manolya
08.12.2023 10:41
GEL, HASAPLY BOLALY!
Gel, hasaply bolaly!
Goý, uzaga gitsin täsin duýgular.
Öwrendim men söýgiň kadalaryny,
Eýýäm oňa bolup barýan uýgunam.
Gerek muny duýmagyň.

Gel, hasaply bolaly!
Gijeleri çirim etmän geçirdim:
Seň zaryňy çekip, gaýtalap adyň,
Oňa derek has uly bagt eçil sen.

Geçir sen yşkymy kalbyň törüne,
Öçür eger şonda söýgi barmasa.
Indi öwezini söýülen günleň,
Söýgi bilen doldurmaga alňasa.

Gel, hasaply bolaly!
Emma şatlygymyz bolsun hasapsyz.
Meniň arzuwlarmy geçir durmuşa,
Hyýalymda bagtly geljek ýasapdym.

Zyýany ýok, zeýren kejirligimden,
Ejizje ýüregim mätäç goraga.
Gel, hasaply bolaly!
Ýöne meniň senden birje haýyşym,
Seni niçik söýýänimi sorama.

Altyngözel AMANMÄMMEDOWA,
32
119
rousey
8 Dekabr 2023
@gg06, howesjen bolmasan 1
myrataly_
8 Dekabr 2023
@mawy, Şolar ŷaly
myrataly_
8 Dekabr 2023
@mawy, hawa,aŷdyshymdan has betterak
myrataly_
8 Dekabr 2023
@mawy, Salam. Profil suratyn bir soz bn aydamda "awful"
gurbanspr
8 Dekabr 2023
@mawy, Menä, esasan, Gurbannazar Ezizow bilen Kerim Hallyny halaýan.
gurbanspr
8 Dekabr 2023
@mawy, Hawa gördüm goşgy gaty gowy eken
gurbanspr
8 Dekabr 2023
@mawy, super👍 👍 👍
sabyrly
8 Dekabr 2023
👍❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.