kimi sabrindan susar...
Kimi saygisindan..
Kimi-de sevgisinden.

@Hz.Mewlana...
32
132
manolya
06.12.2023 14:14
Islegimiz bar !
Emma islegimize görä gaýrat ýok....
35
164
manolya
05.12.2023 19:49
Adamlar öz eden uly günälerini torbasyna salar...
Seniň eden kiçijek ýalňyşyňy diwara asar...

..Ýunus Emre..
41
126
manolya
05.12.2023 12:44
Hemmekişi wagty geler öýdýär..
ýöne wagt diňe gidýär..
36
69
manolya
04.12.2023 17:09
Öz arzuwlaryňy durmuşa geçir..
Bolmasa aýlyk üçin başgalaryň arzuwyny
durmuş geçirersiň...
27
74